Bu günki Eýranyñ çygrynda Türkmensärada (Gönorta Türkmenistanda) ýaşaýan Türkmen milletiniñ Birleşen Milletler Guramasyna ýüz tutmasy.

 

BMG-niñ başlygy hormatly jenab Kofi Annan, dünýä döwletleriniñ hormatly wekilleri, hormatly ynsan haklaryny goraýjylar!

 

Ynsan haklaryny gödek bozmakda ýakasyny tanadanlygyny hem-de Eýrandaky pars bolmadyk uluslara garşy alyp barýan milli zulumlaryny göz öñünde tutmak bilen, Tähranyñ rasistik hem yzagalak režimini ençeme gezek ýazgaranyñyz üin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris. Şonuñ ýaly-da 2-3 milýonlyk milletimiziñ ajy hem agyr ýagdaýyna dykgatyñyzy çekmek bilen, Eýrandaky pars bolmadyk milletleriñ düýbünden ýok edilmek pajygasynyñ öñüni almak ugraunda has täsirli hem yzagoýulmaz çäreleri durmuşa geçirmegiñizi haýyş edýäris.

5,000 ýyldan agdyk dokumental taryhy bolan türkmen milleti, garaşsyz Türkmenistany, bu günki Eýran çägine düşen Türkmensährany we demirgazyk Owganystanyñ bir bölegini öz içine alýan gadymy Ata Watanynda taryh boýy parahatsöýüjilik bilen medeniýetli ýaşap geldi. Taryhy, arheologik we antropolotik barlaglaryñ netijesi biziñ ata-babalarymyzyñ Änew, Altyndepe we Marguş ýaly dünýäniñ irki medeniyetleriniñ döredijileri bolandyklaryny subut edýär. Şeýle parlak geçmişe eýe bolan ulusymyz merkezi Eýran režiminiñ basgylaryna garamazdan öz içinde dünýäniñ demokratik prinsiplerine laýyklykda ýaşaýar we her hili rasizmden ve dini fondamentalizden gaty uzakdyrlar. Ylaýta-da türkmen hanymlarynyñ hak-hukugy dünýäniñ modern stndardlaryna uýgundyr.

Gynansak-da 18-19njy asyrlarda dünýäniñ geo-siýasy şertleriniñ biziñ ýurtlarymyza oñaýsyz täsir etmegi, ylaýta-da Orta-Asýanyñ Orsýet bilen Iñlisiñ arasynda paýlaşylmagy üçin ýüz beren ganly söweşlerden soñ Türkmen milletiniñ-de taryhy hem kanuny topragy parçalandy.1881-nji ýylyñ septambr aýynda öz aralarynda ylalaşyp biziñ başymyza salynanAhalşertnamasynyñ netijesinde basylyp alynan ýurdumyz, Orsýediñ, Gajar häkimiýetiniñ (häzirki Eýranyñ) we Owganystanyñ arasynda üçe bölündi. Emma biziñ milletimiz bu bölünmäni ykrar etmedi we 1925-nji ýyla çenli, ýagny Türkmensähranyñ Yrzaşa tarapyndan basylyp alnynça, bir bütewi millet we toprak hökmünde öz ýaşaýşyny dowam etdirdi.

Basybalyjylar 1926-njy Septambrda Astyrabatdan (häzirki Gürgenden) Tährana iberen hatlarynda, ýesir düşen milletimiziñ geljegki ykbaly üçin planlaşdyrylan şum çärelerini ap-açyk beýan edýärler. Bu hat 933 san bilen Tähranyñ içeri işler ministirliginde, gizli dokumentleriñ arasynda saklanýardy we onuñ kopisi bolsa, soñky ýyllarda çykan bir kitaplarda bar. Biziñ milletimiziñ adyçölüñ zyýanly mör-möjekleri!“ diýip tutulýan bu hatda aşakdaky ýaly setirlere gabat gelýäris:

„300,000 ilat ýaşaýan bu giñ särada pars dilini bilýän 200 adam-da tapylmaýar, emma azyndan 1,000 maşgala ors dilini örän oñat bilýärlerindi bu wahşy hem çapawulçy jemendäni ;dilini we däp-dessuryny; ýok edip, ýerine ;pars dil we medeniýetini; ýerleşdirmek arkaly bu wahşylardan medeniýetli ynsanlar döretmelidir!!“.

Bu taryhy dokumentden ap-açyk belli bolşuna görä şol taryhda Türkmenhährada hatda yekeje pars maşgalasy-da ýaşamandyr. Türkmenler bolsa Hazar deñizi hem gara ýollar arkaly Orsýet we beýleki Ýewropa ýurtlary bilen söwda we medeni gatnaşyklarda bolupdyrlar.

Aradan geçen 80 ýyl dowamynda Tähranyñ pars rasizmine esaslanan diktator režimleri, yokarda planlaşdyrylanMedeni genosithem-de milletimizi yok etmek çäreleri milýardlarça pul harçlamak arkaly durmuşa geçirdiler we geçirýärler. Bu geçirilen wahşyçylykly çäreleriñ howply netijelerinden birnäçesine siziñ dykgatyñyzy çekýäris:

 

1-      Biziñ mukaddes hasaplaýan we milli barlygymyzyñ düýp maýasy hem esasy bolan milli ene dilimizi elhenç ýagdaýda kemsidilmek bilen ýok edip, ýerine zor bilen dünýä möçberinde onçakly bahasy bolmadyk pars dilini ýerleşdirilmegiñ netijesinde müñ ýyllaryñ önümi bolan dilimize ýitip gitmek howpy abanýar. Bu wahşyçylykly hem gödek syýasat, häzirki yslam režiminde has-da rehimsiz ýagdaýda dowam etdirilýär. Hatda resmi hatlar ibermek arkaly türkmen maşgalalary öýlerinde-de parsça gepleşmäge mejbur edýärler.

2-      Biziñ ekin we öri meýdanlarymyzyñ takminan %90-y zor bilen elimizden alynyp, apartaýt siýasaty bilen başga ýerlerden göçürip getirilen gelmişeklere berildi. Netijede her bir türkmen obasy bir we hatda iki türkmen bolmadyk gelmişekleriñ obalary bilen gabalandy.

3-      Biziñ milli we mukaddes gymmatlyklarymyzy düýbünden ýok etmek maksady bilen örän planly ýagdaýda maşgala ojaklarymyzy dargatýarlar. Bu elhenç çäräni durmuşa geçirmek üçin bolsa, ilkinji nobatda geroin ýaly neşe maddalary türkmenleriñ arasynda planly ýagdaýda has giñ hem güýçli ýaýratýarlar. Bu bolsa öz nobatynda garyplyga, we ondan gelip çykýan dürli ahlak bozgunlyklara hem-de maşgala düzgünleriniñ bozulup dargamagyna alyp barýar.

4-      Döwlet edaralaryñ başynda diñe parslary we parslaşan dikmeleri oturtmak arkaly, bu edaralara ýüz tutýan türkmenleri ikinji adam hökmünde dowamly kemsidip wyždan azabyna uçratýarlar. Bu bolsa milli elinasýon we göwniçökgünlige alyp barýar.

5-      Türkmensähranyñ ähli döwlete degişli we ýa ýarym döwlet ýerlerine türkmenler alynmaýar we ýa gaty seýrek alynýar. Bu siýasat arkaly türkmen ýaşlary gözleginde pars şäherlerine göçüp gitmäge we ol ýerlerde ýerleşmek netijesinde öz milli durkuny ýitirip eräp gitmäge mejbur edilýär.

6-      Radio, telewizýon, gazýet-jurnallar ýaly umumy gatnaşyk serişdelerde pars bolmadyk halklara garşy her günde diýen ýaly elhenç we ýigrenji usullar bilen kemsidiji we masgaralaýjy gepleşikler alnyp barylýar hem makalalar ýazylýar,  ýañy ýakynda hem türki halklary gaty kemsidiji mazmunly bir çagalar filmini efire berdiler. Bu rasistik çäre bilen, bir tarapdan günäsiz pars çagalarynyñ beýnisinde türklere garşy ýigrenç, başga bir tarapdan bolsa günäsiz türk çagalarynyñ beýnisinde elinasýon we özüni inkär etmek duýgusuny döredýärler

7-      Geçen 25 ýylyñ dowamynda biziñ köp sanly öz milletine buýsanýan, azat pikirli demokrat adamlarymyz dürli şüpheli ýollar bilen aradan çykdylar. Mysal üçin: şüpheli maşyn çagyşma we ýoldan çykma hadysalary, obalardan motorsiklet bilen şähere gelýänleriñ ýollarda şüpheli duzaklara düşüp ölmeleri, türkmen balykçylarynyñ döwletiñ ýaragly güýçleriniñ tarapyndan aç-açan atylyp öldürülmagi wekäbir maglumatlara görä Türkmensärada ilat sanyny kontrol etmek bahanasy bilen, oglan ýataklary aýrylyp emeli ýol bilen önelgesiz edilýän aýallaryñ %90-y türkmenlerden seçilýär!!... bular we bulara meñzeş hadysalar tarapsyz halkara guramalaryñ wekilleriniñ tarapyndan barlanylmalydyr.

 

Hormatly BMG başlygy, hormatly wekiller! Bu hakykatlary göz öñünde tutmak bilen biz:

1: Ösen we demokratik döwletleriñ Tähranyñ yzagalak hem rasist režimine garşy öñe sürülen öñki iki günäniñ, ýagny 1) Medeni taýýarlygy bolmadan ýadro ýaragyny edinmäge dyrjaşmak, 2) Halkara terorizmini maddy we ruhy taýdan goldamaklarynyñ ýanynda üçünji bir hakyky günäni, ýagny 3) Pars bolmadyk milletlere garşy alyp barýanMedeni genosit we milli yok edişgünäsini hem artdyrmagyñyzy,

2: Häzirki Eýranyñ çäginde ýaşaýan pars bolmadyk milletleriñ taryh sahypasyndan hemişelik ýitip gitmek ýaly elhenç hem adamzada utanç bolajk hadysanyñ öñüni almak üçin, has täsirli hem yzagoýulmaz çärelerihalkara ynsan haklarynaesaslanmak arkaly durmuşa geçirmegiñizi ynsanlyk adyna haýyş edýäris.

 

                        Umyt hem añyrbaş hormatlar bilen:

 

1-Türkmen Milli Demokratik Hereketi (Türkmenlik)

      

 www.turkmenlik.org

 

25.MAR.2006