MAGTYMGULY köñle gaýgy getirme!
Bu bir iş wagtydyr özüñi ýitirme!
Sözümi añlan ýok diýp ümsüm
oturma!
Jahan giñdir çendan bilen-de bardyr.
Türkmen Milli-Demokratik Hereketi
(TM-DH)
(türkmenlik)
Türkmen Milli-Demokratik
hereketi, bir ýüzlenme hem-de özüniñ yzarlaýan
maksatlaryny we düşünjelerini orta atmak bilen öz işine
başlaýar.
TM-DH Türkmensährada,
häzirki Eýranyñ syýasy çäginde
ýaşaýan türkmen milletiniñ öz milli azatlygyna
gowuşmagy bilen özüniñ gadymy mukaddes we bereketli
topraklarynda erkana we bol-elin ýaşap bilmegi ugrunda iş alyp
barjak Milli, Graşsyz we Demokratik hereketdir.
Türkmensähra(günorta Türkmenistan),
Hazar deñizinden Aladagyñ demirgazyk we Köpetdagyñ
günorta eteklerine baryp ýetýän giñişligi
öz içine alýan, türkmeniñ gadymy hemde häzirki
toprgynyñ bir bölegidir.
TM-DH öz milli
garaýşlarynyñ esaslary bilen ylalaşyan beýleki
türkmen milli hereketleri, şonuñ ýaly-da milli
şahysyýatlary bilen arkalaşyk etmäge hatda birigip bir milli
gurama öwrülmäge taýýardyr. Şol maksada
ýetmek üçin bolsa, açyk dialog alyp barmaga taýýardygyny
yglan edýär.
TM-DHnyñ ýüzlenmesi:
Hormatly ildeşler,
Bu gün türkmen
milletiniñ uly bir bölegi bolan Türkmensähra türkmenlerine
dilini, däbini ve dini düşünjelerini yitirmek bilen, taryh
sahnasyndan hemişelik ýitip gitmek howpy abanýar.
Ýagny Fars sowonizminin 80 ýyllyk diktatorçylykly
häkimiýýetiniñ netijesinde: Diliniñ, mukaddes
görýän töreleriniñ(däp-dessurlarynyñ),
hatda türkmenliginiñ iñ soñky alamaty bolan milli
egin-eşikleriniñ ýok edilmegi, topraklarynyñ dürli
ýollar bilen ellerinden alynyp göçürip getirilen kesekilere
berilmegi, Türkmensähradaky döwlet işlerini bilkaslaýyn
kesekilere berip türkmen ýaşlaryny bolsa başga pars
şähärlerine iş gözleginde göçüp gitmäge
mejbur edilmegi, türkmenleriñ arasynda neşekeşligi hem-de bu
rasistik planlaryñ netijesinde duçar bolan garyplygyndan
peýdalanyp her hili pyssy-pujurlykdyr ahlaksyzlygy bilkaslaýyn
ýaýradylmagy, Gülüstan adynda welayet döretmek bilen, bir tarapdan
türkmenleri öz ýaşaýan ata watanlarynda azlyk bir
millete öwürmek, beýleki tarapdan bolsa Türkmensäranyñ
taryhy adyny jografiýadan pozup ýok etmek, türkmen
ýer-ýurt hem adam adlaryny aýyryp ýerine pars adlar
goydurmak
we bir söz bilen aýtsak; türkmenler aç-açan bir milli
genosit netijesinde, milli ýşaýşynyñ iñ
soñky demlerini alýarlar. Içerde il arasynda aýdylşy
ýaly: apartaýt syýasaty alyp barýan Tehran
hökümeti Türkmensährany türkmensiz isleýärler.
Şeýle bir gorkunç,
kemsidiji hem elhenç taryhy şertlerde, özüni türkmen
bilýän we türkmenligine guwanyp bilýän ähli
adamlaryñ birleşip, güýçlerini bir ýere toplap bir
maksada ugrukdyrmak bilen bu howply ýagdaýdan gutulmak ugrunda,
döwrümiziñ ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly
hereket etmekligi halkymyzyñ mukaddes arzuwy hökmünde bir milli
wezipedir diýip düşünýäris. Milli azatlygymyzyñ
meselesi nähili we haýsy ýollar bilen çözüljegini
bolsa, bu günki we geljegki taryhy şertler we biziñ hem-de
beýleki zulum astynda ýaşaýan milletleriñ bu
şertlerden peýdalanyp bilmek ukybymyz kesgitlär.
Eýranda milli zulum
astynda ýaşaýan türkleriñ bir parçasy bolan türkmen
milleti, fars rasizmine garşy alnyp barylýan bu milli azad
ediş hereketde ähli milli zuluma garşy göreşýän
milletleriñ (Hororan türkleri, Azerbeýjan türkleri,
Gaşgaylar, Araplar, Buluçlar, Kürtler, Lorlar
) ýanyndadyr we olar
bilen bir hatarda durýar.
Türkmen Milli-Demokratik Hereketiniñ şu güne
çenli öñe sürülen çözgüt ýollaryna garaýşy:
1-Bu günki türkmen milleti we
onuñ ata-babalary müñlerçe ýyl bäri öz ata
watanynda dürli medeniýetler dörödüp ýaşap gelen
halkdyr.Türkmeniñ köki müñlerçe ýyl geçmişe
daýanýan özüne mahsus baý dili, töresi we dini
ynançlary bardyr.
Gynansak-da,Türkmen topragy
soñky 125 ýylyñ dowamynda bolan basybalyjykly
uruşlaryñ we kolonýalistik siýasatlaryñ
netijesinde parçalandy, ýagny Ors kolonýalistik
goşunlarynyñ hem-de Tehran hökümetiniñ her taraply
kömegi bilen ülkämiz basylyp alynandan soñ, olaryñ
arasynda 1881-nji ýylyñ Desambr aýynda baglanyp Ahal
şertnamasy adlandyrylan we ondan soñraky käbir özara
ylalaşyklarynyñ netijesinde
bölündi: häzirki Garaşsyz Türkmenistan jemhuriyeti,
Türkmensähra we Günorta Turkistanyñ bir bölegi (häzirki
Owganystanyñ demirgazyk bölümi). Emma türkmen milleti bu
kolonýalistik şertnamany ykrar etmedi , resmiyete tanamady,
özara gatnaşyklary bolsa bir bitöwi millet hökmünde dowam
etdirdi.Çyzylan araçäkler bolsa diñe kagyz ýüzünde
diýen ýaly galdy. Diñe 1925-nji ýylda haçan-da
Türkmensährada Osman Ahunyñ baştutanlygyndaky milli azad
ediş hereket, kolonýalistleriñ dikmesi bolan
Rezaşanyñ tarapyndan, arbablarynyñ beren mödern
ýaraglaryna daýanmak arkaly ýeñlişe
uçradylandan soñ, häzirki araçäklaer dikeldildi.
Bolup geçen bu taryhy zulum we
ajy hakykat ähli iranda yaşaýan milletleriñ
wekilleriniñ tarapyndan resmiyete tanalmalydyr hem-de her bir türkmen
milli hereketiniñ platformasyna girizilmelidir.
2- Bu güne çenli
Eýrandaky zulum astynda ýaşaýan halklaryñ wekilleriniñ
tarapyndan milli meseläniñ çözgüdi hökmünde iki
ýol orta atyldy:
Birinjisi, häzirki
Eýranyñ siýasy düzüminden çykyp her milletiñ
özi özbaşdak milli döwletini döretmegi. Eger
şeýle ýagdaý öñe gelse, onda Şurewi
dargandan soñ bolşy ýaly, her millet öz ukybyna
görä döwlet gurjagy düşnükli meseledir. Şeýle
bir ýagdayda biziñ (TM-DHniñ) pozisýamyz,
häzirki modern dünýämize uýgunlykda açyk hem demokratik
sistemli bir milli we laik döwlet gurulmakdyr.
Öñe sürülen ikinji
çözgüt bolsa, häzirki Eýranyñ çäginde bir fedral
sistem esasynda her millet öz ýaşaýan topraklarynda
milli hukuklaryna eýe bolmagy. Bilşimiz ýaly
ýurduñ fedral sistemde dolandyrylmagynyñ modern
görnüşleri bu güne çenli dünýäniñ ençeme
ýurtlarynda amala aşyryldy. Bu sistemiñ umumy esaslary
hem-de Eýranyñ şertlerinde bolup biljek
aýratynlyklary hakynda ençeme kitapdyr maklalar ýazyldy we
ýazylýar. Biziñ düşünjämize görä
Eýranyñ taryhy şertlerinde milli meseläniñ bu
sistem bilen çözülmegi diñe aşakdaky iki şertiñ
ýerine ýetirilmegi bilen hakykata öwrülip biler:
A- Fedral sistem häzirki yokardan, pars
bolmadyk milletleri parçalap yok etmek maksady bilen döredilen we
döredilýän jografi bölünşikler esasynda däl-de
eýsem, milletler esasynda we olaryñ ata-baba ýaşap
gelen topraklaryny olaryñ milli çygry hökmünde resmiýete
tanalmagy bilen,
B- Geçen 80 ýylyñ dowamynda,
kolonýalistik siýasatlaryñ netijesinde zulum astynda
ýaşaýan milletlere ýetirilen ähli maddi we ruhy
ziýanlaryñ ödelmegi(jobran edilmegi) we gaýtaryp
berilmegi. Bu bolsa diñe teb-ize mosbät ýagny halklardan
alynan zatlary olara bir näçe ýylyñ dowamynda artykmaç
budjeler sarp edilmegi bilen gaýtarylmagy we 80 ýyllykda
düşen ýaralarynyñ bejerilmegi bilen bolup biler.
Biziñ düşünşimize görä bu islegler 1357-nji
şemsi ýylynda biziñ milletimiziñ tarapyndan bir
agyzdan aýdyñ
şygarlar arkaly yglan edildi. Galyberse-de dünýäniñ
bütin halklarynyñ maddi we ruhy haklarynyñ goralmalydygy,
ähli döwletleriñ tarapyndan ykrar edilen Halkara Ynsan
Haklarynyñ aýry-aýry maddalarynda-da aç-açan yglan
edilipdir. Hut şonuñ üçin hem bu kanuny islegler, her bir milli
hereketiñ platformasyna girizilmelidir.
3- Bulardan soñ
iñ esasy mesele her milletiñ öz ykbalyny özi kesgitlek
hakydyr. Bu hak-da ynsan haklary we beýleki halkara şertnamalarda
doly ykrar edilen meseledir. Bu günki dünýäde demokrasýany
iñ azyndan sözde inkär edýän hiç bir döwlet
ýa siýasy gurama ýok diýen ýalydyr. Aslynda
demokrasýanyñ mazmuny ynsanlaryñ öz ykbalyny
özi kesgitlemek haky dimekdir. Biziñ düşünjämize
görä hiç bir milli hereketiñ, öz halkynyñ bu
hukugyndan geçmäge, ýagny azad-erkin hem garaşsyz
ýaşamak ýaly mukaddes hem demokratik hukugyna göz
ýummaga haky ýokdur.
Türkmen Milli-Demokratik Hereketiniñ daşary
ýurtlarda ýaşaýan türkmenler üçün göz öñünde
tutýan wezipeleri:
1- Biziñ milletimize we
beýleki zulum astynda ýaşaýan halaklara bolýan
wahşyçylykly hem jenaýatkärçilikli basgylary we fars
sowonizmin elhenç keşbini ähli adamzat toplumlarynyñ öñünde
yzygiderli paş edip durmak. Munuñ üçin bolsa başda
Birleşen Milletler Guramasy bolmak bilen ähli halkara siýasy,
jemgiyetçilik, ynsan haklaryny goraýjy guramalardyr jemgiýetlere,
şonuñ ýaly hem demokratik we dünýäde
demokrasýanyñ ýerleşmegini goldaýan döwletleriñ
ýolbaşçylaryna ýüzlenip hatlar ibermeli we olar bilen
gatnaşyklar ýola goýulmalydyr. Bu işi yzygiderli alyp
barar ýaly bar güýjümizi bir ýerik we bir maksat üçin
birikdirmelidirler.
2- Içerde bolup
geçýän ähli milli hereketleri goldamalidir. Şonuñ
ýaly-da üstüne howp abanýan syýasy aktivistlerimizi
halkara guramalaryñ üsti bilen goramalydyrlar.
3- Daşary
ýurtlardaky beýleki zulum astynda ýaşaýan
halklaryñ wekilleri bilen çykalga ýollary tapmak hem-de olar
bilen bilelikde hereket etmek ugrunda yzygiderli arkalaşyk etmelidirler.
Türkmen Milli-Demokratik Hereketi (TM-DH),
juni 2005