27 oktobr Türkmenistanyñ garaşsyzlyk
güni gutly bolsun
Türkmenler
baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, Derýaýy Nili
Teke, Yomut, Gökleñ, Yazyr, Alili
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
Magtymguly
27-nji Oktobr (garaşsyzlyk
aýy)Türkmenistan jomhuriyetiniñ garaşsyzlygynyñ
14-nji ýyldönümini Türkmenistan döwletine, onuñ
prezidenti jenab Saparmyrat Niýazogluna we ähli türkmen milletine
tüýs ýürekden gutlaýarys. Türkmenistanyñ
garaşsys milletine has gözel geljekler we Iranda we beyleki ülkelerde
zulum astynda ýaşaýan milletimiziñ-de
özleriniñ mukaddes garaşsyzlyygna gowuşmaklaryny arzuw
edýäris hem-de gowuşjakdyklaryna doly ynanýarys.
Sarsmasyn Türkmen döwleti!
Ebedi parlasyn Türkmen baýdagy!
Türkmenlik Milli-Demokratik hereketi
27 Oktobr 2005
Giñelýär Dünýäm
Ölmedim ajaýyp günleri gördüm,
Müñdebir minnetdar saña
eý eýýäm
Garyb guş dek
ýurt aradym asyrlar,
Indi gonmak üçin
bardyr höwürtgäm.
Ene topragymda gul
boldum ýada,
Ata watanymda geçmedim zada,
Gözýaş tesgin berdi
ýürekde oda,
Ynjalyp başlady ýaraly synam.
Öweý enä, ene
diýdim ýalandan
Daşym güdi, içim
doly ýalyndan
Kamatym düküldi hijran
elinden,
Buşluk! Ýar öwrülýär ellerinde
jam.
Hakyky ýetimmiş watansyz ynsan
Buýsançsyz ýürekde doñar eken gan
Dañ düýbi agaryp aýylýar jahan,
Dumanlar syrylyp giñelýär
dünýäm.
Men beýik çynardym palta urdular,
Mazarymda toy meýlisin
gurdular ,
Gözel iliñ gujagyndan sürdiler,
Bu gün gujak
açyp garaşýar ülkäm.
Dañatar, Garaşsyzlyk aýy
1992-Aşgabat