Bahar Baıramynyñ taryhy hakda maklalar>>

 

 

 

Bahar baıramçylygyny ilkinji oılap tapanlar

(Sumerliler)

 

Ynsan taryhyny öwrenen alymlaryň şu güne çenli alan netijelerine görä, adamzayň medeniıet binasynyň düıbüni tutanlar, şol sanda birinji gezek bahar baıramçylygyny oılap tapan halk sumerlilerdir. Sebäbi olar dünıäde ilkinji gezek (b. e. ö. 3000) ıazuwy (çüı hatyny) oılap tapmak arkaly jemgiıetiň ähli tejrbelerini, düşünjeleridir däp-dessurlaryny beıleki ynsanlara ıetirip geljegki nesillere galdyrmagy üpjün etdiler. Hut şonuň üçin hem, uly sumerolog S. N. Kramer aıtmyşlaıyn “Taryh Sumerden başlanıar”.

Sumerliler Mesopotamiıada (Häzirki Yrakda) ıaşapdyrlar. Emma olar Mesopotamiıanyň ıerli ilaty bolman eısem, başga bir medeniıetiň ösen ıurdundan ähli tejribeleri bilen gelip ol ıurdy az wagtyň içinde özgerdipdirler. Dilleri ne Indogerman ne-de Samid dillerine degişli bolan bu halkyň ata-watanlarynyň nire bolandygy hakda aıry-aıryrak pikirler öňe sürülse-de, alymlaryň aglaba köpüsi olaryň Orta-Aziıadan, has anygyragy biziň iňňän gadymy ata-watanymyz Türkmenistandan göçüp gelendiklerini ykrar edıärler. Biz aşakda birnäçe tanymal alymlaryň garaıışlary bilen tanyş bolarys:

Emirkanyň hem bütin dünıanyň tanymal alymy, ençeme uly tomlardan ybarat „Dünıä medeniıetleriniň taryhy; atly eseri döreden ;Will Dorant; özüniň bu işiniň birinji tomunyň “Medeniıet sallançaklary, Orta-Aziıa ;Änew; - akly haıran edıän ıollar” diıen sözbaşyly bölüminde şeıle ıazıar: << Haçan-da biz geologlar taryhdan öňki uzak geçmişleriň dumanyna aralaşmaga synanşanymyzda, şu günki Orta-Aziıanyň gurak çölleri, irki zamanlarda çygly hem maıyl kilimaty bolandygyna ynanıarys hem-de bu ıerlerde gölleriň we bol suwly akabalaryň bolandygyny görıäris. Buzlaryň iň soňky gezek çekilen geologik döwründe bu ıerlere gurakçylyk aralaşıar, ıagyn suwlary bolsa bu ıerde döredilen obalardyr şäherleriň saklanyp galmagy üçin ıeterlik bolmaıar. Hut şonuň üçin hem bu medeniıetleri döreden adamlar, öz ıurtlaryny taşlap suw gözleginde dünıäniň dört ıanyna  dargamaly bolıarlar. Bakteriıa ıaly ıary göwresi çölüň çägesine gömülip galan şäherlerde gaty köp ilatyň ıaşandygyny görıäris. Hatda 1868-nji ıylda-da Günorta-Türtüstanyň 80,000 ıaşaıjysy, süışüp gelıän çägelerden howatyrlanyp ıurtlaryny terk etmäge mejbur bolupdylar.

1907-nji ıylda ;Pumpelli; Änewde (Günorta-Türküstanda) biziň eııamymyzdan öňki 9-njy müň ıyla degişli medeniıetiň galyndysy hasaplanıan daş gurallary hem başga zatlary gazyp çykardy…

Biz bu ıerde arpa, bugdaı we dary ıaly gallalaryň ıetişdirilendigini, mis ıaly metallaryň ulanylandygyny, haıwanlarň ekdi edilip ıetişdirilendigini hem-de taňsykdan (kramikadan) ıasalan bezeg şaılaryň ulanylandygyny görıäris. Şu düşünjeden hereket etmek bilen biz, öz bilip bilmeıän zatlarymyz üçin şeıle bir pikiri öňe sürıäris:  

İagynsyz asmanyň abanmagyna we guraklyga uçran topraklardan emele gelen çölleriň basgysyna çydap bilmedik ilat üç ıana dargap, döreden medeniıetlerini hem özleri bilen alyp gidıärler… olar, gündogara tarap Hytaı, Mençury hem demirgazyk Emirka, gönorta tarap Demirgazyk Hindistana, günbatara tarap bolsa Ilama, Sumere we Müsüre hatda Italya we Ispanıa çenli baryp ıetıärler. Susada (häzirki günorta-günbatar Eırandaky Şuş) irki Ilamda tapylan köne medeniıet galynydlary-da Änew medeniıetiniň tipi bilen şeıle bir meňzeş welim, adamzadyň medeni taryhynyň ümüş-tamyşynda, takmynan biziň eııamymyzdan 4 müň ıyl öň, Änew bilen Susanyň arasynda medeni gatnaşyk saklanandygna  esas döreıär. Şeıle bir meňzeşligiň hem yakyn garyndaşlygyň bolsa, Änew bilen Mezopotamiıadyr Müsüriň gadymy sungat we el işlerinde görülmegi, bu ülkeleriň arasynda-da taryhdan öňki döwürlerde gatnaşygyň bolandygyny hakyda getirıär…>>[1]

Alym sözüniň dowamynda sumerlileriň hem Orta-Aziıadan ıa Hindistandan ıa-da Kawkazdan gelen bolmak ähtimallaryny öňe sürenden söň, sumerlileriň dili bilen mogul (mangul) diliniň arasynda bar bolan meňzeşlikleri-de nygtap geçmek bilen, özüniň bu baradaky jemleıji pikrini şeıle açyklaıar:  

<< İazuwa geçen taryhyň azyndan 6 müň ıyl ıaşy bar. Biziň elimizdäki maglumatlara görä bu döwrüň deň ıarysynda ynsanlyk hereketiň merkezi ıakyn gündogar bolupdyr. İakyn gündogar diıip gümürtigiräk salgy bermekden biz, bütin Gündogar-Aziıany göz öňünde tutıarys. Bu giňişlik, Orsıet we Garadeňziň günortasyny, İakyn-Gündogar bilen gatnaşykda bolan Müsüri-de öz içine alıar.

Bu giňişlikde ıaşaıan örän işeňňir hem dörediji halkyň döreden dürli medeniıetleriniň bir-birine ıetiren garşylykly täsiri netijesinde: Ekerançylykdyr söwda gatnaşyklary, at ıetişdirmekdir araba ıasamak, zikge kakmakmakdyr kredit düzgüni ıola goımak, dokmaçylykdyr el işleri, döwlet hem kanun, ıazuwdyr elipbi, matematikdir meditsine, ylmy esasda ıer suwaryş sistemasy, geometriyadyr astronomiıa, edebiıatdyr saz sungaty we… ıüze çykypdyr.

 “Türk ensiklopediıasynda” bu barada şeıle setirler bar: << Günorta-Mezopotamiıada geçirilen derňewlerde, ylaıta-da URUK şäheriniň harabasynda kesgitlenen medeni gatlaklary bilen, başga-da aıry-aıry ıazuw merkezlerinde bulara deňeşdirmek arkaly alynan maglumatlara görä, sumerlileriň Mezopotamiıanyň ıerli ilaty bolmandygyny görkezıär…

Sumerlileriň umuman gündogardan gelendikleri ykrar ediıär. Bu pikiriň, arheologik hem-de filologik taıdan bir topar gatnaşyklaryň hem meňzeşlikleriň barlygyndan ıüze çykmagy örän tebigydyr…

Tanyma sumerolog alym ;S. N. Kramer; hem sumerlileriň b. e. ö. dördünji müň ıylyň ikinji yarymynda gelen bolmaklaryny, ata ıurtlarynyň bolsa doly kesgitlenmändigini ıatlaıar. Onuň ynamyna görä “Enmerkar we Aratta” barada gürrüň edilıän ;epiki urug;lardan kesgitlenip boljakdygyna esaslanmak arkaly, belki-de Hazar töwereginde gurulan şäher-döwleti bilen ıakyn baglanşykda hem gatnaşykda bolandyr diımek bolar. Belli möçberde Ural-Altaı dillerini hakyda getirıän Sumer dili-de biçiwi taıyndan bir Agglutinativ (Iltisaky) dildir. Bu dil hadysasy-da ;Aratta; dessany ıaly edil şol ıurt çäklerine (Hazar töweregine, m.) yşarat edıär.>>[2]

Biz ıokarda prof. Krameriň tarapyndan, sumerlileriň ıakyn gatnaşykda  bolan hem-de onuň pikrine görä Hazar töwereginde ıerleşen ;Aratta; şäheriniň irki türkmenistanda ıerleşendigi barada, öňki şurewiniň görnükli alymlarynyň tarapyndan ıazylan TSSRiň taryhynda şeıle maglumatlara gabat gelıäris: << “Margiıananyň oturan tutuş welaıeti dogrusynda aıdylanda, olaryň ıerleriniň köp bölegi suwuň azlygy sebäpli çol bolsa-da, olaryň birnäçesi bar” diyen gös-göni görkezme bar. Parfiıa Margiıanasynyň şäherleriniň has doly sanawy, onda-da koordinatynyň gorkezilmegi bilen, ıöne welin, koordinatynyň asla dogry bolmadyk görkezilmegi bilen biziň eııamymyzyň ikinji yüz ıylynyň birinji ıarymynda ıaşan awtor ;Klawdiy Ptolemeı tarapyndan ıazylandyr. Bu şäherleri gündogar uzaklygyň 102 gradusy bilen 106 gradusy aralygynda diıip görkezip, şäherleri günortadan demirgazyk tarapa sanamak bilen, ol şu aşakdaky dokuz şäheriň adyny ıazıar: Nigeıa (Niseıa), Gurıana, Reıa, Antihoıa, Margiana, Nasoiı, Argadina (Aradena), Sena (Sina), ARATA we Ariaka.>>[3]

Eıranly taryhçy Dr. M. Mäşkur hem bu ugurda seıle ıazıar: << Wawilonyň ilkinji oturumly uruglarynyň sumerliler ıa-da samidler bolandygy hakynda, dürli garaıyşlar bar. Bu gün alymlaryň köpüsi sumerlileriň Wawilonda oturumlylyga geçendigini nygtaıarlar. Sumer ıurdy Töwratda ;Şen-ar; ady bilen geçıär… Sumerden tapylan bürünç şaılardan düşünilşine görä, olary İefrat derıasynyň ıakalaryna birden, garaşylmadyk ıagdaıda gelip, medeniıetlerini bolsa Hzar deňziniň günorta-gündogaryndan özleri bilen getiripdirler. Emma alymlaryň kä birleri bolsa, olaryň deňiz tarapyndan bosup gelendiklerini öňe sürıärler. >>[4]

İene bir Eıranly taryhçy Hasan Pirniıa bu barada şeıle ıazıar: <<… Emma akkadlaryň we sumerlileriň nireden gelendigi hakynda, Aşgabadyň golaıyndaky Änew, Astrabadyň ıakynyndaky (Türkmensähradaky B. G.) Tureňdepe( kä çeşmelerde Turandepe B. G.) hem-de Daraıgezden (Mäne-Çäçe töweregi B. G.) tapylan taňsykdan (keramikadan) ıasalan gap-gaçlar we şoňa meňzeş zatlaryň ıasalşy Ilam istili bilen deň bolup, altyn küızeleriň ıüzünde bolsa sumerlileriň suratlary gazylandygyny göz öňünde tutmak bilen kä alymlar, Ilam medeniıeti bilen Zakaspy (Günorta we Günbatar Türkmenistan B. G.) medeniıetiniň bir-birine baglanşygy bolupdyr, belki-de sumerliler hem demirgazyk tarapdan pars aılagyna hem-de Wawilon jülgesine gelendirler diıen pikri öňe sürıärler…>> [5]

Bu alym kitabynyň giriş bölüminde, dünıädäki ähli dilleri bir näçe topara bölüp, Sumer hem Ilam dillerini-de Ural-Altaı we beıleki Agglutinativ (iltisaky) dil toparynda goııar.

 Alym ;Andre Parrot;yň pikrine görä: << Sumerleriň şeıle çalt ösüp bilmeginiň sebäbi olaryň özleriniň ençeme müň ıylyň dowamynda gazanan tejribelerinden peıdalanmaklarydyr…

Mezopotamiıa täze gelen bu uruglaryň nireden gelendigi we olaryň nädip biri-birleri bilen birleşendikleri baradaky soraglar bu gün hem alymlaryň arasynda jedelli meseledir, çünki oňa anyk jogap bermek gaty kyndyr. Şeıle-de bolsa, aıdyp boljak zat olaryň samid uruglaryndan däldikleri, dilleriniň bolsa häzirki tanalıan diller bilen derňäp bolmaıandygy hem-de olaryň Ata-Watanlarynyň Hazar deňziniň aňyrsyndan (alym deňziň gündogaryny göz öňünde tutıar, B. G.) we ondan hem aňyrrakdan gözlenmelidigidir. Has anygyrak aıdyp boljak zat bolsa, olaryň gelmekleriniň Mezopotamiıa medeniıeti üçin örän uly ähmiıeti bolup, özlerinden ölmez-ıitmez yz galdyrandyklarydyr…>>[6]

Elbetde alymyň bu ıerde “Sumer dilini häzirki tanalan diller bilen derňäp bolmaıar” diyip, haısy dilleri göz öňünde tutup aıdıandygy bize belli däl. Biziň pikrimizçe eger-de Sumer dilini aıry-ayry türki diller ylaıta-da biziň iňňän gadymy sözlere baı türkmen dilimiz bilen derňemek mümkinçiligi bolsady, onda başgarak pikir etmegi-de mümkin bolardy.

Almanly alym prof. ;Werner Stein;yň bu baradaky iň täzeräk öňe süren pikiri bilen tanyş bolalyň: << Sumerlileriň (b. e. ö. 3300) Orta-Aziıadan gelen bolmak ähtimaly şu aşakdaky faktorlardan ıüze çykıar: Olaryň dilleriniň Altaı türk diline çalymdaş bolmagy, çokunma jaılarynyň (ybadathanalarynyň) formasy we şonuň ıaly-da çokunma jaıy suratlandyrmak üçin ulanylan belgileriň ;dag motiwi; bolmagy hem-de umuman yazuwda ulanylan belgileriň dag ıurtlary bilen kybapdaş gelmegidir.

Sumerlileriň dini ynançlarynyň köküniň-de Orta-Aziıadan ya-da Bakteriıadan bolmaly diıen manyny aňladıan zatlar bolsa, dag çokunma jaılary, dag öküzine sejde etmek ıaly faktlardyr…>>[7]

Indi, Türkmenistanyň gadymy taryhyny öwrenmekde iň esasy işler edip, bu ugrda örän ylmy eserler ıazan, tanymal alym ;Vadim M. Masson;yň eden açyşlarynyň esasynda öňe süren pikirleriniň biziň temamyza degişli taraplary bilen gysgaça tanyş bolalyň:

<< Altyndepe töwereginde ilkinji ekerançylaryň oturumly ıurtlary iň giç b. e. ö. 5000 ıylda ıüze çykandygy bellidir. Olardan, ıüzi ıönekeı geometrik nagyşlar bilen bezelen küıze döwükleri galypdyr. Şol döwriň ıaşaıjylary öz döreden medeniıetlerini ösdürip ıaıratmagy başarypdyrlar. Biz bu ösüşi yzarlanymyzda, küızeler yzygiderli owadanlaşıar hem bezegleri artıar. Bezeglere haıwanlaryň we ynsanlaryň suratlary-da girıär, şonuň ıaly hem çylşyrymlaşıar. Sazlaşykly iki reňkli nagyşlar, keçäniň ıüzüne salynıan nagyşlary ıatladıar.

Gazuw işlerinde köp gabat gelıän bürünçden guıulan, owadan daşlardan şekillendirilen gap-gaçlar, tehnikanyň ösendigini aňladıar. Olar, ekerançylykda has öndümliräk tehnikalary girizmek üçin, dürli suwaryş gurallary döredipdirler…

Radio-karbon usuly bilen kesgitlenende, döredilen gadymy şäherleriň taryhy b. e. ö. Üçünji müň ıyla gabat gelıär…

Altyndepedäki şäheriň aıry-aıry böleklerinde (etraplarynda) geçirilen gazuw işleriň netijelerini şeıle suratlandyryp bileris: şäheriň ıaşaıjylary aıry-aıry gatlaklara bölünip, ol gatlaklaryň arasynda bolsa manyly çäkler saklanypdyr. Bu şäheriň ähli böleklerini öwrenmek arkaly onuň ilatynyň sanynyň hem takmyny belli bolıar.

Bu gadymy şäherleriň ilatynyň sany bir çaklama bilen 6000-7500 ıaşaıjydyr. Bu san şol döwür çin örän manylydyr. Sumer medeniyetiniň merkezi bolan UR şäheriniň ilaty hem b. e. ö. 2500 ıylda 10000 adamdan ybarat bolupdyr…>>[8]

Alym Altyndepäniň arhitektura we heıkeltaraşlygynyň aıratynlyklary hem onuň din bilen bolan baglanşygyny düşündirıän bölüminde, şol sanda şeıle ıazıar: <<Daşdan ıasalan bir plaketiň ıüzündäki bir haç (atanak) bilen ıarym aıy suratlandyrıan, şonuň ıaly hem bir gurt bilen öküziň kelleleriniň heıkelleriniň tapylmagy, aıratyn üns çekiji hem manylydyr. Öküziň gözi, hem-de bir aı görnüşindäki heıkeljigiň ıanyndaky ıyldyz, ıakutdan ıasalypdyr. Bu tapylan zatlary bilelikde alanyňda, belli bir çylşyrymly hem köp taraply funksiıany aňladıar. Gadymy Mezopotamiıadaky dini tekstleriň düşündirişine görä, aı taňrysy Nin-Sun, güıçli hem gyzma öküz görnüşinde ıüze çykypdyr. Heıkeltaraşlar ony altyndan ıasalan öküzüň heıkeli bilen suratlandyrypdyrlar. Aı taňrysy Sumeriň UR şäheriniň iň ıokary derejeli goraıjysydyr. Hut şonuň üçin hem örän uly hem çylşyrymly çokunma jaylary (kultkopleksi) oňa hödürlenipdir. Bu şäheriň meşhur zigguraty hem şoňa degişlidir (bu ybadathananyň ady ANUdyr, B. G.). Nin-Siniň Altyndepedäki ıerli wariıanty bolan bir erkek ;aı taňrysy; hem ünsi çekıär. Oňa-da bu şäheriň bir dini kompleksi hödürlenipdir. Bu kompleksiň köp gatly diňi (minarasy) Sumeriň zigguratlarynyň prototipidigi (irki nusgasydygy) aıdyňdyr. Bu merkez, Altyndepäniň şäher gurluşynyň aıratynlygynyň simbolydyr…

Arhitektura derňemeler, Altyndepede-de Sumerde bolşy ıaly uzynlyklary ölçmekde belli bir sistemanyň ulanylandygyny subut edıär. Köp sanly agram daşlaryň (kileleriň) ıüze çykmagy bolsa, agramlary ölçmekde-de belli sistemanyň bolandygy hakda gürrüň etmäge ıol açıar. Seıle ölçegler bilen, ıygnalan hasyllaryň möçberini hasaplapdyrlar. Şonuň ıaly hem metalorglar (demirçiler) aıry-aıry metallaryň agramyny örän dogry hem inçelik bilen ölçüp bilelikde eretmek arkaly täze metallar döredipdirler…

Heıkeltaraşlykda örän uly kelleleri kiçi göwreleriň üstünde goıulmagy hem-de bütin ünsi özüne çekıän iňňän uly gözleriň oturdylmagy görülıär. Sumerlilerde şeıle uly gözleriň hem gulaklaryň, bilim hem hüşgärlik organlary hökmünde, taňrylaryň bar zady görıän hem eşidıändiginiň simboly bolmagy ıerliksiz däldir…  

Biz, Altyndepe medeniıetinde suratlandyrylmagy we düşündirilmegi täze metodlar hem gurallar talap edıän bir dini sistemanyň ıüze çykandygyny kabul edip bileris.>>[9]

Alym soň, Altyndepede medeniıetinde belli bir ıazuwyň ıüze çykandygyny subut edıän alamatlaryň tapylandygy hakynda örän gyzykly hem manyly maglumatlar berıär:

<<Jemgiıet strukturasynyň özgermegi bilen çygry örän giňelen maglumatlary bellige alyp saklanmalydy. Bu mesele bolsa, bu gazanylan bilimleri özünde saklap bilmek üçin ynamly hem mynasyp belgileri oılap tapmak zerurlygyny ıüze çykarıar. Şeılelikde Altyndepäniň ıaşaıjylarynyň belli bir ıazuw sistemasyny ulanan bolmaklary örän ähtimaldyr. Dogrudan-da, taňsykdan ıasalan aıal heıkelleriniň ıüzüne gazylan bir näçe belgiler tapyldy. Bu belgileri, bir-birine ylaıyk gelıän alty topara bölmek mümkindir. Olar dowamly gaıtalanıar, her bir heıkelde aıry-aıry belgiler topary, belli formalarda biri-birine baglanıar… birinji hatarda bir ıyldyz belgisi bilen asmandaky bir hanym taňryny, gülläp oturan bir agajyň pudagy bilen bolsa, belli ösümlikleriň ıa-da bugdaıyň goraıjy taňrysyny suratlanyrylan bolmalydyr. Bu belgileriň bir näçesi protoilam (Ilam ıazuwynyň aňyrsy) piktografiıasynda-da gabat gelıär.

Tapylan ıeketäk nusga bolan bir möhüriň ıüzünde bolsa protohind (Hind ıazuwynyň aňyrsy) ıazuw sistemasyna degişlidigi açyk belli bolıan belgiler bar. sowet alymlarynyň İ. V. knorozowyň ıolbaşçylygynda, protohind tekstlerini ıüze çykarmakda ulanylan metodlar bilen derňänimizde, Altyndepeden tapylan bu ıazuwy “belli bir uly hanym ıa erkek taňryny aňladıar” diıip ırup bileris…

Bularyň barysyny göz öňünde tutmak bilen biz, Altyndepäniň ıaşaıjylarynyň özleriniň hem bir protohind ıazuw sistemasy bolan bolmaly ıa-da her halda protohind ıazuw tekstlerini okap düşünipdir diıip bileris…>>[10]

 << Altyndepäniň ıerli medeniıeti bilen Mezopotamiıa medeniıetiniň arasyndaky gatnaşygy aňladıan iň gyzykly nusga, bu ıerden tapylan altyndan ıasalan öküziň kellesiniň heıkelidir. Bu kelläniň durky, gözüniň we gulaklarynyň biçiwi we… bizi UR şäher-döwletinden başlanıan we şalaryň mazarynda gabat gelıän öküz kelleleri bilen meşhur bolan, sumerlileriň heıkeltaraşlyk sungatyna äkidıär…                                                                                        

Biz gürrüňimizi şeıle netijeler bilen jemläp bileris: Altyndepe medeniıeti gadymy gündogaryň ägirt giň medeniıetiniň örän görnükli bölegi bolup ol, Mezopotamiıa we gadymy Hindistan ıaly uly medeniıetleriň çatrygynda, olar we beıleki gadymy ıurtlardyr halklar bilen garşylykly täsir etmek hem täsir almak ıagdaıynda çylşyrymly prosesi başyndan geçiripdir… >>[11]

 Sumerlileriň biziň gadymy topraklarymyzdan göçüp gidendigi hakda gürrüň edıän çeşmeler gaty köp. Biz bu ıerde gürrüňimizi ors arheologiasynyň atasy hasaplanıan N. Nikolskiniň sözleri bilen jemleıäris: << sumerlileriň ata watany Türkmenistanyň Aşgabat şäheriniň töweregidir. Bu ıeriň kurganlaryndan (depelerinden) tapylan, daşdan, kümüşden we taňsykdan ıasalan zatlar, Mezopotamiıanyň günortasyndaky sumerlilere degişli depelerden tapylan zatlara gaty meňzeşdir. Bütin bu zatlar “sumerlileriň şu günki Türkmenistandan Mezopotamiıa göçüp baran bolmagy güıçli ähtimaldyr” diıen netijä  eltıär. Bu iki medeniıetiň  iň soňky analizleri, olaryň arasynda köp sanda ortak zatlary ıüze çykarypdyr.

Sumerlileriň baş taňrylary bolan ;En-Lil;iň tutan orny, Mezopotamiyanyň günortasyndaky düzlükler bolman eısem, daglyklarda bolupdyr. Belki-de ;Köpetdagyň; etekleri olaryň ata watany bolandyr…>>[12]

 

 

 

 

 

 ---------------------------------------------------------------------------------------------------

 

 

----------------------------------------------------------------------------------------------------

                          Vadim M. Massonyň ıokarda ady geçen kitabyndan, s. 38

 

   

“Täze ıyl baıramyna ilkinji gezek gidişim”

(bir sumerli şahyr hem mugallymyň ıatlamalaryndan)

 

Çagalyk ıyllaryma degişli ilkinji ıatlamam, bir bada hopukdyrıan gaty uly märeke bilen çokunma jaıa (mejjide) tarap ylgap gidişimizdi. Adamlar uly joşgun hem şatlyk içinde ;hanym taňrymyz; bilen taňrymyzyň öılenjegini bir-birine gutlaıardylar. Munuň nämedigine bi hili düşünip bilmeıärdim. İakynladygymyzça gulagmyza dürli aıdym sazlaryň owazy gelip başlady. Nämeler görjegime uly tolgunma bilen garaşıardym. Garşymdan edil göge degäıjek ıaly beıik ziggurat (basgançakly diň, minara) bilen, ıaňy salynan ıaly ıaldyr-ıuldyr edip parlap duran ;Ekur; mejjidi göründi. Meıdanda şeıle bir ilat bardy welin, dünıäniň ähli adamlary bu ıerik ıygnanan ıalydy…

Men uly tolgunma bilen, ıene nämeler bolarka diıip garaşıardym. İanymdaky ulularyň gürrüňine pugta üns berip başladym: “Bu ıyl bahar baıramçylygmyz örän gyzykly hem gözel geşjege meňzeıär, howanyň nähili oňatlygyna seretsenäň! Güneş taňrymyz ;Utu;-da biziň begenjimize goşulıar we ıetişi bildiginden şöle saçıar. Taňrymyz Dumuzi ıeriň aşagyndan çykyp, söıgüli hanym taňrymyz In-Anna bilen bir öılensin bakaly! Ekinimize, ahyrymyza we agyllarymyza gör nähili bolçulyk geler! Ähli önümlerimiz köpeler, haıwanlarymyz urbar, towuklarymyz bol-bol ıumurtga guzlar, balyklarymyz bol-bol tohum ıaıradar!” diııärdiler…

Birneme ulalamsoň, täze ıyl baıramynyň ıatlamasyny ıazmagy ıüregime düwdim-de soraşdyryp öwrenmäge başladym. Okuwda bu däbi jikme jigi bilen öwrendim. Onuň goşgy görnüşinde ıazylan tekstini ençeme gezek ıatdan okadym diıip bilerin. Men bu ıerde şuny-da aıtman geçip bilmerin: biz sumerliler her zady goşgy bilen ıazmaklygy gaty halaıan, ozan ruhly, şahyr gylykly halkdyrys.

Meniň idäp-sorap öwrenşime görä, bu baıramyň başlangyjy biz sumerlilere degişli bolup, gürrüňi bolsa şeıledir:

Söıgüli hanym taňrymyz In-Anna ;bilbad; ıyldyzyndan gelipdir ıa-da onuň bilen bir baglanşygy barmyş. Biz, ol ıyldyz gaty yssydyr diıip düşünıäris. Ol ıyldyzyň şeıle yssylygyny biziň ata-babalarymyzyň nädip bilendiklerine düşünmeıärin. Ol hakykatdan hem şeıle yssymy? Ony-da bilmegim mümkin däl. Ynanjymyza görä bu ıyldyzyň yssylygy, hanym taňrymyza yssylyk hem jynsy güıç berıänmiş. Şonuň üçin hem oňa ;söıgi taňrysy; diıip at berilipdir. Bize söıgini hem söımegi öwreden hem oldyr. Şonuň ıaly-da ıigrenjimiz, gaharymyz we söweşjeňligimiz hem ondan ıetenmiş. Her bir söweşde şalarymyzyň öňüne düşüp, olara ıeňişi üpjün eden sol hanym taňrymyz, hem örän gözel, hem-de çenden aşa özüne çekiji eken. Oňa aşyk bolanlar gaty köp bolupdyr. Emma olaryň içinde iň ıüregi otlusy çopan taňrymyz Dumuzi bolupdyr. Gaty ir döwürlerde biziň Dumuzi adynda bir şahymyz bolupdyr. Şalarymyz özlerine ;çopan; diıipdirler. Belki-de olar „mallary çopanlaryň idedişi ıaly biz-de ynsanlary idetıäris“ diıip düşünendirler. Dumuzi halkymyzyň tarapyndan örän söıülen adamdyr. Halkymyz gaty hormatlany üçin oňa ;taňry; gözi bilen seredipdirlermi ıa-da ol dogrudan-da taňrymydy, onçasyny bilmeıärin. Hanym taňra aşyk bolanlaryň biri-de daıhançylyk taňrysy ;Enkimdu;dyr. Bularyň ikisi-de özlerini hanym taňra aldyrjak bolup bir-biri bilen ıaryşa giripdirler. Biri oňa öz önümlerinden süıt hödürlese, beılekisi arpa suwy (piwe, bier) eltip beripdir. Biri goıun eltip berse beılekisi egin-eşik hödürläpdir. Hanym taňrynyň göwni has köpüräk Enkimduda bolanmyş, emma Dumuzi haısydyr bir ıol tapyp, hanym taňrynyň erkek dogany bolan güneş taňrysy UTUwy ara salıar-da gözel hanym taňrymyzyň ıüregini awlap onuň bilen öılenıär.

Günlerde bir gün hanym taňrymyz, yer astynyň hanym şasy bolan aıal dogany ;Ereşkigal;y görmek üçin ıeriň aşagyna gitmegi ıüregine düwıär. Belki-de asyl maksady, ıer astynyň şalygyny-da eıelemekdi. Ol, ıeriň astyna gidenleriň yzyna dönüp bilmeıändigini bilse-de, özüniň bir hanym taňry, aıal doganynyň bolsa ol ıeriň şasy bolandygy üçin, yzyna çykyp bilerin diıip umyt edıär. Emma şeıle-de bolsa öz weziri (ministri) bolan hanym taňry ;Ninşubur;a: „bardy-geldi men üç gün içinde ıer astyndan çykyp bilmesem, taňrylarymyzyň ıygnagyna git-de meni gutarmaklary üçin olara ıalbar!“ diııär...

Aradan üç gije üç gündiz geçıär, weziri garaşyp otyr, emma ne giden bar, ne gelen! Ol derrew taňrylaryň ıygnagyna tarap ylgap barıar, olara ıekän-ıekän ıalbarıar, emma hiç biri oňa üns bermeıär. Hatda ;En-Lil; atamyz, onuň garry kakasy bolmagyna garamazdan: „gitmese bolmaıamydy, ol ıerde näme işi bardy?“ diııär-de ıardam etmäge ıanaşyp bilmeıär. İöne onuň bagtyna biziň bilim taňrymyz ;En-Ki; bardy. Ol, derew ;Kurgarra; we ;Kalaturra; atly iki jyny ıaradyp, ellerine dirilik suwy bilen dirilik imiti berdi-de ıer astyna iberdi. Olar ellerindäki dirilik suwy hanym taňrynyň üstüne serpen badyna ol, direldi-de ıeriň aşagyndan çykjak boldy, emma ol ıerdäkiler: „dur heniz! Bu ıerden beıle aňsat çykylmaz, ıeriňe birini goımak gerekdir!“ diııärler. Hanym taňry: „men derrew kimi ıerime goıup biljek? Emma ıeriň ıüzüne baramda birini iberip bilerin“ diııär.

Hanym taňry ıanyndaky iki sany gorkunç keşpli ıer asty jyny bilen ıeriň ıüzüne çykıar we ıerine birini tapyp ibermek üçin oba-oba aılanyp başlaıar. Baran her bir obasynda, hanym taňrylarynyň ıogolanyna matam tutup ıas eşigini geıen taňrylary görıär-de olaryň hiç birsini gara ıere bermäge dözmeıär. Iň soňy, adamsy Dumjuziniň oturan şäheri ;Kullab;a barıar. Bir görse, adamsy iň owadan eşiklerini geıinip, başyna jygasyny sanjyp, tagtyna buısanyp otyr, hanymyň öleni parhyna-da däl! Hanym taňrymyz bu ıagdaıy görüp şeıle bir gahary geldi welim, gazabyndan: „alyň şuny meniň ıerime ıeriň aşagyna äkidiň!“ diııär. Jynlar onuň ıakasyndan tutup idirdedip äkidıärler. Dumuzi gaıyn agasy, güneş taňrysy Utuwa özüni ıer astyndan gutarmagy üçin ıalbarıar. Ol hem, onuň el-aıagyny ıylana öwrüp, gaçar ıaly edıär. Emma jynlar onuň yzyndan galmaıarlar, nirä gaçsa tapyp getirıärler...          

Bu ıagdaıa gaty gynanan hanym taňrymyz Geştin-Anna, taňrylar ıygnagyna baryp: „Erkek doganymyň ıerine meni iberiň!“ diıip olara ıalbarıar. Emma hanym taňrymyz In-Anna, adamsynyň oňa eden hormatsyzlygynyň we rähimsizliginiň jezasyz galmagyna göwni yrazy bolmany üçin, onuň eden teklibine garşy çykıar. Şonuň üçin Geştin-Anna: „Beıle bolsa ıylyň ıarysyny men ıeriň aşagynda geçireıin, beıleki ıarysyny-da doganym geçirsin“ diııär. Gaty gaharda bolsa-da adamsynyň bütin ıyl ıeriň aşagynda ıaşamagyna dözmedik hanym taňrymyz, bu teklibi uıgun görip, ony taňrylar ıygnagyna tassykladıar.

Şol hadysadan soň, taňrymyz Dumuzi gyş aılaryny yeriň aşagynda geçirenden soň, ıaz başynda ıeriň ıüzüne çykyp, söıgüli hanymy bilen birleşıär. Biz bu birleşmäniň, ıeriň ıüzüne bolluk hem bereket getirjegine ynanıarys. Şonuň üçin hem, taňrymyzyň yerine şahymyz, hanym taňrymyzyň yerine bolsa ruhany hanymlaryň baş tutany, ıylda bir gezek bile bolıarlar. Olaryň bile bolan günlerinde sazandalardyr bagşylar söıgi hakda örän tolgundyryjy hem ıangynly aıdymlar aıdıarlar, sazlar çalıarlar...

Biziň bu, täze ıyl baıramymyza-da kesekiler eıe çykıarlar, hamana biziňki däl-de olaryňky ıaly. Hanym taňrymyzyň adyny (In-Annaň ıerine) ;Iştar;, taňrymyzyň adyny bolsa (Dumuziň ıerine) ;Tammuz; edip üıtgetdiler. Özleriniň başga ıurtlardaky soıdaşlaryna-da öwretdiler. Şeılelikde, biziň ıurdumyzyň çäginden aşyp, her ıana ıaıramaga başlady biziň bu däbimiz. Bilip bolmaz, belki-de şeıle ıagdaı ıene-de ıüzlerçe ıyl dowam eden ıagdaıynda, bu däbiň kimden we nireden gelip çykandygyny hiç kim bilmez. Gör nähili haıyp! nähili ajy! şeıle dälmi?

Ludingirranyň ıatlamalary, üçünji tabella (tagta)[13]

 

Bahar baıaramy we beıleki Sumer tekstlerinde geçıän

bir näçe atlaryň yzy türkmen dilinde

 

Dingir: Sumerolog alymlaryň ykrar etmeklerine görä, bu söz şu günki türki dillerdäki taňry (tengri, tanry) sözi bilen birdir. Sumer dilinde-de şu günki türkmen dilinde bolşy ıaly ;burun sesi; bolandygyny göz öňünde tutmak bilen kä alymlar ony ;diňir; görnüşinde-de ıazypdyrlar. Bu sözüň belgisi bir ıyldyz (*) bolup, ol Sumer dilinde iki hili okalypdyr. Bir okalşy ;dingir; ıene bir okalşy bolsa ;AN; bolup ol, asman, ıokary hem uzak ıaly manylary aňladypdyr[14].

İokarda görşümiz ıaly, V. M. Massonyň açyklamasyna görä ıyldyz (*) belgisi Altynddepe medeniıetinde-de şeıle manylary aňladypdyr.[15]

Edil sumerlilerde bolşy ıaly gadymy türki dillerde-de ;taňry bilen “asman” deň manyda gelipdir, ıagny ;dengir; sözi, hem taňry hem-de asman (gök) diıen mynyda ulanylypdyr[16].

 

An: Bu sözüň manysy ıokarda görşümiz ıaly asman, uzak we ıokary ıaly manylary bardyr. Bu söz türki dillerde-de uzak we ıokary ıaly manylarda bar. Bilşimiz ıaly ähli dini ynançlarda “uçma;nyň (jennetiň) ıokarda, asmanda we ;tamug;yň (dowzahyň) bolsa ıeriň aşagynda ıerleşendigine ynanylıar. Biziň dilimizdäki ;uçma; söi hem şony aňladıar. Şamanlaryň hem bir näçe pygammarlary uçup ıa-da uçıan haıwanlara münüp asmana ıa uçmaha (jennete) gidıärler. Hut şonuň üçin hem, biziň umumy türk edebiıatymyzda-da, türkmen edebiıatynda-da ;anda; sözi ıokarda, asmanda, uçmahda we ol dünıäde ıaly manylarda gelıär. Muňa mysal hökmünde milli şahyrymyz Magtymgulynyň şu aşakdaky setirlerine üns bereliň:

İa Hyzyr-Ilıas ile şa Süleıman ;andadur;

İa Selimşa Mekke hany Ibni-sultan ;andadur;

Baıezid Sultan-Oweıs Harykan-Migan ;andadur;

Daıanur Musa Hasasy, mary gördüm ;andadur;

 

Anu: Sumerlileriň iň uly taňrysy bolan ;asman taňrysy; şonuň ıaly hem Uruk şäherinde ıerleşıän, sumerlileriň iň uly metjidiniň ady. Bu sözüň ;Änew; bilen bir sözdigine şuhelenmek mümkin däldir, sebäbiİewropalylar biziň Änew sözümizi hem Anu ıa Anau görnüşinde ıazıarlar. Mundan başga-da Sumer dilinde bu söze ıakyn bolan ENU ıagny asman, ENNU ıagny goraıjy, Indeıji (inneıji) ıaly sözleriň hem barlygyny göz öňünde tutulmalydyr[17].

 

In-Anna: Sumerlileriň ;gözellik taňrysy; bolup, kä uly taňry ANUwyň gyzy käte bolsa onuň hanymynyň ornunda çykyş edıär. Bu goşma sözüň başyndaky ;In; sözi ikinji bölümi ;Anna; sözüne goşulma ornunda gelıär. Bu ıerde örän manyly hem üstünde durulmaly mesele, ;Anna; sözi Sumer dilinde-de edil şu günki türkmen dilinde bolşy ıaly, belli goşulmalary kabul etmek bilen, aıal hem erkek atlary hökmünde giňden ulanylypdyr. Mysal üçin ıokardaky tekstden:;Kuli-Anna; we ;Uşumgal-Anna;(Dumuziniň lakamlary), Geştin-Anna (Dumuziniň aıal dogany), şonuň ıaly-da ;Anna-tu; (uly taňrynyň hanymy)[18]. Türkmen dilinde Annakuly (Annaguly), Annagözel, Annaberdi, Annaoraz ...

;Kuli-Anna; sözüni alyp görenimizde bolsa, Sumer dilinde taňrynyň ıakyny, taňrynyň dosy ıa guly ıaly manylary aňlamak bolıar. Sebäbi ;Anna; sözi taňrynyň ady we KULI sözi bolsa öz nobatynda iki sany sada söz bolan ;ku; we ;li; sözlerinden düzülen goşma sözdir. KU sözi

gonmak, oturmak we LI sözi bolsa ;bile; diıen manyny aňladıar.[19], [20]  Netijde Kuli-Ann goşma sözüniň manysyna taňrynyň ıakyny, taňrynyň dosy belki-de taňrynyň guly diıip düşünıäris. Türkmen diliniň grammatikasyna uıgunlykda ondaky aıyrgyjy adyň soňuna geçirenimizde bolsa ol ;Anna-Kuli; bolıar. 

;Anna;  sözünden türkmen dilinde-de taňry diıen manyny aňlamak mümkin, sebäbi biz ähli dinlerde taňrynyň güni, dynç güni hem sogaply, hormatly hasaplanıan (taňry alty günde dünıäni ıaratmak işini gutaryp, ıedinji güni dynç gün hasaplaıar) juma gününe ;anna güni; ıagny taňrynyň güni diııäris. Galyberse-de Anna ıa Annap sözi gadymy turan dilinde Parfia döwründe-de ;taňry; manysynda ulanylypdyr[21], hatda Parfia şalarynyň atlarynyň düzüminde hem bar (Am-inapes). Netijede Annakuly (Annaguly), Annaberdi ıaly atlary biziň ata-babalarymyzyň tarapynda Taňryguly, Taňryberdi, Hudaıguly, Hudaıberdi ıaly atlara sinonim hökmünde paralel ulanylypdyr diıip bileris.

 

Lu-dingir-ra: İokardaky ıatlamanyň awtory bolan Sumer ıazyjy hem şahyrynyň ady bolup onuň manysy „taňrynyň adamsy“ dimekdir[22]. Bu goşma söz, iki sany sada söz ıagny ;lu; we ;dingir; hem-de ;ra; goşulmasyndan ıüze çykypdyr. ;lu; sözi Sumer dilinäki özbaşdak manysy ;adam; bolup, sypat ıasaıjy goşulmasy hökmünde gelende bolsa, edil şu günki türki dillerdäki ;lu; ıa ;li; ıaly bir ıurda ıa bir halka degişli adam diıen manyny aňladıar. Mysal üçin Eıran türklerinde İazerlu ıa İazyrlu (İazyrli), Gengerlu (Kengerli), Baharlu (Baharly), Tekelu (Tekeli) ıaly atlar köp gabat gelıär. ;Dingir; sözi bolsa türki dillerdäki ;tengri; , ;taňry; bilen bir sözdigi alymlaryň tarapyndan ykrar edilıär. Bu goşma sözüň soňundan gelıän ;-ra; goşulmasy, hem Sumer dilinde[23], hem-de gadymy türkçede[24], aıry-aıry  düşümleriň goşulmasy hökmünde ulanylypdyr. Sumer diliniň grammatikasynda köplenç ıagdaıda aıyrgyjyň atdan öň gelıändigi üçin bu Sumer sözünde ;lu; öňden gelipdir. Eger-de biz ony şu günki türki dilleriň grammatikasyna uıgunlaşdyryp (-ra goşulmasyny aırmak bilen) ıazsak ;Dingir-lu; ıagny ;taňryly; ıa-da  şu günki türkmen dilindäki ;Taňryguly; bolup çykıar.

 

Dumuzi: Bu Sumer sözi ähli çeşmelerde hasyl we bereket taňrysy hem-de Iıun-Iıul aılarynyň bilelikdäki adydyr. Bu söz türkmen dilindäki ;tomus; sözi bilen gabat gelıär. Sebäbi, hem tomus aılarynyň ady hem-de tomus paslynda hasyllar ıetişip bereketiň köpelıän möwsimi bolansoň sumerlilerde hasyl hem bereket taňrysynyň adyna öwrilen bolmaly. Bu söz ıokarda sumerli şahyryň ıatlamalarynda-da görşümiz ıaly ;tammuz; görnüşinde dini hem beıleki tekstler arkaly samid, olaryň üsti bilen bolsa İewropa dillerine geçipdir. Biziň pikrimizçe bu ;Anna; sözünde-de şeıle bolan bolmaly, sebäbi bu söz mesihi (kiristian) halklarda-da, olaryň häzirki dillerinde belli manyny aňlatmaıandygyna garamazdan, adam ady hökmünde ulanylıar.  

 

 En-Lil: Bu sözüň manysy Sumer dilinde ıeliň taňrysy diımekdir[25](we başga çeşmeler). Bu goşma sözüň birinji sada sözi ;lil; türkmen dilinde ;ıel;, gadymy türki dilde ;tial;[26] ;ıil;[27], ikinji sada sözi ;En; bolsa türkmen dilinde ;eıe; , gadymy türki dilde bolsa ;E; diımekdir. Aıyrgyjy adyň yzyna geçirenimizde bolsa ol ;Lil-En; ıagny ;İeliň eıesi; bolup çykıar. Bu sözleriň hem form, hem-de many taıdan çalymdaşlygy üns berilmeli meseledir. Eıe sözi hem Sumer hem-de türkmen dilinde taňry manysynda hem ulanylypdyr (Eıesin tanan derwişler, säher göz ıaşda bellidir. Magtymguly).

Alym ;Helmut Uhlik;iň açyklamasyna görä, Sumer diliniň syryny çözmekde örän uly ähmiıeti bolan ilkinji okalan sözlemleriň biri „En-Lil-ti“dir. Onuň manysy bolsa En-lil diri(dir), azat terjime edilende bolsa „En-Lil taňry dirilik eçilıär“ diımekdir[28]. Bu sözlemdäki ;ti; sözi Sumer dilinde ;diri;, kä türki halklarda ;tirig; diımekdir. ;Ti; sözi gadymy türki dillerde-de ;hemişelik;, ;sag; diımekdir[29].

 

E-Kur: En-Lil taňrynyň çokunma jaıy (mejjidi)[30]. Bu goşma sözüň birinjisi ;E; (ab, eb görnüşlerinde-de bar, ser. sözlük bölüme) Sumer dilinde ;öı; dimekdir. Bu Sumer sözüniň ;ab; görnüşi gadymy türkçede-de ;ab; , ;aw; we ;eb; görnüşlerinde bardyr[31]. Iknji ;kur; sözüniň Sumer dilinde iki manysy bar (iki hili aıdylşynyň bolan bolmagy-da gaty ähtimaldyr). Onuň bir manysy, ıokarda görşümiz ıaly türkmen dilindäki ;gör; sözüne gabat gelıär. Ikinji manysy bolsa öňki manysynyň tersine ;beıiklik;, ;dag;, ;depe; dimekdir(ser.sözlü bölüme). ;kur; sözi gadymy Turan dilinde-de edil ıokardaky ıaly, ;galdyrmak;, ;beıiklik; we ;beıgeltmek ıaly manylarda ulanylypdyr we ;depe; diıen manydaky ;kurgan; sözi hem şöndan gelip çykypdyr[32]. Häziki türkmen dilindäki ;gorgan; sözi-de şol sözdir. Türkmensähranyň garşysyndaky beıik dagyň örküjine, şol dagyň eteginde ıaşaıan gadymy ıazyr türkmenleri (İazyrlular) ;İylangorgan; diııärler, parslar bolsa oňa ;Gal-e maran; (ıylanlar galasy) diııärler.

Netijede ;E-Kur; sözi Sumer dilinde ;Beıik öı; we ;Beıik mejjid; diıen manyny aňladıar. Sebäbi ähli Sumer çokunma jaılarynyň adynyň öňünde ;E; sözi gelıär.

 

Barak: İyndam manysynda hem-de Uçah (jennet) haıwany bolan itiň ady. Prof. K. weliıewiň açyklamasyna görä: << Şamanlar-da Barak atly ite münüp asmana çykar ekenler. Gyrgyzlar-da töıs ite ;barak; diıipdirler. Oguz dessanynda ;It-barak; atly bir urugdan gürrüň geçıär. Olaryň-da totemi, guşdan dörän bir köpek bolupdyr.>>[33] 

Biziň pikrimize görä bu sözüň köki ;bar; bolup, işlikden sypat ısaıjy ;-ak; goşulmasyny kabul edip, barak, baragan, ıyndam ıaly manylary aňladan bolmaly. Sebäbi ;bar; sözi Sumer dilinde-de barmak, gitmek manyda gelıär.(ser. sözlü bölüme)

 

Tigi:  Tigi sözi ıokarda görşümiz ıaly ;aıdym; diıen manyny aňladıar. ;Ti; sözi hem Sumer dilinde (;di; görnüşinde)[34] hem-de Orhun-İeniseı ıazgylarynda[35] ;diımek;, ;aıtmak; diıen manyny aňladıar. Onsoň ;tigi; sözüniň manysynyň ;aıdym; bolmagy Sumer we türki dillerde bir-birine doly gabat gelıär..         

 

 

 

 

YAZ BAYRAM MERASİMİNİ YARADANLAR

(NOVRUZ)

GİRİŞ

Tebietin yeniden oyanmasını, qış ayazının kesilmesini ve ilıq feslin başlayışını, onun gözel ruh veren yaradıcılığını bütün kainat sevincle qarşılayır. Uzaq zamanlarda yer küresinde heyatın davamı tamamile tebietin lütfünden asılı olaraq, yazın başlamasının başqa ezemeti ve cilvesi olmuşdur. Ona göre de yaz bayramı bütün eller ve ölkeler arasında müxtelif şiveleri ve başqa adları olmuşdur ve indi de davam edir.

Bu bayramı menimsemekle ve onu özlerine vasite ederek, ona güvenib özünü böyük göstermekle, hem de ona siyasi şekil vermek onun felsefesine uyğun gelmir. Diger terefden bu sual yaranır ki, bu merasimin ilk yaradıcıları kimler olmuşdur?

Yuxarıdakı deyilenlere te’kid olaraq, bunu te`yin etmek çox çetindir, amma bu esas mesele deyil, belke merasimlerin felsefesi insanların bir-birine hörmetle yanaşması, yaxşı mühit ve mehebbet beslemesine diqqet ederek şübheleri aradan qaldırmaq üçün alimlerin araşdırmasında ilk yaradanlar ve onların haradan gelmesini nezerinize çatdırırıq.

Araşdırmalar esasında birinci dünya medeniyyetini, hemçinin yaz merasimlerini yaradanlar Sumerler olmuşlar. Sumerler ilk defe olaraq yazın ixtirası ile bütün öz elm ve tecrübelerini yazılı şekilde başqa insanlara ve gelecek nesillere ötürerek böyük bir medeni inqilab yaratmışlar ve ona görede S. N. Kramer Sumerleri tarixin başlanğıcı hesab etmişdir.

Sumerlerin dili ne Sami ne de Avropa dillerine aiddir. Onlar Mesopatamiyada, bugünkü İraq ölkesinde yaşamışlar. Onlar bu ölkenin yerli sakinleri olmamışlar, belke 4000 il Miladdan qabaq tecrübe ve inkişaf etmiş medeniyyetle öz ölkelerinden bu yerlere köçmüşler. Sumerlerin esl ölkesi ve onların haradan gelmeleri haqqında alimler müxtelif nezerler vermişler. Müasir Sumerşünas Prof. Kramer ömrünün 40 ilini Sumer lövhelerinin öyrenmesine serf edibdir. O, bu lövhelerin metni esasında xüsusile Sumerin cengname poeması „Aratta ve Anmerkar“ - da verilmiş me’lumata göre Sumer dilinin Ural-Altay dillerine oxşamasını ve onların veteni Xezerin etrafında olmasını bildirir.

İran tarixşünası Mehemmed Cevad Meşkur onların esl veteni Xezerin cenub-şerqi (Türkmenistan) verir. Will Dorant öz böyük eseri „Medeniyyet tarixi“ kitabında dünya medeniyyet merkezi Anonun mürekkeb ve dolaşıq yolları altında, Sumer ve Elam medeniyyetinin menşeyi Aşqabadın 14 kilometrliyinin şerq terefinde olan Ano medeniyyetinden qabaq bilibdir, hemçinin Sumer ve Moğul dilinin bir-birine oxşarlığınada işare edibdir (teesüfle bu bölüm fars tercümesinde silinibdir).

Yeni nezeriyelerden birisi de Prof. Werner Steinın nezeridir. Bu nezeriyeye göre Sumerlerin dili Altay türklerinin dilleri ile oxşarlıq teşkil edir, diger terefden şekil ve yazı simvollarının dağ ve dağlıq formaları ile birleşmesidir ki, öz mebedlerinin şekillerinde ve izahlarında vermişler. Çünki Sumerlerin sonrakı yurdlarında dağlıq olmamışdır.

Rus arxeologiyasının atası Nikolskinin nezerine göre bugünkü Türkmenistanda ele gelmiş qaynaqlarda qedim Türkmenistanla Beynennehreyn arasında derin elaqe olduğunu gösterir ve ehtimalen Sumerler Aşqabadın Kupet dağlarının eteyinden Beynennehreyne köçmüşler. Başqa rus arxeoloqu F. Mason Türkmenistanın Altın-depe torpaqlarının qazıntılarında Türkmenistan medeniyyetile Beynennehreyn arasıda derin elaqeler olduğunu gösterir, hemçinin yazılı şekilleri Altın-depe ve qedim Sumerde olduğunu bildirir.

Sumer dilinin ve medeniyyetinin türk dili ve medeniyyetile bir kökden olduğunu F. Hummel bele izah edir:

İnkar olunmaz qaynaqlardan bele me’lum olur ki, Sumer dili ile Altay ailesinde olan Ural-Altay dilleri ile derin elaqe vardır. Buna işare etmeliyik ki, 3000 il bundan qabaq Sumer dilinin rahibler terefinden qorunub saxlanması, hemçinin Altay dillerinin 700 ilden beri aşkar olduğuna göre bu dillerin bir-birine derin yaxınlıği bu cüreti bize verir ki, bele qohumluğa diqqet verek.

Misal üçün:

sumerce

ab

abba

omma

aqarın

Aqar

aay

din, til

dinqir

qedim türkce

eb

 

 

karun

Ekin

ay

tri, tin

tenqiri

Şerq türkcesi

 

aba

qoklan

 

 

 

 

 

yeni türkce

ev

 

 

qarın

 

 

 

 

moğulca

 

ebu-qen

eme-qen

 

 

 

 

 

azerbaycanca

ev

yaşlı kişi

yaşlı qadın

qarın

Ekin

ay

diri

tanrı

türkmence

 

 

emme

 

 

 

 

 

Yuxarıdakı deyilenlere esaslanaraq Sumer ve Ural-Altay dillerindeki yaxın elaqeni iddia etmek olar. Bundan elave mifoloji sahesinde dini inamlarda ve ev heyvanlarının növünde de çox derin elaqe görünür ve daha artıq bunların yaxınlığını te’kid edir.

İşare etdiyimiz meseleye göre dünya medeniyyet tarixinin alimleri bele neticeye gelibler ki, ilk defe olaraq yazın bu merasimler ve en’enelerine aid olan sened Sumerlerindir.

Biz aşağıdakı azerbaycan ve fars diline çevrilmiş metni sizin nezerinize çatdırırıq. Bu metn yaz bayramının dastanını, hem de ona aid olan merasimleri izah edir.

Bu metni hörmetli Prof. Elmiye Çiq Sumerlerin lövhelerinin yazılarından oxuyub ve tercüme edibdir. Hörmetli Elmiye xanım Çiq 60 il ömrünü Sumerlerin medeniyyetini, dini inamlarını, onların yazılarını öyrenmesine serf edibdir. Bu alim son illerde Kramerle birge işlemişdir. Alman metninide Prof. Kramerin me’lumatlarından götürmüşük.

 

YENİ İLDEN İLK XATİREM

Uşaqlıq dövründen en birinci yadımda qalan xatire kütlenin heyretli ve şuluq hereketi böyük me’bede doğru idi. Hamı bir-birini tanrımızın ilahemizle evlenmeyi münasibetile sevincle tebrik edirdi. Bu tebriklerin me’nasını başa düşmürdüm. Qabağa getdikce musiqi aletlerinin neğmeli sesini daha gur eşidirdik. Men hevesle olacak hadiseleri gözleyirdim. Axirda bir böyük meydana girdik. Yeni tikilmiş böyük Ekur me’bedi uca minaresile qarşı terefden göze çarpdı... Bu tenteneli merasim başımı çox qatmışdı. Sonralar bele bir fürseti elden vermirdim. Böyüdükde yeni bayramın dastanını yazmaq qerarına geldim, buna görede çoxlu araşdırmalar aparib, sorğular etdim. Mektebde onun en kiçik xırdadalıqlarini da öyrendim. Cüretle onun nezme çekilmiş metnini yorulmadan defelerle oxudum. Onu da qeyd edim ki, biz şer ve şair seven xalqlardanıq ve onun üçün sözlerimizi şerle ifa edirik. Etdiyim araşdırmalarda bu neticeye geldim ki, yeni bayramın yaradanları biz Sumerler olmuşuq ve onun hekayesi beledir:

Sevimli ilahemiz İnanna Venus ulduzundan gelibdir ve ya bu ulduzla böyük elaqesi var. Bize göre bu ulduz çox isti bir ulduzdur. Bu ulduzun istiliyini ata-babalarımız nece bildiyini mende bilmirem. İstimi? Onuda bilmirem. İnanıram ki, bu ulduzun istiliyi ilahemize istilik ve cinsi qüvve bağışlayır. Ona görede onu eşq ilahesi adlandırırıq, eşqi ve aşiq olmağı bize öyreden o olubdur. Eyni zamanda nifret ve ixtilaf da bize ondan irs yetişib. Bütün müharibelerde rehberlik ve şahların qelebe qüvveside o olubdur. Ilahemiz hedsiz gözel ve cazibeli olduğu üçün çoxlu isteyenleri olubdur. Onlardan biride gecemizin tanrısı yanıqlı Domuzi olmuşdur. Biz qedim zamanlarda bir Domuzi şahın olduğuna inanırıq. Padşahlarımız özlerine çoban leqebi vermişler, sebebi belke de çobanın qoyunları, padşahların da xalqı qorumasıdır. Domuzi padşahın milletimizin yanında çoxlu hörmeti vardır, belke de onagöre ona tanrı gözüile baxırdılar ve ya doğrudanmı o tanrı idi ? Onu da bilmirem.

İlahemizi isteyenlerden birisi de Ankimdo tanrısı olmuşdur. Bunların her ikisi ilahenin üreyini ele getirmek üçün reqabet aparirlar, biri istehsalından süd hediye getirir ve obiri pive, biri quzu kesir, obiri geyim hedye edir. Amma ilahenin üreyi ise Ankimdoya bağli olmuşdur. Amma Dommuzi ilahemizin qardaşinin vasitesile ilahe ile evlenir. Günlerin bir gününde ilahemiz bacısı şahzade xanım „Ere şekiqal„ yer altınin hakimini görmeye getmek isteyir, eceba oranın hakimiyetin elinemi keçirdmek isteiyirdi? O, bilirdi ki, yer altı dünyasına geden qayıtmaz. O, özünü ilahe sanıb bacısı ise hakim bilirdi, yer üzüne yeniden qayitmağa ümidi varıdır, amma buna baxmıyaraq ilahe öz vezirine tapşırır: Üç güne qader yer üzüne qayıtmasam tanrılar cemine gedib ve meni ordan qurtarmağa yalvararsan.

İlahe öz gözel ve şahane paltarlarını geyir ve bütün qızıllarını taxır, „Şaqqoray„ tacını başına qoyub ve debdebe ile yer altı dünyasına gedir. Birinci qapıdan girerken, qapıçı ona deyir: Bu veziyetle hara gedirsen? İlahemiz cavab verir: Görmürsenmi, men eşg ilahesi İnannayam va bacımı, sizin melekenizi görmeye gedirem, qapıçı deyir: Her kim olursunuz olun buraya gelen buranın qanunlarını bilmelidir, paltarınızdan birini çıxardın ve onun paltarlarından birini çıxardır, ilahe yeddi qapıdan keçerken bir paltarın çıxardı