8-nji Mart halkara Hanymlar
güni gutly bolsun! ![]()
Halakara
Hanymlar gününi dünýäniñ ähli hanymlaryna,
ylaýta-da taryh boýy dünýäniñ iñ
azad-erkin gelin-gyzlary we Eneleri ornunda
ýer alyp ýaşap gelen türkmen hanymlaryna tüýs ýürekden gutlaýarys.
Türkmen gelin-gyzlaryna
we Enelerine diñe bir nesil
dowam etdirijiler hökmünde baha bermeklik
örän ýalñyş bolar, sebäbi olar
diñe bir nesli däl eýsem
başda gözel, baý we güýçli
Ene Dilimiz bolmak bilen bütin
maddi we ruhy gymmatlyklarymyzy hem mukaddesliklerimizi aýawly saklap, ýaşadyp hem baýlaşdyryp gelen gudratlar, has dogrusy türkmeniñ milli durkuny tutuşlygyna otdan-suwdan, döwden-şeýtandan
gorap gelen ýarym-Tañrylarymyzdyr.
Türkmen hanymlary
taryh boýy hatda iñ agyr
hem aldym-berdimli günlerde-de
erkekler bilen egin-egine berip, siýasy geñeşlerden tä söweş meýdanlaryna
çenli bir ädim-de gaýra durman
gelendiklerini bu gün taryh ylmy
doly ykrar edýär we olary
alkyşlaýar.
Bu
uly güni ýene bir gezek
Enelerimize, gelin-gyzlarymyza
tüýs ýürekden gutlamak bilen, ylaýta-da bu günki
Türkmensährda (Günorta-Türkmenistanda)
yza galak, medeniýetsiz we fars rasizmine esaslanan, aýratyn-da hanymlaryñ ganym-duşmany bolan „yslami“ režimiñ aýylganç zulmunyñ astynda ýaşaýan hanymlarymyza bu garagünlerden tizlik bilen gutulmaklaryny
beýik tañrydan dileg edýäris. Olaryñ hatda şeýle
agyr günlerde-de Türkmenlik durkymyzy, dilimizi we mukaddes
däp-dessurlarymyzy gorap
türkmen ojagyny yssy saklamagy başarjakdygyna-da doly ynanýarys.
Türkmen Milli-Demokratik Hereketi (Türkmenlik)
Mart
2006