Mukaddes Baıdak Baıramy Dünıä Türkmenlerine Gutly Bolsun

Hormatly ildeşler,

Bilşimiz ıaly 1991-nji ıylyñ aıaklarynda öñki sowıet hökümetiniñ dargamagy bilen gadymy ata watanymyzyñ demirgazyk bölegindäki doganlarymyz özleriniñ garaşsyz döwletine eıe boldular. Bu garaşsyz döwlet dünıäniñ ähli döwletleriniñ tarapyndan ykrar edildi we onuñ ıaşyl baıdagy Birleşen Milletler Guramasynyñ öñünde türkmen kimliginiñ symboly hökmünde al-asmana parlady.Türkmenistan döwletiniñ tarapyndan 19-njy Fewral (Baıdak aıy) “Milli baıdak güni” diıip yglan edildi.                             

Biz bu “milli baıramy” başda garaşsyz Türkmenistanyñ ilaty bolmak bilen,dünıäniñ ähli türkmenlerine tüıs ıürekden gutlap, galan türkmenleriñ-de öz milli döwletine we baıdagyna eıe bolmaklaryny arzuw edıäris hem-de şeıle şanly geljegimize ynanıarys.

 

Türkmenistan(Türkmensahra) milli hereketi                                                                                                                                                                                                              

 

Türkmen milli-demokratik hereketi(Türkmenlik)

 

16.02.2006