Gökdepe söweşinde şehit bolan bagşy
Hakynda
Söweşe gatnaşan bir
Türkmeniñ gürrüñi
Çapa taýýarlan:
Seýitmyrat Öwezbaýev
Türkmenovedenie journaly
1927-nji ýyl 1-nji san
Türkmençä terjime eden:
Nargylyç Hojageldiev
Aşgabat
1991
«Altyn
guşak»
Kril hatyndan Latynça geçiren:
Akmurat Gürgenli
2006 ý.
Parag
Redaksiýadan
Şu makalany ýerleşdirmek bilen, bir zady öñünden aýdyp goýmagy borjumyz hasaplaýarys: 1880—1881-nji ýyllaryñ gandöküşikli günlerini ýadyndan çykarmadyk Türkmeniñ beren gürrüñleriñ, onuñ hut özüniñ başyndan geçiren duýgularynyñ täsiriniñ ýitmezligi üçin, daşyndan göräýmäge yýzygiderlilik saklanmaýan ýalydygyna, beýan edilýän wakalaryñ hronologiýa doly laýyk gelmeýändigine, türkmeneleriñ çözüşlaryna artygyrak orun berilýändigine garamazdan, bu zatlaryñ hemmesi el degrilmän galdyryldy.
S.Öwezbaýev Türkmen halkynyñ arasynda aýdylyp ýören
rowaýatlaryñ, ýatlamalaryñ, hekaýatlaryñ hem tymsallaryñ giden bir tapgyryny
yýzygiderli ýazga geçirmeklige girişdi, bu gürrüñ hem şol tapgyrdan
kiçijik bir parçadyr. Bu gürrüñ patyşa imperializminiñ ýowuz güýji bilen
mynjyradylan Türkmen durmuşynyñ iñ soñky hasratly günlerini
obrazlaýyn beýan edýär. Bu ýerde öz häkimligi sebäpli yýnjalykdan gaçan Britan şeriniñ
hem kölgesi görünýär.
Türkmenovedenie jurnal
******
A |
man aga, Amangeldi Göni, Gönübek «Türkmençilik» zamanasynyñ
ýeke-täk hem iñ gowy nusgasydy. Ol tekeleriñ syçmaz tiresiniñ arap urugundandy.
Nurberdi hanyñ birinji geñeşdary hem sag goludy. Onuñ pikri,
onuñ sözi halkyñ, tutuş şol döwür jemgiýetiniñ pikri, sözi
hasaplanýardy. Ol gatnaşmasa, ýekeje-de uly maslahat geçirilmezdi. Ol
taýsyz sazandady, Türkmen sazynyñ atasydy, onuñ ýaly saz çalyp bilýän adam
häzirem ýokdur. Ol ölemen çilimkeşdi. Ol Nurberdi hanyñ
baştutanlygynda birnäçe atly-abraýly gojalary ýanyna alyp, Ahalyñ o çetinden
o çetine aýlanardy, olar her obada diýen ýaly düşlärdiler,obalar
arasyndaky oñşuksyzlygyñ anygyna ýeterdiler, gan duşmanlary
ýaraşdyrardylar, dürli jemgiýetçilik hem syýasy wakalar babatda halk
köpçüliginiñ pikrini bilerdiler. Şahsy durmuşynda Gönübek
kiçigöwünli, pukara adamdy. Sypaýylygy, alçaklygy, hemme kişä deñ gözde
garaýanlygy üçin ony hemme kişi syýlardy, hormatlardy. Onuñ öýi
hemişe märekeden doludyr. Ýakyn hem alys obalardan gelen dost-ýarlary onuñ
öýünde ençeme günläp ýaşardylar. Onuñ öýünde üýtgeşik bir dessur
saklanypdyr, ilden ilki uklan ýa-da ajygan adam masgaraçylyga galan
hasaplanypdyr. Elbetde, onuñ öýünde-de uklanardam, iýlibem-içilerdi. Bu ýerde
gep başga zatdady. Hemme kişi bir wagtda ýatmalydy, hemme
kişi bir wagtda iýip-içmelidi. Dürli ýerlerden gelen adamlar ýurt
gürrüñini ederdiler, öz gün-güzeranlary barada derdinşerdiler.
Myhmanlar hem gelip-gidýänler üçin ot-iým, uwn, hurşlyk
goýun gerek bolanda, Gönübek ilkinji gabat gelen adamy islendik barjamly
adamlaryñ üstüne ibererdi, zerur zatlaryñ hemmesi edil onuñ öz ambaryndan ýa-da
sürüsinden getirilýän dek, şol demde taýyn bolardy. Onuñ haýyşyny ret
etmelidir ýa-da ondan hak-heşdek soramalydyr diýen pikir hiç kimiñ
kellesine-de gelmezdi, bu zatlaryñ hemmesini Gönübek üçin berer goýbererdiler. Onuñ
köp dost-ýarlary, sarpasyny saklaýan adamlary özlerinden bilibem ähli gerek
zatlary getirer durardylar.
Bu adamy hemme kişi syýlaýardy, hormatlaýardy, onuñ
sözüni ykrar ederdiler, halkyñ begenen ýerinde begenýän, gyýnan ýerine
gyýnanýan, il-günüñ ruhy daýanjy bolan bu adam şeýle ýaşapdy,
şeýle hem ömür sürüpdi.
Yne onñ
nähili lebzine berk adamdygyny görkezýän käbir gylyklary hakda gürrüñ berýin.
Biz birnäçe ýüz adam bolup, Kerimberdi işan, Nurberdi han hem
şol döwrüñ birnäçe atly-abraýly adamlary bolup bile Gäwers obasyna
ýygnandyk. Parslar şol ýere çozmaga taýýarlanýarmyş diýen
gürrüñ bardy. Näzdepede—(Bamydan 25km-däki oba, 1869-da obanyñ
ähli ilaty Büjnurt hökümdary Haýdarguly han[Şatlu]
tarapyndan girew hökmünde Eýrana sürlüpdir)—
Bolan wakanyñ gaýtalanmazlygy üçinem şol ýere
üýşüpdik. Bu ýere ýygnan adamlaryñ hemmesi toparlara bölünşip, oba
adamlarynyñ öýlerinde ýaşaýardy. Ýörite meýdança arassalanyp, Kerimberdi
işan, Nurberdi han dagy köpsanly namaz okaýan adamlar bilen bile şol
ýere üýşýärdiler hem namaz okaýardylar. Kerimberdi işan Mekkä 6 aýda
gidip-gelipdir, hajy bolany üçin ol gaty syýlanýardy. Birmahal Nurberdi han Mara
gidende onuñ ýerine Ahalyñ hany bolmaga Gurbanmyrat işan syýnandy,
hatta “soltan Sanjar mazy” (Saný–ثانی 2-nji diýilse dogry bolardy- AG)
diýbem at berdiler, bu işiñ soñy Tilki hem Ganjyk obalarynyñ
arasynda gan dökülmegi bilen tamam boldy, Gurbanmyrat işan soñra iliñ
gözünden düşdi.
Biziñ goñşy ýurtlar bilen nesilme-nesil alyp baran
göreşlerimiziñ arasynda ruslara garşy göreşimiz iñ agyr, iñ gan
döküşikli, iñ gaýdusyz göreş boldy. Gökdepe galanyñ diwarlarynyñ
eteginde, içinde, guma tarap gaçylyp gidilen ýolda, gala goralanda, ýykylanda,
ol alnandan soñky üç günüñ dowamynda 15 müñden köp adam öldi. Biziñ ähli emlägimiz
dargady. Ýesir düşen çagaly aýallarymyzyñ, ýöne çagalarymyzyñ özleriniñ
her haýsy bir ýurtdan çykdy, ýeñijileriñ, biziñ başymyza düşen
betbagtlykdan peýdalanan goñşy duşmanlarymyzyñ elinden eline geçdi.
Güýçler deñär ýaly däldi. Ýeñilen adamlaryñ başyna nähili günleriñ
düşjegi hemme kişä-de, her bir adama-da äşgärdi. 12-nji ýanvar,
sowuk gyş güni biziñ erkana ýaşaýşymyzyñ iñ soñky güni hem
Türkmençiligiñ hem mazara dykylan güni boldy. Şol elhenç günden biziñ
tutuş köne durmuşymyzyñ harabalygynda ösüp ugran täze durmuş
başlandy.
“Täze”, halk üçin agyzdyryk bolan durmuşyñ nähili
betbagtçylykdygyna göz ýetirilmegi, ýeñilmekden nähili ejir, sütem, maddy hem
moral ýitgiler çekiljekdigine göz ýetirilmegi galaný goraýjylara güýç-kuwwat
berýärdi, olary uly gahrymançylyga, janaýamazlyga, «öz-özüñi heläklemäge»
ruhlandyrýardy. Elbetde, ol günleriñ «öz-özüñi heläklemegi» biziñ
günlerimizdäki «öz-özüñi heläklemek» däldi. Güýçleriñ deñ däldigininiñ, biziñ
ahyr soñy hökman bagtymyzyñ ýatjakdygynyñ şol betbagtçylykly günden has
ozal aýdyñ bolandygyny aýtmak gerek. Şeýle-de bolsa galanyñ gaýduwsylyk
bilen goramagymyzy dowam etdirýärdik.
Inglis wekili, olaryñ adyndan gürlän adam [O’Donovan
«Turkmenvedenyýe» jurnalynyñ çykgydy?-AG] ýarag kömegini berjekdigini wada
etdi. Emma ahyryna çenli şol kömek diýilýän gelmedi. Ýowuz günler
golaýlaşýardy... Ölenler ozdurdy, olar öz işlerini bitirdiler,
şonuñ üçinem olar rahat, bagtyýar, basymrak ölseñdiñ... bu
elhençligi... masgaraçylygy... depelenmegi görmeli bolmasaýdy” diýen
pikir beýniñe barha pugta ornaşýardy. Haýwana mahsus gorky
duýgusy ýatdan çykypdy, ýigitler ýaýdanman çozuşa gidýärdiler, özem hiç
zatdan heder etmän, öz wepat bolan ýoldaşlarynyñ jesediniñ üstünden geçip
gidýärdiler. «Ýaşanyñdan öleniñ ybalý» diýen pikir uludan-kiçä
hemme kişiniñ añyna ornapdy.
Käbir pursatlar, käbir ýagdaýlar edil şu günki ýaly bolup
hakydamda janlanýar. Ýadyma düşýär, bulutsyz, güneşli gündi. Meniñ
ýaram ýagşylaşýardy, ýöne entek bütinleý bitip gitmändi. Galanyñ
içine tüpeñ oklary düşüp durdy, käte bolsa granat ýarylýardy. Çagalar
ylgaşyp, ok çöpleýärdiler, olaryñ atalary bolsa, elleriniñ boş wagty
ol oklary eredip, öz hyrlylary üçin togalak seçme guýýardylar. Bu işiñ
soñy käbir çagalar üçin ölüm bilen gutarýardy, şeýle-de bolsa, ok çöplemek
zerurdy, çagalaryñ güýji ýetýän bu iş dowm edýärdi . Ruslar galanyñ
diýwarlaryna golaý gelipdiler. Adamlaryñ bolşundan, gürrüñlerinden
duşmanyñ alkymlap gelmeginiñ nähili howpludygy bildirip durdy. Men tümden
daşaryk çykypdym. Kim eli gylyçly, kim pyçakly, kim taýagyñ uwjuna dañlan
gyrkylykly, galanyñ diwaryna tarap barýardy, kimler ylgaýardy. Tüpeñi,
pistoleti-sapançasy bar adamlaryñ bary eýýäm şol ýerdedi hem duşmana
ok ýagdyrýardy. Men duwşumdan geçýän adamlaryñ her birini oñat dilegler
bilen ugradýardym, olaryñ tutuk ýüzlerine syýn edýärdim.
Segsen ädim takmyn öñ ýanymdan bir garry aýal maña tarap
gelýärdi. Ol ýañy tamdyrdan çykan çörekli kerseni ýanbaşyna göterip
gelýärdi. Ol töwerekde bolup geçýän wakalara-da, olaryñ juwwuldysynda-da başynam
galdyranokdy. Men gapdalymdan ylgaşyp barýan adamlary ýagşy dileg
bilen ugradyp durşuma bar zady unudypdym. Men ýene eli çörekli gelýän
garry aýala tarap seredemde, onuñ ölüp ýatandygyny gördüm. Ol gyzgyn gan daman
üýşmek çöregi göwresi bilen ýarym ýapyp ýatyrdy. Onuñ duwşundan
ylgaşyp geçip barýan adamlar ýatan jesediñ ýanynda saklanýardylar.
Çommalyp oturýardylar-da, gana boýalan çörekden bir bölejik döwüp
alýardylar, ony agyzlaryna atyp:
–
Hudaý jan, bize-de şunuñ
ýaly añsat ölüm ber-dä!– diýşip, öz ýollaryna gidýärdiler.
Başy dik gaýdyp gelenler gaty az boldy,
köpüsi ýaralanypdy, maýyp bolupdy. Gidenleriñ bir bölegi bolsa baky rahatlyk
tapdy, näme bolarka, nähili masgaraçylygyñ üstünden barlarka diýen ejirli
garaşmadan dyýndy. Kä o ýerde, kä bu ýerde mergenleriñ yýzyndan suw
eltip berýän ýa-da getirlen maslyklaryñ arasyndan öz hossarlarynyñ jesedini
gözläpýören aýallar görünýärdi.
Şol günlerde Gara batyr–
haýsy tiredendigini, haýsy urugdandygyny bilemok,– duşman okundan heläk
bolandygyny özüm görmedim, ýöne gözi bilen gören adamlardan eşitdim.
Uzakdan ruslaryñ garymlary hatara uzanyp
gidýärmiş. Olaryñ sag gapdallarynda atly kazaklar topar tutup
durmuş. Käte-käte atyşyk sesi eşidilýärmiş.
Duşmanyñ okuna juda seýrek jogap berýän galany goraýjylar öz aralarynda
ruslaryñ nähili hereket etjekdigi barada pikir alşypdyrlar. Gije çuw
ýalañaç bolup duşmanyñ arasynda aralaşan, garawuluñ ýanyna duýdansyz
baryp, gylyç bilen ony çapyp hem berdankasyny olja alyp, sag-aman dolanyp gelen
birini ýatlapdyrlar. Başga-da şonuñ ýaly üç sany adamyñ gije
duşmanyñ garymlarynyñ daşyndan aýlanyp, olaryñ ýeñsesinden gelip,
uwklap ýatan iki sany ofiseri hem üç sany soldaty öldürendikleri hakda gürrüñ
edipdirler. Olar iki sany rovelver[sapança], üç sany tüpeñ we öldürlen adamlaryñ
ädiklerini olja alyp, sag-aman dolanyp gelipdirler. Öldürlenleriñ ikisiniñ ofiserlerdigini
rovelverlerden hem olaryñ ýerlerindäki çadyrdan bilipdirler. Munuñ ýaly
şowlulyk bagtyñ getirdigi hasap edilýärdi, ozaly bilenem edermen
ýigitleriñ batyrlygynyñ netijesi hasap edilýärdi. Şonda Diñlidepäniñ
edil alkymynda bir tümüñ üstüne granat düşüp, dört adamy öldürendigini hem
ýatlapdyrlar.
– Ajal kastyña çyksa, nirede
bolsañam tapar. Ajalyñ ýetmese her ýerde bolsañam, her hili ýagdaýa
düşseñem aman galarsyñ– diýip, goja mergenleriñ biri aýdypdyr.
–Hudaý öz amanadyny diñe gerek wagty
alar, bu diñe onuñ islegine baglydyr–diýip, ol sözüniñ ahyrynda
aýdypdyr.
–Eger men onuñ amanadyny eltip öñünde
goýsam, ol almazmy?– diýp, Gara batyr sorapdyr.
–
Beýdip bilmersiñ– diýp,
mergen jogap beripdir.
–
Bu adamyñ elindäki zat
däldir.
–
Ine şu gün, hut häziriñ
özünde men oña amanadyny gowşuraryn. Ol islese-de bererin, islemese-de.
Gara batyr şeýle diýipdir-de, gala
tarap gidipdir, sähel salymyn-da atyna atlanyp gelipdir. Elindäki
naýzasyny hem ýapyrbyrak tutupdyr. Ol galanyñ günorta derwezesinden geçip, onuñ
diwarynyñ etegini syýryp, oturan hem gyýşarlyp ýatan ýoldaşlarynyñ
ýanyna barypdyr. Olara:
–
Görüñ, men häzir hudaýa
amanadyny tabşyrmaga gidýärin. Islese-de bererin, islemese-de diýpdir.
Onuñ aýagynyñ astynda ajaýyp dor aty bar eken. Ol
eýere tarap ýapyrlypdyr-da, atly kazaklara tarap ok ýaly atylypdyr. Yýzynda
galanlar oña bilegsigelijilik bilen syýn edipdirler. Ruslaryñ garymlaryndan ok
atylmasy artypdyr. Kazaklar şol öñküsi ýaly topar tutup duwrmuşlar.
Gara batyr olaryñ ýanyna ýüzin salyp barypdyr-da, şobada ikisini atdan
agdarypdyr. Uzakdan Gara batytyñ hemme hereketini aç-açan syýnlamak mümkin
bolmandyr, ýöne duşmanyñ başyna düşen başagaýlyk gaty uly
bolupdyr. Birnäçe kazak atdan agypdyr, birnäçesi atyny ýüzin saldyryp gaçyp sypypdyr.
Gara batyr gala tarap yýzyna
dolanypdyr. Oña tarap ok ýagdyrypdyrlar. Ol atyny peýwagtyna öñürdigine
goýberip, galanyñ diýwaryna, gürrüñleşip bolar ýaly aralyga gelipdir.
Şol ýerde hem ol atyndan agyp gaýdypdyr. Duşman oky degen pursatynda
onuñ ömür tanapyny şarta ýolupdyr.
Gara batyryñ edermenligine haýran
galyp duran ýoldaşlarynyñ bar keýpi gaçypdyr, olar Gara batyryñ jesedini
ýygnamagynyñ ugruna çykypdyrlar.
–
ol öz sözünde durdy,
şehit boldy– diýip, ony göterip gelýänleriñ biri aýdypdyr.
–
Ajal onuñ yýzyndan ýetdi–
diýip, Gara batyryñ jesedini getirmäge kömekleşip, onuñ atyny iýdip gelýän
goja mergen aýdypdyr.
Hasrat uzaga çekmändir, şo demde gamgynlyk adamlaryñ
ýüzünden syýrylypdyr. Sebäbi Gara batyr ençeme agyr günleriñ hem giýjeleriñ
azabyndan dyýndy ahyry! Şunuñ ýaly, şuña meñzeş edermenlikler–
öz-özüñi heläklemek köp bolupdy.
Kepeläniñ
köri ady bilen meşhur iki gözi hem kör bagşy galanyñ
ýykylan güni gyýkylyk-galmagalyñ gelýän tarapyna ylgapdyr. Ýöne ol betbagt
görgüli özüniñ gaçjak bolşundan pýda ýokdugyna derrew göz ýetiripdir. Ol
ölenleriñ jesedine, ýaralylaryñ göwresine, çukurdyr tümmege büdüräp, iki
ädimiñ birinde ýykylypdyr.
–Il-gün, ýurt
hakdaky iñ soñky aýdymymy aýdaýyn–diýipdir-de, ol oturyp, dutaryny
gabyndan çykarypdyr, sesiniñ ýetdiginden aýdyma gyýgyrypdyr. Emma ajal oky onuñ
aýdymyny ortasyndan ýolupdyr. Gulagyñy gapyp gelýän top-tüpeñ sesiniñ,
dumly-duşy gaplap alan ýagynyñ, elhenç zenzelesiniñ, aýallaryñ hem
çagalaryñ agy-nalasynyñ, güpür-tapyryñ arasynda Kör bagşynyñ aýdymy
erkana, kakabaş türkmençiligiñ soñunyñ gelendigi hakdaky endamyñy
tikeneklediji pygan bolup ýañlanypdyr.
Şol wagtky ýagdaýyñ çykgynsyzlygy, muña hemme kişiniñem gözüniñ
ýetikligi hakda Guba şahyr diýen biri hem aýdypdyr.
Ruslar ilkinji gezek çözuşlarynda, gala entek gurlup gutarylmandy. Ähli
maşgalalar öýlerde, çatmalarda, tümlerde galanyñ galanyñ içinde
ýaşaýardylar. Ruslaryñ hüjümleri galanyñ diýwarynyñ daş ýüzünde
yýzyna serpikdirilýärdi. Giýjelerine duşmanyñ üstüne nobatma-nobat hüjüm
edilşi ýaly, giýjelerine galanyñ daşyna hem nobatma-nobat güýçli
garawul goýulýardy. Galada aksakgallar bir onuñka, bir munuñka ýygnanyşyp,
bilelikde nähili zerur çäreleri geçirmelidigi barada maslahat edýärdiler.
Başga çäreler bilen bir hatarda, biziñ Garrygalanyñ ýanynda parslardan
basyp alan ýalñyz topumyzy Änewden Gökdepä geçirmeli edildi. Änew hemişe
biziñ gowşak ýerimiz hasap edilýärdi. Biz golaýda parslary ol ýerden kowup
çykarypdyk. Ol ýerden kowlan iýlat öz hanlaryndan jeza beriji ýöriş
gurnamagy hem Änewi ýene-de basyp almagy köp gezek haýyş edipdi. Biz
ýekeje topumyzy howp abananda, golaýdaky obalary habardar etmek üçin şol
ýerde goýupdyk. Top sesi çykan badyna, her kim hiç zada
garaşman, ýarag şaýyny tutup, Änewe kömege ýetişmelidi,
golaýdaky beýleki obalara hem çapar iýbermelidi. Biz Änewi alanymyzdan soñ,
ikinji ýyl bir gezek şunuñ ýaly duýduryş berenimizde, ol ýere sekiz
müñe golaý atly ýygnanypdy. Ine şol topy hem Gökdepä getirmeli
edildi. Mundan başga-da däriniñ bahasyny gymmatlatmagy, artykmaç
ýarag saklamagy gadagan etmek karar edildi. Abdulla ussa topa ok guýar
ýaly, döwük kündükleri hem gazanlary hökmany suratda oña tabşyrmaly edilipdi.
Ýene-de watana wepalylyk barada, ony “kapyr” ruslardan gaýdusyz goramak barada ählihalk
kasamyny kabul etmeklik karar edildi. Buharadan, Hywadan biziñ boluşymyzy
makullaýan habarlar gelýärdi.
Urş
hereketlerine başlanmazynyñ öñ ýanynda geçirlen ullakan maslahatda Hanmämmet
atalyk(syçmaz) bilen Orazmämmet han (beg) urşmaga garşy
gürlediler, öz pikirlerini güýçleriñ deñ däldigi bilen, Türkmenleriñ ýaragynyñ
ýokdugy bilen, güýçleriñ hem serişdeleriñ gatnaşygy şeýlekä
hökman agyr netijeleriñ üstünden baryljakdygy bilen esaslandyrdylar. Olar
özlerine gepleşik geçirmäge ygtyýar berilmegini teklip etdiler, ilata
bolsa, maşgalalaryny guma göçürip, şol ýerde gepleşikleriñ
netijesine garaşmagy maslahat berdiler. Gepleşikler başa
barmasa, urşy kiçijik toparlara bölünip alyp barmaly diýdiler. Olaryñ
pikriç gala salyp oturmagyñam geregi ýok eken. Olar galanyñ salynmagyny hem ilatyñ
bir ýere ýygylmagy basybaljylaryñ işini añsatlaşdyrar
diýdiler. Özlerine ygtyýarly kyrk adamyñ berilmegini haýyş etdiler.
Maslahata ýygnanlaryñ aglaba köpüsi olaryñ pikrine garşy boldy. Olar
ruslar yslamyñ müdimilik duşmany, olar bile ýaşaşmak mümkin däl,
ýurdumyzy tükeniksiz gandöküşiklik bilen juda gymmat satyn aldyk, biziñ
daş-töweregimiz aç-açan hem gizlin duşmanlardan doly, bu ýerden
başga gidere ýer ýok diýdiler. Biz öz ýurdumyzda otyrys, ruslara azar
beremizok, olar bilen şärik zadymyz ýok, olara bizden näme gerekmiş?
Onsañam dünýäde Orsýetden başga Angliýa, Türkiýe, Fransiýa, Hytaý ýaly
döwletlerem bar ahyryn, olar ruslara edenini edip ýörmäge ýol bermezler. Biz
gala gurup, ähli garyndaşlarymyza hem goñşularymyza kömek sorap ýüz
tutmaly. Biz galanyñ içinde öz ýurdumyzy gorap, öz maşgalalarymyzy gorap,
tä iñ soñkymyza çenli ölmeli, ýöne özümize agyzdyryk saldyrmaly däl. Biziñ
topragymyz goralmagyna hem pida çekilmegine haklydyr. Ähli gorkaklar,
ikirjiñlenýän nalajedeýinler, ylalaşyjylar, urşa, goranmaga garşy
dönüklik edýän adamlardyr. Iñ soñunda hem biz Türkmenler duşmandan
gaçyp gidiberer ýaly Buharanyñ, Hywanyñ gorkak nökerleri däl ahyry.
Birnäçe ýyl şondan öñ Kerimberdi işan bilen bile Mekgeden
gelen araplardyr Türklerem öz-özüñi saklamak hem yslamyñ umumy işini
goramak üçin ruslar bilen gaýdusyz göreşmegiñ zerurdygyny aýdypdylar.
Ruslar öñlerem bu ýerlere aralaşjak bolup telim gezek syýnanşyp
görüpdiler. Ýöne atyrýadlary paýhynlanan soñ, olar yýzlaryna gaýdypdylar. Bu gezegem,
eger biz gaýdusyzlyk bilen pugta dursak, ruslar giderler. Eger biz olar bilen
gepleşiklere başlasak, gowşaklyk etsek, ýaýdansak, onda ruslar
hemişelik galarlar, özleriniñkileri getirerler hem bizi bar zatdan mahrum
ederler. Biz şonda näderis? Inglisler ýarag kömegini etmegi wada
berýärler. Eger ähli maşgalasyny bir ýere ýygnamasak, Türkmenler
urşmazlar. Iñ ahyrynda hem goý maşgalalarymyz biziñ bilen bile
heläk bolsunlar, bary bir olar bizden soñ olja bolarlar. Raýat bolmagyñ
nämedigini biz bu gün görmeli däl. Hatda dinibir halkdan hem onuñ
hökümdarlaryndan (Horezm) sütemden, paç-hyraçdyr kemsidilmekden başga
gören zadymyz ýok. Ruslar näme ondan gowudyr öýdýäñizmi? Olar ymamyñ
baştutanlygynda Kawkazyñ ýaryny parçaladylar diýýärler. Musulmanlar Ruma (Türkiýä)
gaçyp gitmäge mejbur bolanmyşlar. Iñlis patyşasy ruslary
halanokmyş diýýärler.
Urşuñ tarapdarlarynyñ, halkyñ aglaba köpçüliginiñ aýdan zatlarý şunuñ
ýalydy.
– Men ruslary halamok– diýip, Atalyk aýtdy.
– Men olaryñ kimdigini Hywada görendirin. Men Hywalylar bilen ruslaryñ
urşuna gatnaşdym ahyry. Meniñ watana–da, dini ygtykada-da
garşylygym ýok. Meniñ öz ykbalymyza, maşgalamyzyñ ykbalyna nebsim
agraýar. Men başga zat aýtjak däl. Eger gerek bolsa, men siz bilen bile
ölerin.
Märekäniñ allajy nazar hem goh-galmagaly Atalyga uzak gürlemäge maý bermedi.
Onuñ yýzyndan Orazmmät han gürledi.
– Ýurtlar hem halklar kasam bilen däl-de,
top bilen, tüpeñ bilen goranýarlar– diýip, ol gürläp başlady.– kasam, ant,
soñam lebziñden dänmek, ýurdy saklaman, gaýta weýran edýär. Men özümizi,
ýurdumyzy, çagalarymyzy hem aýallarymyzy şeýle aýylganç ejire sezewar
etmäge hiç hili zerurlyk ýokmyka diýýärin. Ruslar biziñ öñki sanyna
bakman gyran parslarymyz-da däl, tatlarymyzam däl. Eger siz bu
gün guran toprak galañyz bilen ruslara garşy durmak isleýän bolsañyz, bu
siziñ ýer ýüzünde galdyran iñ soñky keşdäñiz bolar. Ejiz towşan tüýräk?
bolsa ýagşy. Doñzuñ arkasyny tüýniñ tersine däl, ugruna syýpanyñ
ýagşy. Eger bu añkasy aşan mähelläniñ, aklyny aldyran adamlaryñ gepine
gitsek, biz ähli emlägimizem, özümizem heläk ederis. Maña gepleşik
geçirmäge ygtyýar edilmegini soraýaryn. Men bu kasamyñyzy kabul etmeýärin,
ähliñi hem etmekden saklanmaga çagyrýaryn.
Märekäniñ arasyndan gazaply sesler ýañlanyp başlady:
– Ruslardan näçe hak aldyñ?
– Hemşerleriñ kim?
– Haçan dinden dändiñ?
– Dönük!
– Haýyn!
– Ruslarý gyrmagy Atalyk bilen Orazmämmetden başlamaly!
Adamlaryñ sesinden olaryñ ýetjek derejesine ýetendigi, çäkden geçip,
Atalyk bilen Orazmämmet hanyñ bokurdagyna ýapyşaýmagynyñam daş
däldigi görnüp durdy.
Şolardan soñ geplän aksakgallar märekäni köşeşdirmek bilen
boldular, Atalyk bilen Orazmämmet hanyñ berýän maslahatynyñ ak ýürekdendigine,
olaryñ watany goramaga taýýardygyna ynandyrdylar. Ätiýaçlylyk hem seresaplylyk
etmek gowy zat diýdiler. Hemme kişini parahatlyga, pähim-paýhasa
çagyrdylar, her bir adama, onda-da Orazmämmet han bilen Atalyk ýaly
atly-abraýly adamlara öz pikrini, pähim-paýhasyny erkana aýtmaga mümkinçilik
bermegiñ zerurdygyny nygtadylar. Eger şeýle edilmejek bolsa, ondanam bir
maslahat bolarmy diýdiler.
Şeýlelikde, bu meseläniñ düýp manysy babatda bir-birine çapraz pikirler
orta atyldy hem aksakgallar belli bir karara gelip bilmediler, meseläni halkyñ
ygtyýaryna hödürlemeli, özem köpçüligiñ erki azlyk üçin hökmany bolmaly
diýen netijä geldiler. Köp müñ adam gatnaşan maslahat biragyzdan diýen
ýaly urşmaly diýen netijä geldi. Hut şol ýeriñ
özünde öz obalaryny hem tirelerini bulaýan aýry-aýry aksakgallary hem
olaryñ obasyny talaña salmaly, rus häkimiýetleri bilen aragatnaşyk
saklaýan Dykma serdaryñ obasy Börmäni talap, ondaky ähli
maşgalalary Gökdepä göçürip getirmeli etdiler. Çulba baýyñ
öýüni ýumurmak, Köşi obasyny weýran etmek bellendi. Şüpheliräk
görünýän köp adamlaryñ atlary agzaldy.
Ýöne öýleri ýumurmaly, obalary weýran etmeli bolmady. Müñ atlydan ybarat ýörite
otrýad bilen Börme obasy talanandan soñ, ikirjiñlenýän adamlaryñ hemmesi
köpçülige goşulyp, Gökdepe galasyna jemlenip başlady.
Şu wakalardan soñ ähli halk bolup kasam etmek baradaky mesele öz-özünden
çözüldi duruberdi. Märeke ilki bolup Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygyñ
ant içmegini talap etdi. Kasam şeýle ýagdaýda kabul edildi. Birnäçe
işanlaryñ, mollalaryñ, aksakgallaryñ arasynda duran Kerimberdi işanyñ
öñünde elde göçürilen äpet gurhany goýdular. Kasam edýänler işan bilen
gurhanyñ aralygyndan ýöne geçip gitse-de bolýardy, iki elini gurhana degirip,
ýüzüne syýlsa-da bolýardy! – Agyr märeke:
– Orazmämmet! Atalyk! – diýip, gyýgyryp
başlady. Halkyñ talabyna boýun bolup, olar ilki kasam etmeli boldular.
– Sen bir akmak halk ekeniñ!– diýip,
Orazmämmet han aýtdy. – özümiñ akmak bolanym üçin däl-de, seniñ akmak bolanyñ
üçin men şu kasamy kabul edýärin, şu ýerde-de ölerin. Özüñe abatlyk
islemeýän bolsañ, senem ölmegi başar!
Ol şeýle diýdi-de, gurhanyñ gapdalyndan geçdi.
– Men size Atalygyñ namart däldigini subut
ederin– diýip, Atalyk görgüli aýtdy.– Dinden çykan biz däldiris, dinden çykan
akmak halky nähak ýola iterýän adamlardyr. Ine menem geçýärin!
Müñläp-müñläp märeke başyny dik tutup, uly tertiplilik bilen şondan
soñky aýylganç wakalar biziñ aramyzda keserlip ýatan heläkçilik çäginden añry
ätmedi.
Bu
gürrüñi edilen wakalardan has soñ, Dykma serdar öz ýoldaşlary bilen Ruslardan
biziñ tarapymyza geçenmiş diýen habar ýaýrady. Dykma serdar özüniñ
ruslaryñ arasyna gitmeginiñ sebäbini olaryñ planlaryny, güýjüni biljek boldum
diýp düşündirdi. Ol indi bu işi gutaran hasap edýändigini, şonuñ
üçinem özüniñ hem Börmelileriñ maşgalalarynyñ esir alynmagynyñ
düşünişmezlikden bolan zatdygyny aýtdy. Öz sözüne gulak asan
ähli adamlar bilen bilelikde ähli halkyñ duran ýerinde durjakdygyna ynandyrdy.
Onuñ bu sözleri esasly diýlip bilindi hem ony saýry tutmak bes edildi.
Dykma serdaryñ sözlerine görä, rus otrýadlaryna iki sany türkmen–Musa han
bilen M.Düñder ýolbeletçilik edýärmiş, Dykma serdar Musa han bilen
dildüwşenmiş, ol rus otrýadlarynyñ planlary hakynda habar berip
durjakmyş. «Kim Musa hana gabat gelse, ony atsyn, ýöne urmasyn. M. Düñder
bolsa «kapyrlaryñ donuna» giren adam, ol Ruslara çyn ýürek bilen gulluk dýär.
Her zat etmeli welin, onuñ ýoguna ýanmaly» diýdi. Özüniñ soñky hereketleri
bilen Serdar öz wadasyny pugta berjaý etdi.
Ruslar barha golaýlaşyp gelýärdi. Biziñ bölek-bölek kiçijik atly
toparlarymyz kem-käs iş bitirmän duranokdy, ýone onuñ duşmana ýetirip
bilýän ullakan zyýany hem ýokdy. Galadan indi ýetip gelýän rus güýçleriniñ öñ
hatarlary görnüp başlapdy. Aýgytly çaknaşyk öñdedi. Gorky-ürkimiz ýokdy,
sebäbi entek köpçülik bolup, duşman bilen aýgytly çaknaşyp
görmändik, şonuñ üçinem hakykaty doly göz öñüne getirip bilmeýärdik.
Biz şondan ozal ruslary iki gezek görüpdik. Birinji Buhara emiri kömek
çagyranda, müñ atlynyñ hatarynda Ketdegorganyñ etegindäki söweşe
gatnaşypdyk. Emir Muzaffar ruslar bilen ýaraşyk barada gepleşik
geçirip başlandan soñ biz öýmize gaýdypdyk. İkinji gezek biz rus
otrýadlary uzyn adanyñ ýanynda guwry ýere düşjek bolanlarynda
olaryñ üstüne çozupdyk. Şonda ruslar bizden gämilerine gaçyp gutulypdylar.
Halk köpçüligi ruslary entek görmändi hem olar hakda bilýäñ zady ýokdy.
Galadaky köp adamlar: «Gylyjymyz ruslara ötermikä? Olaryñ näçe kellesi barka?
Her bir orsuñ näçe jany barka?» diýşip, öwünjeñlik bilen gürleýärdiler.
Ozal urşy gören, ruslaryñ kimdigine belet adamlar öz ýoldaşlarynyñ
boluşyna seslerini çykarman syýn edýärdiler. Diñe olaryñ käbiri «ony basym
özüñiz görersiñiz. Basym görersiñiz» diýen gyýsgajyk jümleler bilen jogap
berýärdiler.
Nurberdi
hanyñ uly ogly Berdimyrat han egni ýüpek donly, eli ýalañaç gylyçly galanyñ
hemme ýerine, öñ hatardaky mergenleriñ arasyna aýlanyp çykdy.
– Allanyñ dabaraly güni ýetip geldi– diýip,
ol aýdýardy. Ol güni garşylamak, öñem telim gezek toý edişimiz ýaly,
toý etmek gerek. Alla bizdendir. Ýeñsek bize uly şöhrat garaşýar,
ölsek jennet. Şatlykly ýylgyryp, ýalaw ýaly gylyjymyzy syýryp,
duşmanyñ üstüne şir kimin topulalyñ. Mert boluñ. Yýza çekilmek ýok,
rehim-şepagatam ýok. Ölmek üçin şu günden, şu günlerden, öñdäki
şol aýgytly günden gowy gün ýokdur!
Aýgytly günler golaýlaşýardy… Açyk howaly günüñ ir säheri ýadyma
düşýär. Aýmançalaryñ birinde Gönübek bir topar aksakgallary daşyna
üýşürip otyýrdy. Ol öten agşam düýş görendigini gürrüñ
berýärdi.düýşinde Gönübek ak çys eşejigini çapdyryp,
günorta-gündogara tarap barýarmyş. Öñünde-de bir telär(tölär)
garalyp görünýärmiş, eşejik ýüzüniñ ugruna şol teläriñ
üstünden uranmyş, ol hiç zat bolmadyk ýaly ýoluny dowam etdirenmiş,
Gönübek bolsa ýykylmanmyş…
–Kim meniñ bu düýşümi ýorup berjek?– diýip, Amangeldi Gönübek göni
oturanlara ýüzlendi. Hemme kişi sesini çykarman dymyp otyýrdy. Onsoñ
Gönübek özüniñ iñ ýakyn dostlarynyñ birine ýüzlendi hem öz düýşüni ýorup
bermegini haýyş etdi.
– İsleseñ ýoraýaryn– diýip, dosty jogap
bedri– Ýorup bereýin.
– Gaty çynym bilen haýyş edýän– diýip,
Gönübek janlandy.
– Bu gezek ruslar bizi ýeñip bilenok– diýip,
dosty düýşi ýorup başlady.– Ýöne, Gönübek, sen ölýäsiñ.
–
Ylahy omyn!– diýip, Gönübek
sakgalyny syýpap oturşyna üç gezek gaýtalady. – Sen bu düýşüñ
ýorgudyny bölek-bölek düşündir– diýip, ol soñra dostuna ýüzlendi.
– Ol çysja kiçijik eşeg-ä biz–
diýip, dosty jogap bedri.– Sen halkyñ syýlagly adamy, onuñ aýdymçysy, biziñ
durmuşymyzyñ ruhy daýanjy, şonuñ üçinem ol eşegi sen münip barýarsyñ.
Seniñ münip barýan eşegiñ üstünden uran teläri bolsa biziñ üstümize gelýän
hem ýolumyzda keserip ýatan ruslar. Eşegiñ teläriñ üstünden urmagy bolsa
öñümizde duran aýgytly çaknaşyk. Eşegiñ hiç zat bolman öz ýoluna gidiberşinden
görnüşi ýaly, biz öñümizdäki duran päsgelçiligi ýeñip geçýäris.
Seniñ ýykylyp galmagyñ bolsa, äşgär zat, biz soñky ýolumyzy sensiz dowam
etdirmeli bolýas– diýip, dosty düýşüñ ýorgudyny tamamlady.
– Ylahy omyn!– diýip, Gönübek ýene üç gezek
gaýtalady, ýene sakgalyny syýpady.
Oturanlar düýşüñ beýle ýorgudyndan nägile boldular, heý, şeýle
günlerde hem şeýle zatlary aýtmak bolarmy?! Ýöne gönübegiñ özi welin bu
ýorgutdan kanagatlandy.
– Şundan gowy, şundan dogry ýorgut
ýok, bolubam bilmez, men başga ýorgudy islämogam– diýip, ol aýtdy.
Şondan soñ üç-dört gün geçdi. Hemme zat ruslaryñ bu gün-erte galanyñ
üstüne döküljekdiginden habar berýärdi. Olardan öñürtmek karayna gelindi.
Dañbilen hemmämiz jem bolup hüjüme geçmegi, birden ruslar gala goragsyz
tarapdan hüjüm edende gaýtawul berer ýaly, galada diñe az sanlyja adam
galdyrmagy şertleşdik. Ir agşamdan başlap, uzak giýjesi
bilen taýýarlyk görüldi. Kim gylyjyny çalardy, kim taýagynyñ uwjuna gyrkylyk
berkidip jaýlardy, kim pyjagyny çalardy, kim gyssagarada ok guýýardy,
kim däri taýýarlaýardy. Daña golaý galanyñ diwarynyñ daş ýüzündäki käliñ
içinde ýer-jaý ýokdy, nökerlerden ýana hyryn-dykyndy. Şertli alamata
eýerip, hemme kişi «Alla!» diýip, duşmanyñ üstüne topulmalydy.
Hemme kişi howsala bilen garaşýardy. Säheriñ sergin şemaly ösüp
başlanam bolsa, entek garañkydy. Ahyry ýiti syýkylyk ýañlandy.
«Al-la-a-a! Al-la!» diýen sesler müñlerçe gursakdan dyýnygsyz çykdy.
Giýjäniñ dartgynly üm-sümligini ýañlandyryp, sansyz gyýkylyk-galmagal uzaklara
ýaýrap gitdi. Aýagy ýalañaç, köýneginiñ ýeñi, balagynyñ gonjy çermegli
mähelle gara ergin bolup ruslara tarap eñip ugrady, nämälim garañkylyga, syrly
garañkylyga siñip gitdi. Yýzy üzülmän, topar-topar bolup gygyrylýan
«Al-la-a-a!» diýen zowwam sesler atyşygyñ paýyrdysy bilen goşuluyşyp
başlady. Uzalyp gidýän duşman garymlary şol şol
pursatyñ özünde tüpeñlerden hem mitralýezleriñ azgyndan çykýan otdan ýaña
ýagtylyp gitdi. Başagaýlyk, başly-baratlyk bilen atýardylar. Toplar
dymýardy. Nökerler gidip baryşlaryna ýykylýardylar. Kim sesiz-üýnsüz
ýykylýardy, kim «oh!» diýýärdi, kim «ah!» diýýärdi, kim süýkdürlip gyýgyrýardy,
çirkin gyýgyryp ýykylýanlaram bardy. Daş-töwerek ýykylýan nökerden doludy.
Kimiñ ýykylanyny, nädip ýykylanyny, ýaralanyp ýa-da ölüp ýykylanyny seljerer
ýaly däldi.
Aman galanlar öñe ylgaýardylar. Yýzdan gelýänler ölenleriñ jesedine, ýaralylara
büdräp ýykylýardylar, ýerlerinden turup, ýene öñe ylgamagyny dowam edýärdiler.
Ýolda ýykylanlar gaty köp boldy. Ýekeje ok hem boş geçenok diýen ýalydy, sebäbi
gaty üýşmek bolnup çozulypdy, märeke hem inine ýaýrañdy, hem
öñi-ardy ýokdy. Ylgap barýan adamlaryñ ok degip ýykylýany köp bolansoñ, olaryñ
hatarlary barha seýrekleýärdi. Käýerlerde atyşyk kesilipdi, adamlaryñ
gyýkylygy, ýaraglaryñ jarkyldysy, sögünç, nagra eşdilýärdi, bu biziñkileriñ
duşmanyñ üstüne ýetendiginiñ hem çapyp başlandygynyñ alamatydy. Basym
garymyñ uzaboýuna atyşyk kesildi, hemme ýerde Türkmenleriñ sesleri
eşidilýärdi, käte olaryñ seslerine ruslaryñ düşnüksiz gyýkylygy hem
goşulýardy. Garymlardaky mergenleriñ birentegi çapyldy, birentegi
ýaralanyp taşlap gaçyp gitdi. Göze görnüp gaçýanlaryñ yýzyndan
kowýardylar. Adamlaryñ köpüsi garymlarda güýmenip galdy, olar ýarag, ok
gözleýärdiler, ölenleriñ aýakgaplaryny çykaryp aýlardylar. Daş-töwerek
ölülerden, ýaralylardan leýs bolup ýatyrdy, öli, ýaraly Ruslar,
Türkmenler, iññildi,– bu zatlaryñ hemmesi jemlenip tamamlanyp barýan giýjäniñ
alagarañkysyna düwlenen aýylganç kartinani emele getirýärdi. Käbir adamlaryñ
sudury bir eýläk, bir beýläk ylgaýardy, birnäçeler bolsa gala tarap eñipdiler.
Rus lagerinde nirelerdendir bir ýerlerde howsalaly gyýkylyk, düşnüksiz
sesler eşidilýärdi. Aradan birneme wagt geçenden soñ, Ruslar tarapyndan
ýene atyşyk başlandy, ýöne indi ol ullukan zeper ýetirip bilenokdy.
Howa ýagtylyp başlady. Hemme zat aýyl-saýyl boldy. Ruslar diñe mergenleriñ
seýrek hataryny galdyryp, garañkynyñ içinde gaty yýza çekilipdiler.
Biziñkileriñ köpüsi gala tarap dolandylar. Kim olja alan ýaragyny
getirerdi, kim öleniñ jesedini, kim ýaralyny alyp gelýärdi, käbirleri bolsa
hiç sebäp ýok ýerinden yýzyna dolanypdy. Garymlaryñ içi öldürlen rus
soldatlaryndan doludy. Kimiñ kelle çanagy pytradylypdyr, kimiñ garny
silkilipdir, kimiñ eli ýok. Özem her hili ýagdaýda ýatyrlar, hemmesiniñ diýen
ýalam egin-eşigi sypyrylgydy. Türkmeleriñem jesedi dürli ýagdaýda sergi
bolup ýatyrdy: kim ýüzin ýatyrdy, kim ýüplik ýaly süýnüp ýatyrdy, kim gapdalyna
gyýşaryp ýatyrdy. Haýsy ýanyna seretseñ, gan yýzy bolup duwrdy.
Biziñkileriñ jesetleriniñ bir bölegi giýje gala äkidilipdi, bir bölegi, has
dogrusy, köpüsi henizem ýygnalman ýatyrdy. Ýatanlaryñ birnäçesinde henizem dirilik
alamaty bardy. Jesetleri hem ýaralylary ýygnamak dowam etdirildi. Basym
söweş meýdany bütinleý arassalandy. Mergenler garymlara iki-ikiden hem top
tutup gelip başladylar. Olaryñ birnäçesiniñ elinde berdankasy bardy, batyr
ýigitler olja alan ýaragyny ogluna, doganyna ýa-da başga bir ýakyn
adamyna beripdirler. Olaryñ köpüsiniñ bolsa hyrlysy bardy. Ganym?
galanyñ bir ol ýerinden, bir bu ýerinden biziñ atlylarymyz çykyp başlady
hem dürli tarapdan duşman sapyna tarap süýşüp ugrady. Uzakdan topar
tutuşyp duran atly kazaklar hem görünýärdi. Toplardan ok atylyp
başlandy. Top oklarynyñ birnäçesi galanyñ içine ýa-da golaýyna
düşerdi, birnäçesi garymlara düşerlerdi.
Daş-töwerek hereketden doludy. Biziñ atlylarymyz kazaklaryñ yýzyndan kowup
gitdiler, piýada mergenleriñ oduna sezewar bolubam yýzlaryna gaçdylar.
Günortanlar atly ýigitleriñ bir topary dolanyp geldi. Olar atly kazaklaryn
yýzyndan kowandyklaryny, kazaklaryñ baştutanynyñ hem Türkmendigini gürrüñ
bedriler. Şol Türkmeniñ gaçyp barýarka zyñan zady diýp, bir bölejik kagyzy
bedriler. Ruslaryñ häli-şindi diýen ýaly dürli kagyzlary taşlap
durandygyny, ol hatlarda bolsa urşman boýun egmegiñ teklip
edilendigini aýtmak gerek. Ol hatlar haýbat atmak bilen tamamlanýardy.
Bir ýerden sowatly adam tapyp getirdiler. Ol hat Musa handan eken. Ol hatynda
ruslaryñ şu gün aýgytly hüjüme geçmegi ýüreklerine düwendigini, şonuñ
üçinem söweşe taýýar bolup durmagy maslahat berýärdi. Hatyñ mazmuny
galadaky ähli adamlara, galanyñ diwarynyñ daş ýüzündäki mergenlere
ýetirildi.
Şehit ölenleri ýuwup-artyp oturman, geými bilen jaýlamaly bolansoñ, bu
iş añsatlaşardy, şonuñ üçinem aradan kän wagt geçmänkä,
jaýlanmadyk ýekeje jesedem galmady. Gaty köp ýaralylar tümlerde hem öýlerde
iñleşip ýatyrdylar. Aýallary hem garyndaşlary olaryñ daşynda
pelesañ kakardylar. Ýöne hekimden, däri-dermandan peýda ýokdy, hemme zat
bedeniñ düşen ýara çydam edip biljegine-bilmejegine, ýaranyñ agyrlygyna
ýa-da ýeñilligine, ok ýarasydygyna ýa-da naýza ýarasydygyna baglydy. Kysmaty
dolan bolsa öler, ýogsa-da diri galar diýip, adamlar öz-özlerini
köşeşdirýärdiler, umyt edýärdiler. Adamyñ sanalgysy dolmadyk
bolsa, däri-dermanam häki bir sebäpdi. Kazasy dolan bolsada däri-dermandanam
peýda bolmaz
diýerdiler.
Toplaryñ hem tüpeñleriñ atyşgy güýçlenip başlady, uzakdan görünýän
gaýda-gaýmalaşyk, öñ hatardaky mergenleriñ hatarlarynyñ görülmegi Musa
hanyñ duýduryşynyñ dogrudygyny tassyklaýardy. Dolanyp gelen atly ýigitlerem
ruslaryñ söweşe taýýarlyk görýändigini tassykladylar. Ähli mergenleri
galadan daşary çykaryp, amatly ýerlerde ýerleşdirmek, men diýen
mergenleri saýlap almak kararyna gelindi.
Her zada garaşybermeli pursat geldi. Mergenleriñ ýerleşen ýerine suw,
azyk eltip gelen adamlar ruslaryñ adatdan daşary güýçli ot sowurýandygyny,
mergenleriñ köp ýitgi çekýändigini habar berdiler. Goşmaça güýç
gerekdigini, sebäbi Ruslaryñ güýçlerini jemläp, barha öñe omzaýandyklaryny
aýtdylar. Biziñ mergenlerimiziñ oky olara ýetmänsoñ, olar arkaýyn hereket
edýärmişler. Diñe olaryñ käbiri biziñ berdankarymyzyñ okundan heläk
boýlarmyş, ýöne berdanka bizde juda azdy.
Mergenler hem söweşe dowtalap beýleki adamlar topar-topar bolup
ýa-da ýekelikde öz saýlap alan ýerlerine gidýärdiler. Galada diñe sowuk
ýaragly adamlar galdylar. Olara biziñ mergenlerimize kömek gerek bolaýan
halatynda galanyñ diwarlarynyñ daş ýüzündäki käliñ içinde häzir bolmak tabşyryldy.
Biz dessine özümiziñ ýeke-täk topumyzy diñli depäniñ üstüne çykarmak bilen
bolduk. Birnäçe top okuny guýan Abdylla ussa topy atmaga taýynlanyp
başlady. Biz gaty köp adam bolup, bilesigelijilik bilen topuñ atylmagyna
syýn etmek üçin depäniñ üstüne çykdyk. Mazaly taýýarlanandan soñ, nyşana
alyp, Abdylla ussa topy güwledip goýberdi. Dürli tarapdan «ja-an!
ja-an!» diýen sesler ýañlandy. Topuñ nilinden çykýan goýy tüsse
daş-töweregi gabsap aldy. Tüsse darganşansoñ, Abdylla ussa ony
ikinji gezek atmaga taýýarlanyp başlady. Ýene-de şol öñki gümmürdi,
ýene-de şol öñki tüsse, ýene-de şol öñki begençli sesler.
Ruslar agyr märekäniñ depäniñ üstünde üýşmek bolup duranyny görüp, bize
tarap birnäçe top okuny gönderdi. Top oklary biziñ golaýjygymyzda ýaryldy,
onsoñ biz dargamaga mejbur bolduk. Diñe Abdyllanyñ ýeke özi atmagyny dowam
etdirmäge syýnandy. Ýöne mergenleriñ ýatan ýerinden bir adam top atmasyn diýen
haýyş bilen geldi, sebäbi onuñ oklary zordan mergenleriñ üstaşyr geçýärmiş,
olar özümiziñkiler üçin howplymyş, ruslara edip bilýän zady ýokmys.
Dogrudanam, top okunyñ atylyp barşyny-da syýnlap durmalydy, onuñ öñünden
sowlubam ýetişmek münkindi. Biz topumyzdan köp zada garşýardyk,
ýöne ony ulanşymyz şonuñ bilen tamamlandy. Ol top soñ-soñlaram
depäniñ üstünde idi-esewansyz uzak wagtlap ýatdy. Öñ hatarlardaky
mergenler biri-birinden eýmenç habarlar getirýärdiler. Uly ýitgiler
çekýändigmizi, ruslaryñ uly güýçleriniñ barha golaýlaşýandygyny, ýagdaýyñ
bütinleý üýtgemeginiñ äşgär bolup ugrandygyny aýdýarlar.
Günoratana golaý tüpeñlerden hem toplardan ok atyşyk ýetjek
derejesine ýetdi. Mergenler bilen galanyñ aralygynda biziñ mergenleriñ ýatan
ýerine gelýärkä ýa-da ol ýerden barýarka ok degen adamlarymyzyñ jesetleri
görünýärdi. Aýallar, çagalar hem gojalar: «yslama kuwwat ber!» «ýa Hudaý»
diýşip, Allaha ýalbarýardylar. Käbir aýallar arkalaryna suwly meşik
ýa-da çörekli torba alyp, galadan garymlara tarap ylgaýardylar. Ok olary hem
aýap durmaýardy. Birnäçeler bolsa sag aman yýzyna dolanyp gelýärdi.
Günortandan soñ top atylşy has güýçlenip, tüpeñ atylşy
birneme kiparlady. Birdenem garaşylman durka «ura-a-a! Ura-a-a!»
diýen sesler howany ýañlandyryp gitdi. Ruslar naýzalaryny gezäp topuldylar.
Biziñkilerem «Al-la-a-a!» diýip, källerdeen hem çöket ýerlerden çykyp
öñe eñdiler. «ura!» hem «Alla!» diýen sesler goşulşup, güwläp duwrdy,
ýarylýan granatlaryñ sesi hem şol güwwülide goşulyp gidýärdi.
Biziñkiler ylgap ýetýänçäler, ruslar biziñ mergenlerimiziñ epesli bölegini
paýhynladylar hem garymlary eýelediler. Mergenleriñ bir bölegi gala
tarap gaçyp gaýtdy. Ruslar ýakyn aralykdan biziñ topar tutup barýan
adamlarymyzyñ üstüne ajal oduny ýagdyrdylar. Şol «Alla!» hem «ura!» diýen
sesler henizem howany dolduryp duwrdy. Biziñ hatarlarymyz seýrekleýärdi. Biziñ
hüjüme geçen adamlarymyz bilen mergenleriñ pozisýalaryndan gaçyp gelýäñ adamlar
garyşanda, aljyrañlylyk başlandy. Biziñkileriñ bir bölegi ruslaryñ
üstüne ylgamagyny dowam etdirdi, bir bölegi ýaýdanyp aýak çeken ýaly boldy.
Gönübek hem hüjüme barýanlaryñ arasyndady. Ruslar biziñkileriñ aljyraña
düşenini görüp, garymlardan ylgap çykdylar-da, olaryñ üstüne eñdiler.
Alla!...Ura!... Alla!...Ura!...günüñ günortany Ruslar bilen Türkmenler
döwüş gurup başladylar. Biri çapýardy, biri sançýardy, biri atýardy.
Şakyrdy, düññküldi, gow?, gümmürdi, çirkin sesler, iññildi dyýnman
ýañlanýardy, niräñe baksañ, gan akýardy, ruslaryñ hem Türkmenleriñ jesetleri
çaşyp ýatyrdy, Türkmenleriñki köpdi… ruslaryñ sany barha artýardy, yýzdan
çaltlyk bilen täze güýçler gelip ýetişýärdi. Top hem tüpeñ atylşy
ýetjek derejesine ýetipdi, bütin dünýä elhenç gümmürdä gaplanyp duran ýalydy. Biziñ
hatarlarymyza aljyrañlylyk aralaşypdy, ruslaryñ bolsa ruhy göterilen ýaly
boldy. Biziñ käbir adamlarymyz yýzlaryna gaçyp başladylar. Ruslaryñ gyýkylygy
has güýçlendi. Gala tarap gaçýanlaryñ sany barha artýardy. Ruslaryñ yýzyndan
kömege gelenler öñ hatardakylar bilen goşuluşdylar. Sähel salymdan
soñ hemme kişiniñ ýüzi gala tarap öwrüldi. Öñden kä onda kä munda
ýykylanlaryny taşlap, Türkmenler gaçyp barýardylar, yýzlaryndan bolsa
üstünlikden gylaw alan ruslar arany ýygryp gelýärdiler. Indi diñe «ura!» diýen
sesler eşidilýärdi…ruslaryñ hemmesi duran-duran ýerinden, dürli aralykdan
gala tarap eñipdiler. Biziñ heläk boljagymyz iki uwçsyzdy. Aýry-aýry adamlar,
aksakgallar näçe gyýgyrsalaram, gaçyp gelýän mähelläni yýzyna dolap biler ýaly
däldi. Ruslaryñ ýeñişi äşgär boldy.
Giden meýdan dürli ýagdaýda ýatan maslykdan doludy, añyrrakda rus hem Türkmen
maslyklary garym-gatym ýatyrdy, galanyñ diýwarlaryna golaýlaşdygyça, diñe
Türkmenleriñ maslyklary ýatyrdy. Gala gaty golaý galypdy. Ruslar biziñkiler
bilen bile gala kürsäp uraýjak ýalydy. Galanyñ içindäki başagaýlyk gaty
uludy. «Näme üçin siz bizi bu ýere ýygnadyñyz?», «Näme üçin kelläñize telpek
geýip, sakgalyñyzy ösdürip ýörsüniz?», «Namartlar!» diýip, üýtgeşik
howsala düşen aýallar gyýgyrşýardylar. Käbirleri bolsa başlaryndan
sypyryp alan gyýñaçlaryny galgadyp, «Biziñ arkamyzda gizleniñ!» diýip
gyýgyrýardy. Köp aýallar gaçyp gelýänleriñ öñünden çykmak üçin ylgadylar.
Ahyrky pursat golaýlap gelýärdi. Galada gaçyp gelýänleriñ öñ hatary öñ bu ýerde
duran adamlar bilen gatyşdy. Adamlar uly basga düşüpdiler. Gyýkylyk,
agy-nala, aljyrañly urunma, çagalaryñ agysy… «ýör, ýör! Alla, haýda,
durma…Alla-a» diýen sesler eşidilýärdi. Gyýkylyk-galmagal artdy,
birdenem garaşylman duwrka märeke özleriniñkiniñ hem
ruslaryñ öñünden ylgady. Öñe hem yýza ylgaýanlaryñ tolkuny sepleşdi,
Türkmenleriñ mähellesi artdy. Sähel pursat ýaýdanyp aýak çekdiler… aýallar
ýaglyklaryny galgadyp gyýgyryşýardylar…«Al-la-a!..ura-a-a! Al-la-a!»
…ýene-de bar märeke ruslaryñ üstüne eñdi. Zor salnyşy şeýle bir
güýçlüdi, öñe eñenleriñ sany şeýle bir köpdi, ruslar agyr märekäniñ
arasyna çümüp gitdi. Olaryñ köpüsi çapylyp taşlandy, sähel bölegi yýzyna
gaçdy. Indi ters ugra ylgaýardylar, ylgaýanlaryñ tertibem öñkiniñ tersinedi, –
öñden Ruslar, yýzdan Türkmenler barýardylar. Gaçyp barýan ruslaryñ sany
artýardy, sebäbi olara kömege gelýän täze güýçlerem goşulşyp yýzyna
gaçýardy. «Alla!» diýen sesler güýçli ýañlanýardy, «ura!» sesleri ysgynsyz
eşidilýäri. Sähel salymdan soñ bolsa «ura!» sesleriniñ eşidilşi
düýbünden kesildi. Türkmenleriñ maslygynyñ, ruslaryñ hem Türkmenleriñ
maslygynyñ, diñe ruslaryñ üstünden geçip, agyr mähelle öñe süýşüp
barýardy, birleri kowýardylar, beýlekileri janyny halas etmek üçin gaçýardy.
Toplardan ok atylmasy kesildi. Onda-munda ruslary kowup barýan atly
toparlarymyz görnüp başlady. Kazaklaryñ olaryñ öñünde durjak bolmak
syýnanşygy netijesiz boldy. Ruslaryñ hatarlary çagşap başlady.
Biziñ ýeñşimiz äşgär görnüp duwrdy. Ruslaryñ maslyklarynyñ sany barha
artýardy. Gaçyp barýanlaryñ söbügini sydyrdyp, baryny gyryp gutarmagam
mümkindi. Alysdaky artilleriýa pozisýasyny taşlap gitmek bilendi. Ruslar
galanja güýçlerinden mergenleriñ hataryny düzüp, daýanç edinmekçi boldular.
Biziñkileriñ bir topary ruslaryñ taşlap giden ýaraglaryny, okly
peşeñlerini ýygnap yýza galdy.
Gün ýaşara golaýlap barýardy. Adamlar halys tapdan düşüpdiler. Kowup
barýanlaryñ sany ilki birnäçe ýüze, soñra birnäçe onluga çenli azaldy. Garañky
düşüp başlady. Kowgy bes edildi. Atyşyk sesi düýbünden
eşidilmeýärdi. Alagarañkylykda üýşüşip oturan adamlar, yýzyna
ýöreşip gelýänler, meýdanda alakjap, rus maslyklaryny sermeşdirip ýörenler
görünýärdi. Kä ondan, kä mundan ýaralylaryñ iññildisi eşidilýärdi.
Meýdana ýakyn adamlaryñ jesedini gözläp ýören aýallaram peýda boldy, olar diri
galanlara gözüñ aýdyñ diýýärdiler. Adamlar biri-birleriniñ atlaryny tutup
gyýgyryşýardylar, diri galanlary tükelleýärdiler. Ölenleriñ jesedini,
ýaralylary göterip, topar tutup gala tarap barýan adamlaryñ sudury garalyp
görünýärdi. Meýdanyñ içindäki hereket uzakly gije hem kesilmedi. Söweşe
gatnaşanlar gala tarap dolanyp gelýärdiler, aýallardyr jesetleri hem
ýaralylary ýygnamak üçin bellenen adamlar bolsa galadan çykyşyp
barýardylar. Ertire çenli çukura zada gaçyp ýa-da ruslaryñ jesetleriniñ astyna
düşüp galan birlän-ikilän adam bolaýmasa, meýdanda biziñkileriñ
ýygnalmadyk jesedi galmady. Öldürlen soldatlar bolsa bütin töwerekde
serlişip ýatyrdy.
Gijäni garaşyp geçirdik. Diñe ertir ir bilen ruslaryñ galanja güýçlerini
alyp gidendikleri hakdaky habary eşidenimizden soñ ýeñendigimize çynymyz
bilen begendik. Birek-biregi gutlamak, çäksiz begenç, çekilen köp pydalaryñ yzasy,
hemme zat garym-gatymdy, galany goraýjylar şeýle alasarmyk hem
çapraz duýgulary başdan geçirýärdiler. Atlylar ir bilen topar tutup, yýza
çekilýän ruslaryñ yýzyndan olja üçin ugradylar. Hut şol günüñ özünde
ýene-de şol Musa hanyñ täze habary alyndy. Ruslar bütinleý gitmegi
ýüreklerine düwüpdirler. Bu habary eşidenlerinden soñ, atlylaryñ täze
topary gaýdyp barýan ruslaryñ yýzyndan gitdiler. Ygtyýar olaryñ özündedi, näme
etse edibermelidiler, ýöne Ruslara zeper ýetirseler bolýardy.
Soñ diri galanlaryñ gürrüñlerinden mälim boşluna görä, Gönübek ýaragsyz
eken, özem mergenlere kömek bermäge topulan ilkinji toparyñ arasynda
eken. Şol wagt hem ýagdaý bütinleý özgerýär. Ruslaryñ güýjüniñ agdyklygy
äşgär boýlar. Türkmenler iýza gaçyp başlanlarynda Gönübek olary
mertlige, gaýdusyzlyga çagyrypdyr. Ýöne onuñ töwellasy, ýalbar-ýakary netije
bermändir. Gönübek:
– Duşmanyñ gala girenini hem haram eli
bilen biziñ maşgalalarymyza batyranyny bir görmäýin!– diýipdir-de, aýak
çekipdir, teýim[teýommom-toprak bilen täret kylmak- AG] edipdir, dyýzyna
çöküp kyblasyna garap oturşyna kelemesini öwrüpdir. Biz derbi-dagyn edilen
Ruslary kowup barýarkak, onuñ jesedi şol oturan ýerinde, şol
mañlaýyny ýere degrip ýatyşyna ýatan eken. Görgüli gürrüñsiz biziñ
işimiz gaýtdy hasap edipdir, şonuñ üçinem iñ soñky aýylganç çözgüdi,
ruslaryñ gala girmegini islemändir. Ony şol ýatan ýerinde jaýlamak karayna
gelindi, şeýle-de edildi. Şeýdip, onuñ gören düýşi, onuñ ýorgudy
oraşan bolup çykýar.
Şehit bolanlaryñam, ýaralylaryñam sany biçak kändi. Ýeñiş bize juda
gymmat düşdi. Ölenleriñ arasynda Nurberdi hanyñ agtygy-Döwlet hanyñ ogly Berdimyrat
han (Diñlidepäniñ ýapgydynda jaýlandy), Dykma serdaryñ ogly Hanberdi
serdar bardy. Şehit bolanlaryñ hemmesiniñ adyny ýekeme-ýeke sanap
çykmak mümkin däl, olaryñ hemmesi watany, dini hem maşgalasyny gorap wepat
boldy.
Gönübekiñ
ölümi, onuñ nähili adamdygynyñ, Türkmençilige nähili ynanýandyygnyñ
subutnamasydyr. Onuñ ölümi hem gazanan ýeñişimiz bilen biz täze ýola gadam
basdyk, şol gün biziñ erkana hem öz-özümizden göwnümiz hoş
durmuşymyzyñ iñ soñky güni boldy. Ondan soñ tragiki täze durmuş
başlandy.
Şondan soñ ikinji, üçünji gün duşmany ahyryna çenli mynjyratmak üçin
agyr atly goşun ibermek kararyna gelindi. Kiçijik atly toparlar ruslaryñ
transportyndan käbir zatlary basyp almagy başarypdylar, kazaklar bilen
ownuk çaknaşyklara giripdiler, ýitgi çekselerem, Ruslara ujyýpsyzja zeper
ýetirip bilipdiler. Ruslar galan güýçlerini tertibe salypdylar, şeýle
ýagdaýda hem iññän seresaplyk bilen yýza çekilmeklerini dowam etdirýärdiler.
Müñ ýaryma golaý atly ruslaryñ yýzyndan kowgy gitdi. Bu güýçlere hem Ruslara
ullakan zarba urmak başartmandy, diñe kerwenleri talamak, üzülip galan
kiçijik kazak toparlaryny ýok etmek bilen çäklenipdirler. Ruslary gözünden
ýitirmän, olara uly wehim salyp, bu atly otrýad olary Gyzylarbada çenli
«ugratdy». Ruslar ondan añyrlygyna gitdiler. Mundan añryk olaryñ yýzyna
düşmek bes edildi. Käbir batyr ýigitler kiçijik topar bolup, ondanam añryk
gitdiler.
Gyzylarbadyñ golaýynda kazaklar bilen bolan bir çaknaşykda birnäçe kazak
bilen birlikde olaryñ ýolbeledi Türkmen M. Düñder hem ýesir düşüpdir.
Kazaklary şol ýeriñ özünde öldüripdirler, Düñderi bolsa Gyzylarbada alyp
gelipdirler. Onuñ kimdigini tananlaryndan soñ, onuñ üçin «dowzahy şu
dünýäde ýasamaly» edipdirler. Ullakan tamdyrda ot ýakypdyrlar-da, M. Düñderi
başaşaklygyna oduñ içine taşlapdyrlar. Şeýdip
diñe dönüklik eden, ruslara satylan hem özüniñkileri ruslara satan haýyny oda
ýakypdyrlar.
Otraýdlar
gala dolanyp geldiler. Galanyñ diwarlarynyñ beýikligini hem galyñlygyny doly
gurup gutarmaklyk karar edildi. Gum içinden täze maşgalalar göçüp gelip
başlady. Ýaralylaryñ gutulany gutuldy, öleni öldi.
Marydan Nurberdi han gaýdyp geldi. Ol biziñ urşumyzyñ bütin
dowamynda syrkaw ýatypdy. Nurberdi han agtygy Berdimyrat hanyñ wepat
bolanlygyna gaty begenýänligini mälim etdi.
– Ähli adamlar üçin şeýle agyr günde
men pyda çekmedik bolsam, bu meniñ üçin ullakan masgaraçylyk bolardy– diýdi– Gönübekiñ
ölümi maña has agyr degdi. Bu biziñ üçin orny dolmajak ýitgidir. Başga
Gönübek dünýä inmez.
Diñe gazanylan ýeñişiñ iññän möhümligine akyl ýetirilmegi çekilen uly
ýitgileriñ yzasyny az-kem gowşadýardy. Han tutuş gala aýlanyp çykdy,
galany goraýjylaryñ hemmesiniñ ýanyna bardy, diri galanlary ýeñiş bilen
gutlady, ölenleriñ jaýynyñ jennet bolmagyny arzuw etdi.
Nurberdi han az sanly aksakgallaryñ gizlin maslahatynda mundan beýläk näme
etmelidigi hakdaky meseläñi gozgady. Garşylyk görkezmegiñ kyýnlygy,
çekilen ýitgileriñ möçberiniñ ummasyzdygy, aýan boldy. Orazmämmet
han bilen Atalyk parahatçylykly gepleşiklere girişmek hakdaky öñki
pikirlerini gaýtaladylar. Göreşi dowam etdirmegiñ tarapdarlary hem
boldy. Halk köpçüliginiñ arasynda hiç hili gürrüñ geçirmän, bir howa
garaşmak kararyna gelindi. Ruslar gidip, dolanyp gelmeseler, onda
ýagdaý öñküligine galýar, eger Ruslar täze güýç toplap gaýdyp geläýselerem,
«halkyñ arkasyndan» olar bilen gepleşiklere başlamaly, göreş
ýagdaýynda iñ gowy şertleri goýmagy gazanjak bolmaly diýdiler. Hiç hili
birtaraplaýyn gepleşikleri geçirmeli däl edildi. Halkyñ söweş ruhuny
goldamaly, gepleşikleri Nurberdi han alyp barmaly edildi. Kabul edilen bu
karay pugta gizlin saklamaly diýen netijä gelindi.
Bu pikre höjjetlik
bilen garşy çykan, hiç bir zada garamazdan göreşi dowam etdirmegi
talap eden käbir aksakgallaram boldy. Nurberdi han olara:
–
Görübereris– diýip jogap bedri, şunuñ bilenem maslahat tamamlandy.
Urşuñ tarapdarlary hem, uruşmaga garşy bolýanlaram hany
öz tarapdary hasaplaýardy, iki tarap hem oña uly umyýt baglaýardy, onuñ
at-abraýyna bil baglaýardy, onuñ at-abraýy dürli pikir edýän adamlary hanyñ
zerur hasap eden bir kararyna getirmeli diýip hasap edýärdi.
Gündizlerine-de, giýjelerine-de adamlar galanyñ bir o ýerine, bir bu ýerine
ýygnanýardylar, hemme kişi gürrüñ berýärdi, hemme kişi diñ salýardy.
Bolup geçen wakalar entek juda täzedi hem özüniñ garaşylmadyk netijesi babatda
beýik mana eýedi. Bütin sähra, ähli goñşy ýurtlara biziñ Ruslar bilen
urşda gazanan ýeñişimiz hakdaky habar ýaýrapdy, biziñ ýeñişimiz
bolşundanam has ulaldylyp görkezilýärdi. Bu zatlaryñ hemmesi entek
urşda bolup görmedik adamlary, bagty getirip aman galan adamlary,
şeýle hem tä Mara çenli biziñ ähli garyndaşlarymyzy göreşe
galkyndyrýardy.
Basym
Nurberdi han öldi, ony ruslaryñ iberen adamlary awy berip öldüripdirler. Umuman,
ruslar şowsuzlyga uçranlaryndan soñ, parslardan, Özbeklerden, tatarlardan
hem başgalardan biziñ aramyza öz jansyzlaryny iberip durýardylar. Nurberdi
hanyñ ölmegi bilen Ahaly goramakda hem il-gün hakda alada etmekde uly at-abraý
gazanan adamdan mahrum bolundy. Tähran bilen Buhara Nurberdi hany Ahalyñ hakyky
hany diýip ykrar edipdi. Ony köpçülik birnäçe gezek han saýlapdy, birnäçe gezek
hanlykdan kowupdy, ýöne şonda-da ony hemişe hormatlaýardylar hem
ykrar edýärdiler. Bizi soñky başymyza düşen keç ykbaldan diñe ol
gorap saklap biljekdi, onuñ diýenine däl diýip biljek adam ýokdy. Orazmämmet
han bilen Atalyk ruslar bilen parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmaga
ýene syýnanşyk edende welin, öñki garşylyklar ýene gaýtalanypdy. Gala
gutarnykly ýumrulanda, ol uzak wagtlap gabalanda hem hüjüme geçilmezinden ozal
galanyñ diýwarynyñ esli bölegi partladylanda Orazmämmet han,
Kerimberdi işan, Hanmämmet atalyk wepat boldy.
* * *
Aradan köp ýyllar geçensoñ, 1900-nji ýyllar töwereginde Zakaspy oblastynyñ [Türkmenistanyñ şol wagtky ady- AG] naçalningi-häkimi hem goşun komandiýuşisi[başlygy] general Kuropatkin adatyna görä obalara aýlanyp ýörkä, bir goja bilen gürrüñdeş bolup ondan:
–
Gökdepäñiñ diwarlarynyñ eteginde näçe Türkmen gyryldy?– diýip
sorapdyr.
–
Üç – diýip, goja jogap beripdir. General gaýtalap soranda, goja ýene öñküsi
ýaly:
–
Üç – diýip jogap beripdir.
Kuropatkin goja öz soragyna düşünýäñ däldir öýdüpdir, diñe ruslaryñ özüniñ
bäş müñden gowrak wepat bolan Türkmeni jaýlandygyny, özüniñ gala alnanda
öldürlen Türkmenleriñ takmynan sanyny bilmek isleýändigini aýdypdyr. Goja edil
öñküsi ýaly:
–Üç – diýip gaýtalapdyr. Gürrüñdeşiniñ alasarmyk ýagdaýda galandygyny
duýan goja soñra dilmaja ýüzlenip şeýle diýipdir– Sen ýanarala[generala]
aýt, men onuñ soragyna düşünýärin, ol ýere duwlanan ähli adamlaryñ umumy
sany hakda aýdýar. Wepat bolan köp adamyñ jaýlanandygy hak, heleýlerimiz olary
hut şol günüñ ertesi dogurdylar. Meniñ gürrüñini edýän üç adamym bolsa
ýok, hiç wagt bolmazam. ý
– Ol üç adam kim?
– Amangeldi Göni, N. Bilen N.
Turkmenlik makalany käbir gysgaltmalar bilen yerleşdirdi.