9-nji dezemberde,  mukaddes  topragymyz  parçalandy

 

 

Hormatly ildeşler!

 

 

Taryhymyzyñ gara tegmili(lekkesi) we ýüregimiziñ çuññur ýarasy bolan 9-nji Dezember, ýagny mukaddes topragymyzyñ parçalanan gününi añyrbaş gynançly ýatlamak bilen, medeniýetli we umanist milletimiziñ garaşsyzlygy hem erkinligi ugrunda taryh boýy JANLARYNY gurban eden  ŞEHIDlerimiziñ beýik ruhunyñ öñünde baş egýäris.

 

Milletimiz üçin pajygaly gutarsa-da gahrymançylygyñ hem watançylygyñ simboly hökmünde taryha giren „Gökdepe“ söweşinden soñ, belki-de taryhda ilkinji gezek bütin topramygyz duşmanlaryñ eline geçdi. Şondan 11 soñra basybalyjy döwletleriñ arasynda, ýagny orsýet kolonýalist döwleti bilen Inglis kolonýalist döwletiniñ dikme nokeri bolan we musulman goñşusynyñ arkasyndan hanjar uran Tähran hökümetiniñ arasynda baglanan Ahal şertnamasy ady bilen taryha giren paýlaşygyñ netijesinde topragymyz hem milletimiz üçe bölündi  we bu jenaýatkärçilik bilen çekilen, kanuny bolmadyk araçäkler milletimiziñ hiç haçan ykrar etmedigine garamazdan bu güne çenli dowam edip gelýär.

 

Biz bu agyr güni minasibetli ýene bir gezek öz çuññur gynanjymyzy hem ýigrengimizi bildirmek bilen, sabyrly we gaýdusyz milletimize beýik Magtymguly atamyzyñ „Magtymguly göñle gaýgy getirme,   bu bir wagtydyr özüñi ýitirmeýaly paýhasly çagyryşyndan ugur hem güýç almak bilen, özümiziñ ähli milli hem taryhy haklarymyza gowuşýançak milli göreşi dürli ýollary bilen dowam etmäge çagyrýarys.

 

 

 

www.Türkmenlik.org

 

07.12.2005