Biz kime hem näme üçin ýüzlenýäris

Ýa-da

Ene dilimizde ýazmak milli borçdur

 

   Geñ emme çyn, şu 21-nji asyrda ähli milletler öz kimliginiñ gözleginde ondan oña çyrpynyp, ýaýnap ýörkä, biziñ çorba çykanjalarymyz bize ganym dilde ýazýarlar. Adamyñ şeýle mañkurlanmagyna näme diýp, näme aýtjagyny bilenok. Kä mahal: «Öz aslyna ýapyşman, başagalaryñ guýrugyna ýapyşyp ýörendenem millet bolarmy?! » diýen pikir böwrüñe sanjy bolýar.

  Meniñ göz öñüne tutýan zadym, daşary ýurtlarda ýaşaýan we internet saitlarynda pars dilinde ýazylýan makalar hem olaryñ avtorlaryna! (ýurduñ içi-hä indi öz-özünden)

   Türkmen halkyna degişli siýasy problemlary parslaryñ «intellegentsiýasy» bizden köp bilmese, az bilýän däldir. Düýn dälmidi «ÊÜäåÇ ÑÇå ÑåÇÆی ÑÇå İÏÇیی » diýp gyýgyrşanymyz, hany olar bu gün, nirede? Gañkyrap ölseñem olardan bir damja su ýok. Olaryñ haýsy birsi «Uwky depäniñ» ýa-da Türkmensähranyñ balykçylarynyñ rehimsizlik bilen öldürlendigini, Türkmenleriñ haýwan ýaly kemsidilip, horlananýandygny barasynda öz saitlarynda gyýsgajyk habar ýerleşdirdi? Hatta olaryñ ata partiýalary bolan Orsýetiñ Kommunistik partiýasy, utanmany, uýalmany, Moskva şäher häkimine Gökdepe jellady Skobeleviñ heýkeliniñ Türkmenistanyñ Moskvadaky ilçihanasynyñ öñünde dikilmegini hut geçen aý teklip etdi. Boýlar, biz bularyñ añyrsyna, bärsini ýetik bolduk, wagtyñ geçmegi muny bize pugta öwretdi, olam çekgämize urlan şapbat bilen. Men muny geñ göremok, ýatyp-ýatyp geñ galýan zadym hem şu setirleriñ ýazylmagyna sebäp bolan nalam, 20 ýyl töweregi Aşgabatda ýaşan we Türkmenistanyñ iñ ýokary ylmy merkezinde-ylymlar akademiýasynda işlän hem halkymyzyñ taryhy, medeniýeti barasynda öwrenmäge çemeleşen Hangeldi Ownugyñ «internet we Türkmen elip-biýsi» barada parsça ýazan düşündirşi boldy. ı

1-njiden H.Ownugyñ bu aýdan zatlary düýbünden täzelik däl, «ü» ýerine «ue», «ö» ýerine «oe», «ä» ýerine «ae» barada ozalma teklipler Dr. Seýdi, Dr. Araz Perviş we beýlekiler tarapyndan ara atylypdy. Käşki H.O bulardan habarly bolan bolsady.

2-njiden Elktron poçta (e-mail) bilen türkmençe ýazmakda indi kyýnçylyk ýok. «Word» programmada ýazyp, ony «attajh» edip islendik ýere ýollasa boýlar.

 

meni iñkise goýan we gaty gyýnandyrýan zat 20 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda ýaşap, henizem bu dostumyzyñ we oña meñzeşlerıñ öz ene dilinde ýazmanlygy. Belkem olar geljekde ýazarlar we biz şol güne garaşýarys.

Dıl kymlykdyr.

Pars dili şeker(ýallaklyk) bolsa,

Türk dili hünärdir,

ony başarmak gerek.

Akmyrat Gürgenli

Taryh ylymlaryñ kandidaty

Prag

02.12.2005