Türkmen Bedöw Atynyñ

Taryhda Galdyran Yzy

Akmyrat Gürgenli

Taryh ylymlaryñ kandidaty

 

  Üstümizdäki asyryñ ortalarynda ylmy gazuw barlagyñ netijesinde Altaý daglarynyñ Pazaryk depesindäki gonomçylykdan buz örtgüsiniñ astyndan at jesetleri tapyldy. 3 müñ ýyl mundan ozal ýere düýnelen ol atlaryñ keçeden örtgüsi bolupdyr. Özi hem aýry-aýry atlar, häzirki türkmen bedöwlerine gaty çalymdaş edýär. Olar dik aýak, dik boýun bolupdyr. Atlar, öz eýeleri bilen jaýlanypdyr. Bu hakda gadymy Gorkut-Ata we beýleki eposlarmyzda gymmatly maglumatlara gabat gelinýär. Şol döwürdäki garaýyşlara görä, atlar, ölüler dünýäde öz eýelerine hyzmat etmelimiş. Bir batyr ýigit dünýäden ötende, onuñ atynyñ gurugyny kesýärmişler hem gözlerden gan ýaş akdyryp ýas tutýarmyşlar. Bu hakda baryp 6-nji asyrda yslam dinini ýaýratmak maksady bilen Oguzlaryñ arasyna siýahat eden arap ilçisi Ibn-Fadlen/Fozlan hem gyzykly maglumat beripdir.

Türkmenleriñ dik boýun, dik aýak, ýyndam atlaryna «Han» urugundan bolan Hytaý/Çin hakanlary hem aşyk bolupdy. Olar, türkmen atlaryny «Jennet bedöwleri» diýip sypatlandyrypdyrlar. Hytaý hany öz leşgeri üçin bu atlardan edinmegi ýüregine düwüpdir. Ol pul baryny dökübem, hiýle-aldaw ýoly bilenem şeýle atlaryñ öz at-hanasynda bolmagyny isläpdir. Hakan at bermeklerini sorap, türkmenlere ilçi ýollapdyr, gelnen ylalaşyga görä türkmen hany ýylda 30 sany at Çyn-maçyna bermeli bolupdyr.

  Görogly dessanyda ganatly atlar, deñiz gulany, esasanam Gyarat barasynda söhbet edilýär. Gyarat öz akyly-paýhasy bilen mydama Görogla ýoldaş-syrdaş bolup, ony howupdan-hatardan gorapdyr. Hatta dessanyñ «Gyarat ogurlanşy» şahasy oña bagyşlanypdyr.

   8-nji asyrda Bagdad Halyfatynyñ goşunynda Türkmen bedöwleri mynasyp orna eýe bolupdyr. Türkmen bedöwi dünýä atçylygynyñ gözbaşy diýip, belli inglis Atşynaslar B.Lauffer we P.Yate jaý ýerinde nygtapdyrlar. Olaryñ aýtmaklaryna görä, hatta inglis patyşalyk urugunyñ tohum atlary hem Türkmen bedöwlerinden emele gelipdir.

   18-nji asyrda Nedir şa, Hindistana ýöriş etmekçi bolanda has çydamly atlara mätäç bolupdyr. Seýisleriñ maslahatyna görä, ol arap atlary bilen Türkmen bedöwlerini garyşdyryp, «Çinaran» diýen tohmy emele getirýär. Bu atlar örän ýüwrük hem uzakçyl bolupdyr.

 Şol asryñ 2-nji ýarymynda Gajar şazadasy Horasan häkimi Abbas mürze Saragyta galasynya hüjüminde ýüzlerçe Türkmen aty talapdyr we bu habary buysanç bilen derhal Tehrana bildiripdir.

   20-nji asryñ başlarynda Türkmen atlarynyñ ykballary edil öz eýeleri ýaly örän ýowuz bolupdyr. Laçyn, Nar-agyz, Gyýrdäli, Akbilek we Meleguş ýaly bedöwler rusdyr inglis offiserleriñ añlaryny añk edipdir.

 1914-nji ýylda- 1-nji jahan urşy ýyllarynda orsýet patyşasy front üçin Türkmenlerden at hem ýigit bermegini talap etýär. Türkmenler oña garşy bolup, aç-açan baş göterýärler. Muña garamazdan ýüzlerçe at urş meýdanlaryna sürülýär, şeýle-de Aşgabat-Moskova arasynda «dostlyk» nyşany hökmünde at ýörişini geçirýärler.

   2-nji jahan urşunda Maryda ýörite atçylyk birgadasy döredilip, ýüzlerçe at fronta ýollanýar. Olaryñ bir topary eýeleri ýaly watana dolanyp gelmeýär.

   1950, 1960-nji ýyllardan soñ Türkmenistanda et plany dolmadyk mahalynda ne gözel atlar kesilip, başga respublikalara iýberýärler. «At eti, atam eti» diýen Türkmene şeýle jenaýaty etdirdiler. Ýatan ýeri ýagty bolan şahyr Kerim Gurbannepes bu hakda şeýle janygypdy:

                       

            At planyny öwrüp et planyna,

            Bedöwleri ete tabşyran nadan,

            Indi, ne-ha at hananyñ ýanynda,

            Ne-de öz postunda görner ýañadan.

 

            Bedöwleriñ ete berilşi hakda,

            Obalaryñ biýrinde bolan ýygnakda,

            Segsen bäş ýaşynda, ilkinji gezek,

            Tribuna çykanmyş Gulmyrat akga.

 

            Şonda şeýdiýipdir Gulmyrat ata:

            Kim-kim ýene-de kast etse ata,

            Olaryñ özlerini tabşyrys ete

            Elbetde, azajyk geçse-de öte,

            Örän hak aýdypdyr Gulmytat ata.

 

            Bedöw entek-entek çar paýa galyp

            Gider, asyrlaryñ çuñlugyna gider.

            Dünýä gözellerini añk etse bili,

            Mert bakyşy, mert ärleri añk eder.

 

            Dünýäde hiýç haýwan deñeşip bilmez

            Onuñ akyly hem edebi bilen

            Dünýäñ mallaryndan bir döwlet düzseñ

            Prezidenti Türkmen bedöwy bolar.

 

  Orazmyrat Gurt diýen ildeşimiz «Türkmen sesi» gazetiniñ 1992-nji ýylyñ 4-nji sanynda belli ”Meleguş” at barada şeýle gürrüñ beripdir:

 «20 ýyl töweregi mundan ozal Türkmeniñ Meleguş diýen belli atyny Sovýet hökümeti inglis patyşasyna sowgat berýär. Şol aty alyp giden seýis öwürlip gelenden soñ: «galan ömrümde başga ýurde at alyp gitmen» diýip şert edendigi gulagyma degdi. Seýisiñ beýle kesgiýtli netiýjä geleniniñ sebäbi nämedir oýdýärsiñiz ?

  Meleguş janawar seýis bilen boýur-boýur aglap hoşlaşypdyr, şu goşgy-rowaýatyñ döremegine sebäp bolan hem şol seýisiñ, şol bedöwüñ, şol porsatdaky gözgyýny kamaty boldy...

           

            Biz senden razy, biz senden hoşhal,

            Men ilime gidýän hoş gal,

            Diýenimde seniñ gözleriñ garap,

            Gözlem dumanlandy, göwräm sandyrap.

 

            Hasratyñ kölgesi düşen gözleriñ,

            Uzakdaky türkmen ilin sorady,

            Öz ilinden aýra düşen ýüregiñi,

            Aýralygyñ ajy ýeli darady.

 

            Gözleñ Baba-Arabyñ çaýryn küýsedi,

            Gözleñ Aşgabadyñ baýryñ küýsedi,

            Gözleñ diýdi

            Häzir Türkmen asmany

            Gümbürdäp üstümden çabga guýsady.

            Gara-gumdan ösýän gyzgyn şemala,

            Kükrek gerip alyslara çapsadym,

            Aryp gelip, mañlaýymy syýpaýan

            Goja seýisiñ ýyly mährin tapsadym.

 

            Ol seýis ýok,

            Ýok ýüregim Gara-gum

            Men ýüreksiz ýaşamaly bu ýerde.

            Meñ ýüregim gysýar diýip haýyşym

            At ibermäñ mümkiýn bolsa, eger-de.

            Şu sözleri okadym-da gözleriñden

            Syýpadym mañlaýyñy hem egdim başym.

            Ellem seniñ göz ýaşyñy süpürýär,

            Dillem diýär: Hoş-gal Meleguş.»

 

    Türkmen bedöwniñ ykbaly hemme ýerde bir meñzeş bolmandyr. Eýran patyşasy Mämetreza şanyñ hökmi bilen 1960-nji ýylda Pakistandan getirlen atlar bilen Türkmen bedöwniñ tohumy garyşdyryldy. Her-niçikde bolsa Eýran Türkmenleri başardyklaryndan öz bedöwleriniñ tohum arassalygyny saklamaga syýnanşyp gelýärler.

Eýranyñ gadymy Gürgen/ häzirki Kümmetgowuz, Bendertürkmen we Akgala şäherlerinde bahar hem güýz pasyllarynda at ýaryşlary geçirilýär. Öñler Türkmensährada ýylky sürileri sonarlyklarda erkana agyp-dönýärdiler. Hazar deñziniñ ýakasyndan, Kümmediñ demirgazygyna we ol ýerden Halat-nebiýniñ daglaryna çenli ençeme ýylky süri bolardy. Arman, indi ol süriler ýok. Dag kemerlerinde önüp-ösen alty aýlyk taýlary süýtden kesip, dura-bara keçe, ýapynja, eýer we uýan bilen öwrenişdirip, münüş öwredip, bir ýaşanda ýaryşa goşýarlar.

1991-nji ýylyñ 2-nji iýulynda sagat 19.45 de Swedeniñ merkezi televizýonynyñ 1-nji kanalynda ”Dünýäniñ iñ gymmat atlary” atly tele gepleşik berildi. gepleşik Gürjüstanyñ paýtagty Tiblisiñ golaýyndaky atçylyk meýdanyndan taýýarlanypdyr. Bir ýanda atlar satuwa hödürleýäri, aýry tarapda elleri vidio kameraly daşary ýurtly söwdügärler görünýärdi. Atlaryñ barysy diýen ýaly Türkmen atlarydy, sebäp dikter yzyny üzmän «Ahak-teke» sözüni gaýtalaýardy. Bir aty 35 müñ ameykan dollara, ýene biýrini 40 müñ, Almaz diýen aty bolsa 238 müñ dollara satyn aldylar.

 Howa-da! Türkmeniñ baýlygynyñ dargap gitmedik ýeri barmy näme? Bu-da birisi. Türkmenistan öz milli garaşsyzlygyna gowşandan soñ at hödürlenmeginiñ öñi alnar diýärdik welin, tersine atlar dört ýana sowgat berlip başlandy. Hatta ata nähiýlli münülýänni bilmeýän Eýran prezidenti Refsanjy ýalylara hem Türkmen aty sowgat berildi. Elbette Türkmeniñ parasatly we hüşgär janawary bir bada öz arkasyna münen adamyñ kimdigini saýgaryp, ony baş-aşak göýberdi. Niýazovyñ Rus prezidenti B.Yeltsine sowgat berilen atyñ Orsýetde açlykdan hem horlukdan ölendigini eşitdik. Guy mundan buýana «Preñde gyratyñ owazy gelmesin».

  Islamy hökümetiñ baştutany hakyýkatdanam Türkmen milletine we onuñ ganatyna hormat goýýan bolsa Amerikadan, Angelýadan Kanadadan satyn alynan atlar bilen Türkmen atyny garyşdyryp, Türkmen bedöwniñ tohmuny ýok etmäge syýnanyşmazdy. Bu barada Tehranda çap bolýan ”Keýhan sporti” jurnaliniñ 1992-nji ýylynyñ 12-nji Maýynda bir habar ýerleşdirlipdir. Şeýle-de Tehran gazetlary 1993-nji ýylyñ 26-nji ýanwarynda Kümmetde bir atçylyk ýardam söýer jemgiýetiniñ döredilenden habar berýär. Jemgiýet öz esasy maksadyny tohum atlaryñ gorap saklanmagyny öñe sürüpdir, emma birnäçe aý geçip, geçmänkä jemgiýet 94-nji ýylyñ oktiýabrinde Türkmen atlaryñ köpçülikleýin satuwa goýulýandygyndan habar berýär.

 

   At süññi halal janawardyr. Onuñ görkäne keşbi, gaýraty, paýhasy we wepadarlygy barasynda ýazsañ ýazyp oturmaly.