ARMYNYUS VAMBERÝ

 

 

ÝALAN DERWYŞYN ORTA ASYA HANLÝKLARYNA SYÝAHATÝ

(Gysgaldylan görnüşi)

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmençä öwren we käbir düşündirişler beren

Akmurat Gürgenli

Prag  2003

 

 

 

Belli Venger dilşynas alymy A.Vamberi 1862-63-nji ýyllarda Orta aziýa şol sandan Türkmen topragyna syýahat etdi. Onuñ ýatlamalarý 1864-nji ýylda Londonda çap edildi. Vamberiniñ ýatlamalarý 19-nji asyr Türkmen taryhynyñ aýdyñlaşmagyna ulý ýardam edýär. Biz yýzýgiderli berýän Taryhy gepleşiklerimizde, onuñ ýatlamaryndan Türkmen taryhyna degişli bölekleri siziñ dyktyñyza ýetirmegi makul gördük. Kitabyñ giriş bölüminde şeýle diýlýär:

 

Men 1832-nji ýylda Vengriýanyñ Don derýasynyñ ýakasyndaký «Dona zyrdäli» şäherçesinde dünýä iýndim. Ýaşlykdan Altaý dillerini öwrenmäge höweslendim. Şoña görä ençeme gezek, Ystanbula sapar etdim, şol saparlaryñ dowamynda Türk dilini, däp-dessurlaryny ýagşý öwrendim. Soña Türküstana sapar etmek hyýalyna düşdüm. Maksadyma ýetmek üçin, Tehrana gidip, ol ýerden amatlý pursatyñ döremegine garaşdym- diýp, Vameberiniñ kitabynyñ 1-nji bölümi başlanýar.

 

1862-njy ýylyñ 13-njy iýunynda Tehranyñ Derwazeh-new/ täze derwezesinden, şähere girdik. Men derhal Tehrandaký Osmanlý döwletiniñ ilçihanasyna bardym. Ystanbulda tanyş bolan Haýdar efendiniñ Tahranda ilçi bolup işleýändigini eşidipdim, onuñ Ystanbuldaký dostlaryndan birnäçe hatdyr-sowagatý alyp gaýtdym. Ol meni görüp begendi. Oñler Sankt-peterburg we Paryjda diplomat bolan Haýdar efendiniñ, Türküstanly hanlar bilen-de uzakdan tanyşlygý bar eken. Ol saparý wagtymda maña ýardam bermeklerini haýyş edip Türküstanlý hanlaryna ýüzlenip, hat ýazyp berdi.

«««««««««««»»»»»»»»»»»»»»»

 

 

«Hiçbir ýat adamý ülkäñize goýbermäñ!»

Parfiýanlaryñ ata sözlerinden

 

Şeýle sözler bilen Vamberiniñ Orat Aziýa saparynyñ ýatlamar kitabynyñ 2-nji bölümi başlanýar.

1862-nji ýylyñ 2-nji ýarymyny Yranyñ dürli ýerlerine, taryhy mekanlaryna gezmek bilen geçirip, 1863-nji ýylyñ Ýanvar aýynyñ başlarynda gaýtadan Tehrana öwrülip geldim.

Her ýylda mekkeden öwrülip gelýän Türküstanlý hajylara Osmanlý döwletiñ Tehrandaký ilçihanasý, biraz maddý kömek berýärdi. Ynha bu ýylda hajylar, ilçihana geldiler. Men ilçihanada Reşid efendi adý bilen garyp-gasar hajylar bilen duwşuşyp, olaryñ maddaý ýardam almagyna kömekçi hökmünde özümi şöhrätlandyrdym. Bir gezek Mekkeden öwrülip gelýän Türküstanlý hajylar bilen duşuşyp, olara Hywa-Buhara sapar etmek we Hoja Bahöwtdiniñ mazaryny zyýarat etmek maksadymyñ bardygyny aýdyp, meni-de özleri bilen alyp gitmeklerini, ýol-yýz görkezmegini haýyş etdim. Olar Ystanbullý bir Türküñ, Türküstanyñ pirlerini ziýarat etmäge şeýle ulý höwesiniñ bardygyndan şat bolup, minnetdarlyk bilen haýyşymý kabul etdiler. Hajylar bilen niredesiñ Türküstan diýp, ýola düşdüm.

Hywa gitmek üçin Türkmen topragyndan geçýän iki ýoluñ bardygyny, birisi, Hurasandan girip, Teke türkmenleriñ arasyndan geçmek, beýlekisi bolsa, Hazar ýakasyndan, Ýomutlaryñ oturýan ýerlerinden geçmek. Hajylar, Ýomutlaryñ arasyndan ötmegiñ howpsuz-rakdygyný aýtdylar.

1863-nji ýylyñ 28-nji Martynda Tehrandan Hazar ýakasyna tarap ýola düşdük. 4 gün ýol ýöräp, Firuz kuh diýen daglyk, tokaýlyk ýere  bardyk. Ýene bir gün ýol ýöräp Sarý diýen şähere bardyk we ol ýerden, Hazar deñziniñ ýakasyndaký Garadepede oba tarap ýola düşdük. Bu ýerden bolsa gaýyklar bilen Türkmenleriñ esasý şäheri bolan Kümüşdepä tarap gitmegi planlaşdylar. Men bir tarapdan Türkmeniñ adyny eşidip gorkýardym, aýry tarapdan ýyllar boýy ýüregimden beslän Türki dünýäsine ýakynlaşýandygymdan begenýärdim.

 

Garadepe adam başyna bir Gyran berip, Aşyradadaký Rus garawulhanasyna azyk-iýmit alyp gidýän gämi bilen Ada tarap ýola düşüp biljekdigimizi aýtdylar. Ýöne ertesi gün Kümüşdepeden gelen Ýakup baý diýen ýaş Türkmen ýigidiñ gämisi bilen Kümüşdepä ugradyk. Ol bizden pul alman alyp gitjekdigini aýtdý. Ýakup maña obasyndan bir gyýza aşykdygyny, ýöne gyýzyñ özünde göwnüniñ ýokdygyny aýdyp, doga ýazdyryp, onuñ gönüni almak isleýändigini duýdurdý hem-de mekkeden getirilýän atyryñ ýazyljak doga goşulmalydygyny, dile gitirip, mekke atyryny bermegimegimi haýyş etdi. Men özümde bolmasa-da ýoldaşlarymdan alyp bererin diýdim, ýañký Ýakup beginjinden çaga ýaly bökjekledi.

Aşyr adada iki gün galyp, ilki taýmyl soñra bolsa Türkmenleriñ aýdyşy ýaly Mona diýen ulurajyk gämi bilen K.depä tarap ýelken açdyk. Türkmenlerde 3 saný gämi bar birsine «Keseboý» diýýärler, ýük daşalýar, onuñ iki saný ýelkeni bar, beýlekisine «Gaýyk» diýýärler, ol kiçeñräk, tiz hereket edip bilýär, onda ýolagçý gatnadyp bolýar, 3-njisi bolsa «Taýmul».

Aşyr adaný 25 ýyl mundan ozal Ruslar basyp alyp, ol ýerde harbý karargäh bina edipdirler. Adada çür depesinden sagat bolan kilisa, Ýevropa görnüşli ýaşaýyş jaýlar, depelerinden buwg-duman çykyp, eýläk-beýläk gatnaýan gämileri gördüm, ol meni Ýevropadaký port şäherleri ýadyma saldý. Orsýet hökümeti bu ýerdäki harbylarý bilen Yran bilen söwda edýän Astrahanlý söwdigärleriñ janlaryny hem mallaryny goraýardý, Türkmenlere gysyş görkezip, olaryñ hereketlerini çäklendirýärdi. Ýöne muña garamazdan, uruşlarda ýesir düşen parslaryñ K.depede saklanýandygyny gördüm. Aşyr adada 30 ýyldan bäri ruslara gulluk edýän we derýabeg lakamyný alan, Ýomutlaryñ «Gazlý kör» tiresinden Hydyrhan diýen Türkmen bilen tanyş boldum. Ol aýda 40 manat aýalyk alyp, 2 manadyny mürzesine berýändigini aýtdý. Onuñ köp arak içýändigini aýtdylar. Türkmenleriñ hereketlerini, ruslara bildirmek wezipesiniñ bardygyny ol maña aýtdy. Ýöne ogullarý Türkmenler bilen dost bolup, bolup geçýän zatlarý ruslara duýdurmaýarmyşlar. Ýeri gelende aýtsak, Hydyrhan, ýa-da käbir çeşmelerde Kadyrhan diýen bu adam Çelekeniñ görnükli kethudasý bolan Kyýathanyñ ogludur. Kyýathan, oglý ýagşymämet bilen, Orsýet hökümeti tarapyndan gerwda saklanyp, alyslarda ölenlerinden soñra, bu agyr ýagdaýa çykdamdyk Hydyrhanyñ göwnüni almak üçin ruslar oný öz ýanyna alýarlar. Ol 1868-nji ýylda 61 ýaşyñ içinde aradan çykypdyr. Kyýathanyñ nebireleri Gyýadý familýasý bilen Yranyñ Gülüstan welaýatynyñ K.depe, B.türkmen we K.gawuz şäherlerinde ýaşaýarlar.

Ýakubuñ ullanýan gämisi, keseboý bilen Çelekenden nebit, duwz ýükläp Yrana gelip, bu ýerden bolsa bugdaý ýükläp, K.depä dolanyp barýardý.

1863-nji ýylyñ 10-nynji Aprilinde Aşyradadan ýola düşdük. Ýol boýy, Ýakup, Türkmenleriñ batyrlygyndan, deñizde arkaýyn hereket edip, parslara meýdan bermeýändiklerinden öwüp-öwüp gürrüñ berdi. Ol meni K.depäniñ ulý serdarý, Hanjanyñ öýüne ýörite myhman alyp berjakdygyny aýtdy. «Siz Rum ilinden gelýän hajysyñyz, siziñ ýörite ornuñyz bar, şoña görä, sizi Hanjanyñ öýünden ýerleşdirerin» diýdi. Onuñ duwzuný datmadan hiç kim K.depeden giden däldir-diýp, Ýakup sözüniñ üstüni ýetirdi.- Ýeri gelende aýtsak Hanjanyñ nebireleri häzir «Hanjaný» familýasý bilen K.depe we K.gawuzda ýaşarýar.

Aşyr adada rus harbylarý kimlik kagazalarymyzý barlamak üçin gämimizi sakladylar. Meni tanarlar oýdüp janym çykara geldi. Mundan ozal Orta asia syýahat eden Konolý, Studart, Murkraftyñ tanalyp öldürlendigi, golaýda bolsa Fransuzlý suratkeşiñ Marý Urşunda Türkmenlere ýesir düşüp, köp pul berilip azat edilendigi ýadyna düşdüm. Bir rus harbysý: «gör bak bu hajynyñ derisi ap-ak diýende» gorkym haas-da artdy. Ýöne üst başlarý ýama eşikli beýleki hajylardan tiz diýnmak üçin, olar derhal barlap, kagazlarymyzy elimize berip, K.Depä ýola düşmegimize rugsat berdiler. Adadan takmyn 3 km araný açanymyzda, deñziñ içinde dikilen demir sütünjikleri gördüm. Ýakup muný Ruslar bilen Türkmen araçägini bellemek üçin Englisleriñ tikendigini, gerek bolan ýagdaýynda Türkmenlerden hemaýat edip biljekdigini gürrüñ berdi. Gürgen akarynyñ deñze guýýan ýerine baranymyzda, gaýygyñ ýelkenlerini aşak düşürdiler, durabara K.depe görnüp ugradý. Deñziñ gyrasyna ýetmänkäk, Ýakup gämini togtadyp, 3 saný taymylyñ iýberilmegini habar berdi. Şeýdip, K.Depä aýak basdyk. Hanjanyñ özi gelip, bizi garşý aldý, şol ýerde namaz okadylar.

 

Namaz okalyp bolandan soñra Hanjan ýerinden turdý, men garşymda uzyýn boýlý, saklaý döşüne düşen 40 ýaş töweregi birsini gördüm. Ýanyma gelip, meniñ bilen oñat salamlaşyp, birnäçe gezek «Reşid efendi» diýp ady gaýtaladý. Oba tarap ugradyg, öýlerden aýallar, oglan-uşaklar, oalr bilen bilelikde itler bize tarap ylgaşýärdylar, her kim bizi görjek bolup, biri-birini iterýärdi. Olar hajylar bilen elleşip, görüşmegi sogap iş hasap edýän pikre uýýardylar. Men bir tarapdan Türkmenleriñ agaç öýlerine tomaşa edip, geñ galýardym, aýry tarapdan bolsa, biziñ elimiz öpmek isleýän adamlaryñ duýgularyna jogap berjek bolup ulý alada galdym. Hatta ýaş gelin-gyýzlarda janý-dini bilen hajylarý bagryna basýardylar. Olar hajylarý öz öýlerine myhman almakda biri-biri bilen bäsleşýärdiler, ulý goh-galmagal turuzýardylar. Dogrusý men öñ sähraýy adamlaryñ myhmanparazdyklarý barasynda köp zat eşidipdim, ýöne bu Türkmenleriñ mähribanlyklarý diýseñ tolgundyryjydy.

Hanjan adamlarý köşeşdirdi, hajylaryñ ýerleşmeli öýlerini belli edip, meni hem kerwenbaşymyzy hajy Belalý öz öýüne myhman etdi. Onuñ öýi K.depäniñ gaýra tarapynda bolaný üçin, obaný syýryp geçmeli boldum. K.depäniñ ortasyndan Gürgen arnasý geçýär, her iki tarapda agaç öýler görünýär. Bize niýetlenen ýörite öýe girmezden ozal, däp boluşý ýalý, iki gezek öýüñ daşyndan aýlanmalý bolduk. Öýe girip, arkaýyn dyýnç alarys diýp oýlanýardym, weli, hyýalym puç boldý, adamlar ýene hümerlenşip öýe girdiler-de tuddudylar soraga. Ahyry ýadawlygymyzý duýup, sorag-sowal etmegi bes etdiler. Agşam naharý, Hanjanyñ 12 ýaşyndaký oglý Babajan getirdi. Ol balyk bilen bir käse ýogurtdý. Naharý, eli-aýagý zynjyrlý bir pars gulý getirip, gapyñ agzynda durdý, soñra Babajan oný alyp, öz eli bilen saçagyñ üstünde goýdý. Ata-ogul biziñ iştälenip, nahar iýşimize keýip edip seredýärdiler hem edýän sogap işlerine begenýärdiler. 13-nji Aprilde ilkinji gezek, bir Türkmen çatmasyndan gözlerimi açyp oýandym. Ömrümde ilkinji gezek şeýle çatmanyñ içinde rahat ýatyp oýanýardym.

Çaý-suw içenimizden soñra hajy Belal: «ýöri, öýlere aýlanyp, doga-tovhyr edip, sadaka ýygnaýlý, ýogsam, barjak menzilimize arkaýyn baryp bilmeris, ýolda-yýzda azyk-iýmit gerek bolar» diýdi. Ol şeýle-de Hanjan we K.depäniñ beýleki hanlarý, yýzly-yýzyna seniñ kimdigiñi, resmi wezipesi barmý diýp, menden soradylar, men zordan olarý, beýle oýlanmakdan, hem-de meniñ ýönekeý derweişdigime ynandyrdym». Bu Türkmenler, Osmanlý soltanlara haas hormat goýup, Ruslaryñ Orta asiýada täsiriniñ artmagynyñ öñüni Ystanbuluñ alyp biljegine berk ynanýardylar.

Doga-tovhyr etmegi Hanjanyñ aýalý we gartaşan ejesinden başladyk, soñra maşgalanyñ başga agzalarý bilen tanyş bolduk. Biz Hanjanyñ hemaýatý bilen bütin K.depe we onuñ töwereginde arkaýyn gezmäge mümkinçilik tapdyk. Hanjanyñ özi Jafarbaýlaryñ Kelte tiresindendigini aýtdý.

K.Depeden Hywa gitmek üçin, iki hepdeläp garaşmalý bolduk. Bu meniñ üçin amatlý pursat bolup, töwerekdäki obalarý görmäge, iýlatyñ däp-dessurý we dili bilen tanyş bolmaga amatly pursatdý. Ylkinji günler Hanjan ýa-da doganý myhmançylyga gidenlerinde meni-de özleri bilen alyp gidýärdiler. Soñra «Rum hajysy» diýen lakamý berilen meniñ müşterlerim köpeldi, günde ýanyma gelip doga-tumar alýanlaryñ, üfledip-çüfledýänleriñ saný artýardý, şoña görä-de meniñ sadakadan ýygnaýan azyk-iýmitlerim köpelýärdi. Men Ýevropalylaryñ gadam basyp bilmedik topragynda, ýörenimden begenip, doynuma sygmaýardym.

 

Gün-günden adamlar bilen gatnaşygym köpelýärdi, sözleri geçýänleri tanşyp ugradym, olardan iñ möhümi hem köp peýdasý ýeten «Gyzyl ahun» lakamlý Muratdý. Ol taaýsyz tebip bolup, bütin tire-taýpalaryñ arasyna gatnaýardý hem tanyş-bilişleri köpdi. Buharada okap gelen Gyzyl ahunuñ Ystanbul türkçesinde ýazylan Gurhanyñ tefsiri kitabý bardý, onuñ käbir sözlerininyñ manysyny bilmeýänmiş olary öwretdim. Ondan soñra ol meni ulý edebiýatçý diýp otursa-tursa buýsanyp gürrüñ bererdi. Şeýle-de «Satlyk ahun» we K.depäniñ gazysý «Molla Durdý» dagý bilen tanyş boldum. Türkmenleriñ arasynda aksakgallar köpräk, din adamlaryñ sözi geçýärdi. Bir gezek K.depäniñ gaýra ýanyndaký «köne K.depejik» diýen ýerden, şeýle-de «Gyzyl alañ» diýwaryndan ulý-ulý kerpiçleri getirip metjit saljak bolanlarynda kyblasyny belli etmäge menden kömek soradylar. Ýöne metjit diýlip bina edilen bu jaýyñ, Ruslaryñ harbý karargähine öwürlip bilejegini-de oýlanýardym. Sebäbi mundan başga bişen kerpiçden gurlan bina ýokdý.

K.depede bolan wagtymda örän seresaplý, Türkmenleriñ gündelik durmuşý, dilleri, däp-dessurlarý w tire-taýpa bölünşikleri barasynda soraýardym. Käbirleri, özi din ugrunda gezip ýören adamynyñ beýle zatlar bilen näme işi barka diýen soragyndan-da çekinmän duramokdym. Men soramasam-da Türkmenleriñ özleri, öz-ara gepleşiklerinde Yranlylar bilen gatnaşyklarý, urşlarý we deñizde olar bilen garpyşmalaryndan gürrüñ edýärdiler, men bolsam, bir çetde tesbimi saanankiş bolup, olaryñ sözlerini dykgat bilen diñleýärdim.

Dörän pursatdan peýdalanyp, dostum Gyzyl ahun bilen ozalý bilen Atabaýlaryñ soñra bolsa Gökleñleriñ arasynda aýlandym. Ýeri gelende aýtsak Vamberiniñ K.depä baran wagtý bu ýerde Gökleñler-de ýaşaýanmyş, soñra ýomutlaryñ gysyşý netijesinde olar, Güllidag tarapa göçüp gidýärler. Häzir Gökleñi familýasy bilen birnäçe hojalyk K.depede ýaşaýar.- Gyzyl ahun bilen syýahatymda başda Gyzyl alañ dyýwaryny gördüm. Oña «Yskenderiñ» bendi-de diýýärler. K.depeden çykan ýeriñden batgalý suwlar, batlak, içinde myrgyzlyp, gargý-gamyşlyga duwş geldim, olaryñ arasynda doññuzlar sürlenşip gezip ýörler. Türkmenleriñ obalarý, Diýwaryñ geçýän ýerindäki belentliklerde gurlupdyr. Her ýerde kiçiräjik depeler göze iýlýärdi, Türkmeler oña «Ýesge» diýýärler. Bu dyýwar w ýesgeleri bir gün arkeoloklar barlasalar, uly medeniýetiñ bolandygyny subut edip bilerler.

K.depä öwrülip gelemde, ýoldaşlarym, giýjä galanymdan bi-ynjalyk bolup, ýolumý gözläp durupdyrlar. Ýoldaşym hajý karý Mesudyñ zatlaryny ogurlapdyrlar. K.depäniñ baş ruhanysy, eger-de ertesi ogurlanan mal getirip berilmese, ogryný gargajak diýende, ol haýal edmän mallarý yýzyna getirip, üstesine jerime hökmünde bir zat-da goşup Mesuda gowşurypdyr, wah şular ýalý gylyk, häsýet Günbtarda-da bolsa onda polisiýa güýçleriñ işi köp ýeñilleşerdi.

K.depeden Hywa gitmeli güne garaşýardyk. Ýoldaşlarym Hywadan Astrabada bir kerweniñ gelendigini habar berdiler. Hywa haný syrkawlan ekeni, oña bolsa gämişiñ süýdüni içmegini lukmanlar tabşyrypdyrlar. Bu haýwan bolsa Astrabatda bolaný üçin oný almaga gelipdirler.

K.depede üç hepde galdyk. Deñizden okuñ sesiniñ eşdilmeýän giýjesi ýok diýen ýaalydý. Hanjan 12 ýaşyndaký ogluný öýlendirdi. Men Türkmenler ýalý batyr ýigitleri görmändim, olaryñ at çapyşlarý, ok atyşlarý, telpekleriniñ aşagyndan döşlerine çenli uzanan saçlarý bilen diýseñ görkanadý. Hywa tarap gitmeli gün gelip ýetdi. Ýol beledimiz, Hywalý ýomutlardan Ylýas diýen ýigitdi. K.depe bilen Hywa arasý 20 gün ýol diýdiler. Etrege çenli “çal sakallý pir, sopý” lakamlý Gulhan bize ýol beletlik edip biljekdigini aýtdý. Ol bir mahal Aşyr adada Hydyrhan bilen işleşip, Bakua, Kavkaza çenli syýahat edipdir. Meni görer, görmez, şek edip, meniñ ýevropalydygymý añşarmaga syýnanşdý. Ýöne Hanjan oný ýersiz ýere şüphelenmekden çekinmäge çagyrdý.

Guşluk wagtý K.depeden Etrege tarap ýola düşdük. Hanjan we obanyñ beýleki han-begleri, bir menzile çenli bizi ugratmak üçin geldiler, olar Türkmeniñ gadymý däp-dessurlaryný ýerine ýetirip, myhmaný uzatýandyklaryný aýdylar. Men hoşlaşyk pursatynda Hanjandan aýrylşýandygyma gatý gyýnandym, oña dolý minnetdarlygymý aýdyp bilmändigimi, öz kimligimi ondan gizländigim üçin puşmandym. Bu adam diýseñ ýagşý ýürekli kişidi.

K.depeden demirgazyk-gündogara tarap ýola düşdük. Ýolumyzda iki saný depede bardý, birsine “Gara sopý” beylekisine “Altyn tokmak” diýdiler. Bir agaç ýol ýöränimizde myrgyzlyga geldik, batgalyk bilen gargý-gamyşlyk ýerdi, olardan oñat yýs kokaýardý, ýöne olaryñ arasynda ýabaný doññuz hem ýeke gapan ýalý haýwanlar bardý, olaryñ hereketinden atlar hem düýelerimiz ürükýärdi, bir gezek münüp barýan atymdan ýere palçyllap düşdüm. Sekiz sagat ýol ýöränimizden soñra, Gulhanyñ ýegeni Allanazaryñ obasyna baryp ýetdik, pahyr myhman gelenine begenip, derhal bir çebiş kesdi. Allanazar, bizi hormatlaýandygyndan begenip, agzyna bir lukma almaýardý, hatta öldürlen çebşiñ derisini hem şahyny-da bize berip: “ýolda gerek bolar, şahyndan düýe ýarasyna merhem üçin peýdalanarsyñyz” diýdi.

Ýene ýola düşdük, “Gara seññer” diýen ýere ýetişdik, bu ýerde ýerden çogup çykýan nebit batgalyklaryný gördüm. Etrekde “Goçak han” diýen bir baýyñ öýüne bardyk. Ol meniñ Rum ilindendigimi bilenden soñra: “siziñ orsýet bilen gatnaşygyñyzyñ nähilidigini bilýäris, ynha duşmanyñyzdan birsini görkezeýin” diýdi-de eli-aýagý zynjyrlanan bir rusý getirtdi. Türkmenler oný ýesir alanmyşlar, Goçak han, meniñ aýagyma ýykylmagymý isledi, ýöne men täze täret aldym, bedenimi, bedenime degesin diýp, onuñ gitmegini haýyş etdim. Goçak hanyñ doganý “Çerkez han” ruslaryñ eline düşüp, Sibrde sürgünlikde ölüpdir, şoña görä esir düşen bu iki rus gämiçiniñ ykbalý agyrlaşypdyr. Etrekde gawun-garpyz ekilen ýerleri gördüm. Ýomutlar bilen Tekeleriñ arasý onçaklý sazlaşyklý däl ekeni, ýöne Etrekde ýörkäm, Tekeler ýörite atlý çapar ýollap, Ýomutlar bilen, ortak duşmanlarý bolan Gyzylbaşlaryñ hüjümine garşý bilelikde goranamaga taýýardyklaryný mälim edipdirler. Muný eşidip, arkaýyn Hywa gidip biljegmizi aýtdylar. Etrek bilen Hywañ arasynda 3 ýol bar, kerwenyñ we ýolagçynyñ sanyna görä olardan birsini saýlaýarlar:

1.Hazar deñzi ýakasyndan ulý Balkana çenli iki gün ýol, 10 menzil ýol ýöräp, gündogara Hywa tarap gönükýär. Mundan kiçiräk kerwenler gatnaýar, sebäbi bu güzerde suw az, ýöne garakçylaryñ hücüminden aman geçse bolýar.

2.Bu güzerde demirgazyga tarap ugrugýar, kiçi we ulý Balkanyñ arasyndan geçip, Hywa tarap gidýär.

3. bu geçelge gyýsga hem göni, ilkinji geçelge 24, ikinji 20 gün bolsa bu ýerden Etrek bilen Hywañ arasyny 14 menzilde aşyp bolýar. Ol Gökleñleriñ hem Tekeleriñ arasyndan geçýär, her menzilde süýji suwa duwş gelse bolýar. Ýöne ýanam ýeri, taýpalaryñ arasyndaký dawa-jenjeller, kerwenlere howp abandyrýar. Kerwende 2-3 müñ adam bolmazdan bu ýoldan arkaýyn ötülmeýär.

Etrekden ýola düşdük, ozalý bilen 100 töweregi öýli “Kemleriñ” obasyndan geçdik. Soñra “Daşlý burun”,a baryp ýetdik. Bu ýerde düşledik, ertesi gün Etrekden aşjakdygymyzy aýtdylar. Depeleriñ üstünden umgyr çöle seretdim, diýseñ owadan perspektivalar adamý mesti-haýran edýärdi. Pursatdan peýdalanyp, iki saný hat ýazdym, birsini K.depedäki dostum Hanjana, beýlekisini bolsa Tahrandaký ilçi Haýdar Efendä. Soñra Tehrana öwrülip baramda ýazan hatymý gördüm. K.depeli batyr dostum Hanjan olarý Tahrana aşyrypdyr.

Etrek derýasyndan sag aman aşdyk, heniz düşläp, düşlemänkäk, Hywa gitjek kerwende gelip ýetdi, onuñ hatarynda Hywa haný üçin Astrabatdan getirilýän 3 saný gämişde bardý. Meşiklerimizi suwdan dolduryp, ýola düşdük. Biziñ kerwenimiz 40 adam bilen 80 düýeden ybaratdý, 16 saný ýaraglý ýomut ýigit bizi goraýardý. Şu ýerde Gulhan bilen hoşlaşdyk, hoşlaşyk wagtý birnäçe ok asmana atyldý. Şeýdip nirdesiñ Hywa diýp ýola düşdük.

Kerwenimiz Hywa tarap ýola düşdi, ýol boýy, düýe ýa-da beýleki haýwanyñ aýak yýzyndan dörändir diýen ýodajygym ýok diýen ýalydý. Ýol ugruný gündizlerine gün bilen giýjelerine bolsa Türkmenleriñ “demirgazyk” diýen ýyldyzy bilen belli edýärdik. Düýeleri bir-birine dañyp, kerwenbaşý bolsa olarý iýdýärdi.

Etregiñ gaýra tarapynda “Bugdaýly” diýen ýere baryp ýetdik, ýolumyza dowam etdirip agşam bolmazdan ozal, “Takyrlyk” diýen ýerde düşledik. Kerwen örän haýal hereket edýärdi, sebäbi Hywa hanyna alnyp barylýan gäwmiş diýseñ ýuwaş ýöreýärdi.

Ertir namazdan soñra çaý gaýnatmak üçin çöp-çalam ýygnaşdyryp, ertirlik edindik. Bir bada kerwenbaşý Amandurdý bilen ýol beledimiz Ylýasyñ öz-ara gürrüñ edip, mahal-mahal maña seredýändiklerine gözüm düşdi. Bir salymdan soñra olaryñ ýanyna bardym. Olar maña: “seni Hywa çenli alyp gidip biljek däl, seniñ daş keşbiñ şüpheli, biz hanyñ gazabyndan gorkýarys, mundan birnäçe ýyl ozal, Günbatarlý birsini Hywa alyp barandygyny, onuñ ýol boýy bu ýerleriñ kartasyny çyzandygyny, hatta guýlaryñ ýerlerini-de bellik edendigini soñra onuñ eden işiniñ üsti açylanda Hywa haný Günbatarla maglumat beren iki admyný ölüme höküm edendigini aýtdý. Ol sözüne dowam etdirip: “biz seni çöl beýebanda ýeke goýup gitmek islämizok, ýöne şüphämiz aýrylar ýaly, üst-başyñý barlajak, belki ýanyñda kagyz-galam bardyr” diýdiler. Men bu sözlere gazaplanyp, batlý ses bilen hacylaryñ başlygý Salyh-a ýüzlenip: “hajý sen meni Teranda gördüñ, meniñ kimdigimi bulara aýtsana, Hywa barsam bolýar, musulmana töhmet atýanlary hana şykaýat ederin” diýp haýbat atdym. Hajylar meniñ tarapymý tutdular. “Hudaý biler” diýşdiler. Soñra ýol boýy ýerleriñ atyný soramakdan çekinip, seresap hereket etmeli boldum. Eger bu ýerler barasynda erkin maglumat alyp başarsadym, olar gatý peýdalý boljagdý. Çäresiz donumyñ ýeñlerinde gizlän kagyz-galamdan peýdalanyp, bellik edýärdim, ýa-da aýak ýoluna giden mahallarym olarý göçürýärdim.

Kerwenimiz sekiz sagatdan soñra ýola düşdi. Bir bada kerwen baadyný köşetdi, näme diýp soranymyzda, ýolgaçylardan Aýtmät, geçen ýyl bir atyşykda ölen doganynyñ mazaryny tapmakçydygyný aýtdylar. Ol doganynyñ jesedini Hywa alyp gitmek üçin özi bilen tabyt-da alyp gelipdi. Mazar tapyldý, jynaza namazý okalandan soñ, oný tabyda ýerleşdirdiler. Atyşygyñ sebäbini soranlarynda, Molla Käzim diýen Astrabatlý bir parsyñ Hywa-Gürgen arasynda söwda edip, ýylda öz ýurduna dolanyp gitýärdi, birnäçe Türkmen şol sandan Aýmädiñ doganý onuñ jan penasý bolup hyzmat edendigini aýtdylar. Bir gezek Etregiñ galtamanlarý Käzimiñ barlygyndan habarlý bolup, bularyñ üstüne çözandygyny onuñ ýanyndaký pullarý alyp, özüni-de ýesir aljak bolanlarynda, bular bermejek bolupdyrlar, netjide atyşyk bolupdyr we Aýmädiñ doganý şol atyşykda ölüpdir diýp gürrüñ berdiler.

Hywa tarap ýolumyzý dowam etdirdik. Düýäniñ ýumşak ürküçleriniñ üstünde, sallançak ýalý çaýkanyp barşyma irkilipdirin, birden goh-galmagala oýandym, “Reşid hajý derrew kyblaný görkezýän daşyñý alda, kybalaný görkez” diýdiler. Çakmak daş bilen ýörite abzalý ýakyp kyblanyñ nirdedigini belli edip berdim, görsek, demirgazygyñ ýerine gündogara tarap barýan ekenimiz. Hernä ýarym sagat mezenne ýoldan azaşypdyrys, ugrumyzý düzedip, ýarym sagtdan soñra ýetmeli guýuñ başyna ýetdik, düýelerimiz gatý ýadaw bolaný üçin ol ýerde ýüklerimizi agdardyk. Daş-töwerege seredip ýörşime ösüp oturan ýabaný käşir bilen soganlaryñ üstünden bardym. Dyýz boýy käşirleri ýygnap, çorba bişirdim.

Maý aýynyñ 15-ine oýmak-oýmak çukurlyk ýerlere baryp ýetdik. Ýolda başymyza kerwenbaşyñ ýegeni Hal molla, garşa ýanyma gelip, täze alan gelni üçin kurhandan faal agtarmagymý isläp, söýgülsini ýatlaýardý.

Hywa barýan üç ýoldan haýsysý barýanymyzý kerwenbaşý hemmämizden gizleýärdi. Bu umgyr sährada ýoluñ gizli galmagý, garakçylaryñ hüjüminden amanda galmak üçin örän ähmiýetilidi. Giýje ýol ýöräp, Ataboz ýomutlaryñ oturan guýsynyñ üstünden bardyk. 16-njý maýda Küren dagý diýen baryp ýetdik. Äpet belentlikleriñ golaýynda Maşat müsriýan şäheriniñ harabalaryný gördüm. Bir giýje ol ýerde galmalý bolduk. 17-nji maýda Ylýas bilen köne şäheriñ harbalaryna aýlandym. Yki saný ulý sütün uzakdan görünýärdi. Men bu ýeriñ bir mahala ulý gala bolandygyna göz ýetirdim. Şäher edil K.depe we Gyzyl alañda gören bişen ulý kerpiçlerden bina edilipdir. Bir galalar barasynda Türkmenleriñ arasynda şeýle rowaýat saklanyp gelipdir, batyr Türküstanlylara nazarý syñen Hudaý Mekgäni ilki bilen şu ýerde bina edipdir, ýöne gök eşikli, leñ ýagný agsak bir şeýtan oný weýran edipdir, soñra Alla Mekgäni Arabystana alyp gidipdir. Häzirki Gökleñler şol şeýtanyñ agtyklarý, şondan bäri biziñ ata-babalarymyz gökleñler bilen söweşip gelýärler.” Diýp bir sähraýy Türkmen gürrüñ berdi.

Kerweniñ ýanyna dolanyp geldik. Görsek, ýomutlardan düýe almakçý bolan kerwen başymyzyñ söwdasý oñupdyr. Ýöne meni gatý geñ galdyran zat söwda nesýe-de bolsa, algyný görkezýän kagyzý algylyñ däl-de bergiliñ alyp galmagý boldý, biziñ ýurtlarymyzda bolsa beýle kagyzý algylý saklaýar. Men näme beýle bolýar diýp soramda, kagyzý algylý nätsin, bergisini haçan tölemek üçin kagyz bergiliñ ýanynda durmalý diýdiler. Men bu halkyñ beýle birek-birege ynanýandyklaryna gatý geñ galdym.

Ýene iki gün ýol ýöredik. Bu gün 18-nji Maý, Ulý Balkana çenli iki menzil, Hywa barýança bolsa ýene 14 menziliñ galdyygný bildim. Ýolda bolsa şor suwlý diñe 4 saný guýñ bardygyný aýtdylar. Maý aýy bolansoñ ýagşyñ ýagmagynyñ ähtimalý azdý, Türkmenleriñ aýdyşlarý ýalý, ýagyşyñ suwundan emele gelen oýlukdaký “kak” diýen suwlaran meşiklerimizi dolduryp ýola düşdik.

Dura-bara ýoluñ kyýnçylyklarý bilen barha tanyşýardym hem oný bar tenim bilen duýýardym. Kerwen örän seresaplý hereket edýärdi. Günde üç gezek düşleýärdik, her gezegine 1-2 sagat demimizi dürseýärdik. Yýr bilen düşläp, çörek bişirýärdik, günortan bolsa nahar bişirip, özümiz hem mallar iýmitlenýärdik, hem-de günortanyñ jokrama yssysynda ýol ýöremek diýseñ azap berijidi. Agşam-ara ýene düşläp, bir zatlarý çäm-çüm edip, ýene ýola düşerdik. Bu ymgyr çölde giýje ýöl aşmasañ, güýdiziñ yssysynda boljak däl. Göz ýetýänçä çöllükdi, durmuşdan nyşan ýogdý.

19-nji maýda gaýra ýanda kiçi Balkanyñ etegine ýetdik. Onuñ eteginde batlaklaryñ bardygyny we bir düýýäni ýere ýuwdup bilýändigini aýtdylar. Bir bada düýeler hereketden galdylar, hernätsek-de ýerlerinden gozganman durdular. Düýeden ýere düşemde edil deñziñ üstündäki gäminiñ içinde ýalý eýläk-beýläk çaýkanyp durdum. Kerwenbaşý batlý ses bilen duran ýerimizde gymyldamný durup, gündogara çenli garaşmalydygymyzy aýtdý. Hudaý gorapdyr, eger-de biraz öñe giden bolsak, ýer bizi hopup aljak ekeni.

20-nji Maýda kiçi Balkan daglaryna baryp ýetdik. Ol ilerden-gaýralygyna uzanan dagdý. Dagyñ eteginde düşledik. Bu Yrandký daglar ýalý gurak bolan, onda bitgileri görse bolýar. Tutuş 20-nji we 21-nji maý günleri dagyñ etegi bilen ýol sökdük. Ulý Balkana baryp ýetdik, onuñ Hazar deñzine çenli uzanýan dagdygyný aýtdylar. Günüñ nurý daglara degende diýseñ ajaýyp gözellik gözleriñi gaamyşdyrýardý. Kerwenbaşý garakçylaryñ hüjüminden howatyr bolmagymyzý, ot ýakmazlygý tabşyryp, herimize gylyçdyr gama berip, özümizi goramagymyzy aýtdy, maña bolsa bir sapança berdi, ýöne bular bizi batyrlandyryp bilmedi.

Ýolumuzý dowam etdirdik, “Gyran dagý” diýen ýerden aşyp, Türkmenleriñ Amý derýanyñ gadymý akymynda “Dodon” adyný beren ýerine baryp ýetdik. Mundan beýläk, Balkanlardan aşanymyzdan soñ, göz ýetýänçä, añyrsý-bärisi görünmeýän çöllüge ýetdik.

22-nji maýda “Ýedi ser” diýen ýere bardyk. Bu ýerde ýedi saný guýuñ tapylandygy üçin oña bu adý beripdirler. Kerwenbaşý bilen suw tapmak üçin töwerege aýlandyk. Bir bada adam aýgynyñ yýzyny görüp, maña gaýra çekil diýdi. Dagyñ gowagynyñ içinden “Aman heý” diýen ses geldi. Ýakynlaşyp görsek, üst başyny tüý basan ýaabaný bir adamý gördük. Kerwenbaşaý oný görüp, yýzyna dolanyp, “Ganlýdyr” diýdi. Ol näme bolýar diýp soramda: “birsini öldürip, öç alymagyndan gorkup, daglara-daşlara sygnan” adam, ol diýdi. Beýle däbi Etrekde ýören wagtymda gördüm. Atasyný öldürüp, ejesi bilen öýlenenden, bir oglan sekiz ýyldan soñra atasynyñ ganyný aldý.

23-nji maý güni “Guýmat ata” diýen baryp ýetdik.