Akmyrat
Gürgenli
Türkmen şäheri Gürgeniñ
taryhy barada kelam agyz söz
(Türkmen students internet sityndaky islegine
cogap)
Baryp biziñ eýýamymyzdan 3000-4000 ýyl öñ, ilkinji taryhy çeşmerlerde şol sandan grekleriñ/ýunanlılaryñ belli taryhçysy Heredotyñ eserinde «Hirkany», «Girkany» ady bilen tanalyp gelýän Gürgen şäherimiziñ ady Yrza şa Pähleviniñ döwründe ogurlandy we ol Ästrabada berildi, şeýdibem gidip ýatan taryh galplaşdyryldy.
Türkmensährany baslyp alnandan bir
ýyl soñra 1926/1305–nji ýylda Yrza şa bu
ýerlere gezelenje gelýär. Türkmensährany aýlanyp
çykandan soñra ol Ästrabada barýar. Okap, ýazyp
bilmeýän, sowatsyz patyşa bu şäheriniñ adynyñ
manysy soraýar, ondan beter sowatsyz geñeşçileri: «gatyr
abat» diýýärler. [äster-gatyr] Emma onuñ hakyky
manysy «Ýyldyz abat» bolmaly [äster- latinçada- star-
ýyldyz] Şäheriñ
belentlikde ýerleşenidigini nazara tutsañ onuñ
beýle bolmagy ahmal.
Gatyryñ adyny eşiden sowatsyz
Yrza şa: «Ýok, bu aty halamadym, şähere başga at
tapıp dakıñ» diýär. Onda
töweregindäkiler: «Türkmenleriñ Gürgen
diýen şäheri bar, ol ady alaýlıñ»
diýp maslahat berende, şah: «haladym, ol ady olardan
alyñ-da bu şähere dakyñ, Türkmenleriñ Gürgen
şäherine bolsa Gonbed-e Gabus dakyñ» diýär.
Şeýdip bu sebtiñ taryhynda uly ýalñyşlyk,
bulaşyklyk döredilär. Şondan soñ Gürgeniñ
gadymy taryhyna degişli ähli waklar Ästrabadyñ taryhyna berilýär.
Ästrabadyñ öz taryhynda bolup geçen wakalar-da ýene bu
şähere(Ästrabada) degişli edilýär,
şeýdip, Türkmenlere degişli wakalara olaryñ taryhyndan
alnyp başgalara berilýär.
Gürgen, Türkmen medeniýetiniñ sallançagydyr
Gürgen adınıñ
gelip-çykyşy: Ähli Türki halklaryñ şol sandan Türkmenleriñ
mifologiýasynda (hemasy dastanlarynda) Gurduñ uly rolunyñ
bardygy hemmelere mälim bolsa gerek. Rowaýatlara görä,
Gurt, Türkleriñ nesilbaşy bolan çagany öz penasynda saklap,
soñra olaryñ «Ergen kon»dan ata ýurtlaryna
aşmagyna ýardam edip, ýol beledi boýlar. Şondan
soñra Türkler baýdaklaryna gurduñ kellesini nagyş edýärler. Gurt mukaddes saýylýar, hatta henizem «gurt ýüzi mübärekdir»,
täze çaga doganda «gurt tutduñmy, gutly bolsun», «gurt geldi,
gut/mukaddes geldi» diýen nakyllar ýörgünli.
Ýañy ýakynlara çenli Türkmensährada gurduñ
dişinden hem tüýnden dagdan, doga-tumar edip çagalaryñ
boýnuna dakardylar… Gurt bilen baglanşykly aýdara zat
kän ýöne temamyz bu däl.
Pars taryhçylary bu ýeriñ adyny
Gurt sözünden terjime edip onuñ parsça görnüşini alyp
göterdiler. Olar öz sözlerine delil getirip, hamana Heredot,da ol
«Hirkan, Wereg» diýlip ýazylypdyr diýýärler,
rus taryhçylary-da parslar ýaly oña şeýle many
biçipdirler. Aslynda, bularyñ barysy toslanyp tapylan, şol
başda aýdyşymyz ýaly, Gürgen, biziñ
mifologiýamyzda güýçli rol oýnan Gurt adynyñ
terjime edilen görnüşidir.
Gürgen medeniýetiniñ çäkleri
Öz adyny bu jülgäni sudan gandyryp
gelýäñ akara/derýa beren[Gürgen derýasy] bu
ýaýlada ägirt ulı, şan-şöhratly
medeniýet döredi. Şadepede, Türeñdepede,
Kümüşdepede we Narlydagda/Halat nebide ýerleşen
şol medeniýetiñ bir bölegi bize mälim edildi,
heniz mälim bolman galan taraplary gaty köp. Şonda Gürgen
ýaýlasynda 6-7 müñ ýyllyk medeniýetiñ
bardygyna dünýä göz ýetirdi. Dünýä belli
arhioloklar Amerikanly Wulsen, Swedenli J.Arne we başgalar gazu
işlerinde muny subut etdiler.
Gürgen ýaýlasy bilen Dah,laryñ
(häzirki Daz,laryñ) ata-babalary ýaşan Dehistanyñ
aralygynda gadymy medeniýetiñ galyndylaryny Türkmenistanly
alymlar şol sandan prof. Ýegen Atagarryýev dagy
ýüze çykardylar. Araplarda «g» harpy bolmanson bu
şähere Gürgen diýmegiñ deregine «Jorjan»
diýýärler. Oarta asyrdaky çozuşlaryñ
ylaýta-da Mongollaryñ hüjüminde Gürgen medeniýeti şol
sandan häzirki Gürgen şäherimiz dargaýar. Soñra
tebigi betbagytçylyklar–ýer yranma şähir düýbünden
diýen ýaly ýok boldy. Şeýdibem biziñ
gadymy Gürgen şäherimiz diñe ýykylman galan Kowus
patyşanyñ ýädigärligi zererly öz ömrüni
dowam etdrip geldi. Men bu kiçijik makalada Gürgen şäherimiziñ
taryhy barada jikme-jik durasym gelenok-da onuñ adynyñ namartlyk
bilen alnyp, Ästerabada dakylşy hakda durmakçy.
Gürgen atynyñ deregine oña
Gonbed-e Gabus dakylmagy-da geñ zat. Eger şu pikirden ugur alsak
onda Tahrana-da «Gonbed-de Şehýad», Fransiýanyñ
paýtagty Parisa «Gonbed-e Eýfel» we ş.m dakylmaly-da.
Ýa-da birsiniñ kellesinde saç bolmasa, onuñ adyna derek
mysal üçin «Kel han» diýmelimi?!
Ýok! Gardaşlar biz bu babatda
giýñ kompanýa alyp baryp, Gürgene öz hakyky adynyñ
gaýtarylyp berilmegi ugrunda alada etmeli. Diñe
şeýdilen ýagdaýynda bu ülkäniñ hakyky
taryhyny öwrenip bileris hem ony ebedileşdirip bileris.
Ýöne häzir gyýnansagam obadyr şäher
atlarymyzyñ barha parslaşdyrylmagyna gerekli
protesti/nägileligi görkezip bilmän gelýäris. Bu
babatda il arasynda sözleri geçýän Türkmen
ahun-mollalarynyñ paýyna köp zat
düşýär.
Sözümi
jemläp aýtsam,
Gonbed-e Gabusuñ hakyky aty GÜRGENDYR
27.11.2005