Akmyrat Gürgenli
Gürgen
radio stansiýasynyñ düýni we bu güni
Türkmenleriñ ýaşaýan döwletlerinde
boluşy ýaly Eýrandaky Türkmenleriñ-de ene dillerinde
gepleşik berýän Gürgen şährinde bir radio
stansiýa bar. Şular ýaly radio gepleşikler Irakda,
Owganystanda-da bar. Türkmensähraly Türkmenleriñ Gürgen radio
stansiýasynyñ ýola goýulmagynyñ sebäbi
we onuñ maksatlary barasynda diñleýjilerimize maglumat
bermegi makul gördük.
1956-njy
ýylda häzirki Gürgen şäherinde 10kw güýjli radio
stansiýa ýola goýuldy. Radionyñ
ýerleşen jaýy, şäheriñ şol wagtky
post/poçta we medeniýet öýi
«Talar-e ferheng we huner» bolup, oña ”Edare-ýe ettelat we
radio” dilerdi. iki ýyl soñra 1958-nji ýylyñ august
aýynda ilkinji gezek Türkmen dilinde gepleşikler berilip
başlandy. Bu işden maksat, pars dilini bilmeýän
Türkmenleriñ arasynda patyşany mahabatlandyrmakdan we
Türkmenleriñ Aşgabat radiosynyñ gepleşikleriniñ
diñlemegine böwet döretmekden ybaratdy. Ikinji tarapdan-da
halkara sahnasynda Eýranda ýaşaýan milli
azçylyklaryñ milli we medeni hak-hukuklaryny hormatlaýanlygyny
täsirini döretmäge niýetlenipdi. Şu jehetden bu
syýasast edil soviet saýuzy döwründe kommunistleriñ
ýöreden daşky görnüşi milli, içki mazmuny
boýunça soviet diýen syýasata çalym edýär. Bu
barada Aşgabadyñ mañlaýynda ýerleşen
Bujnurt şäheriniñ häkimi Sedekýany, 1953-nji
ýylyñ 2-nji iýun aýynda 2/137 nomerli Hurasan
welaýatynyñ häkimine ýazan hatyna şeýle
dilipdir:
Gizlin hem göni
9-njy welaýatyñ häkimine
Hormat bilen 64 nomerli iberlen hatymyñ dowamynda
bu edera öz garaýşyny bu ýerde
ýaşaýan iýlat barasynda ýene şeýle
bildirýär:
Araçägiñ ýakasynda
ýaşaýan Türkmenleriñ köpüsinde radio bar. Olar
pars dilini düşünmeýän-dikleri üçin, daşary
ýurtdan berilýän we olara zyýanly propaganda edýän
radio gepleşikleini diñleýäerler. Meniñ pikrime
görä türkmenler-de Yrany söýmek duýgusyny
oýarmak üçin Maşat ýa-da Tehran radio
stansiýalaryndan olaryñ öz dillerinde gepleşikler
berilse örän ýerlikli bolar. Bu barada barlag
işleriñ alnyp barylmagy ugrundaky çäreleriñ amala
aşyrylmagyny haýyş edýärin.
Hormat bilen: Bujnurt şäheriniñ
häkimi
Sedekýany
Hatyñ bir nusgasy içeri işler
ministerligine-de iýberildi.
Gürgen
radiosynyñ ýola goýulmagynda diñe içki meseleler
täsirli bolman, eýsem sowuk urşy ýyllarynda
Amerikanlaryñ Eýranyñ demirgazygynda şol sanda
Türkmen topragyndan peýdalanyp, bäsdeşi bolan SSSR-e
garşy hereketleri-de sebäp bolupdyr. Şol merkezleriñ
birisi Marawadepäniñ garşysyndaky Ýekeçynaryñ
golaýynda döredilen radar sistemasyny agzamak bolar. Bu barada
Eýranyñ şol wagtky razvedka gullugy SAVAK-iñ
ýolbaşçysy Huseýin Ferdust «Ýatlamalar» kitabynda”
şeýle maglumat berýär:
”Amerikanlylaryñ bu radar sistemasyny haçan
döredendikleri barasynda biziñ gizlin gullugymyz SAVAK-da maglumat
ýok, ýöne 1960-njy ýyllarda men bu edarada işe
başlamda eýýäm Amerikanlylaryñ Türkmensährada iş alyp
barandyklaryny anyp galdym. SAVAK edarasynyñ 4-nji bölüminiñ
başlygy jenap Kengerlu-nyñ beren maglumatlaryna görä bu
radar 5000 km-likden sesleri eşidip bilýän güýje
eýe bolup, bütin Türkmenistany öz içine alyp bilipdir.
Gürgen
radiosynyñ ýola goýulşy we onuñ maksatlary
barasynda Türkmenistanñ ylymlar akedemiýasynyñ Şaja
Batyrov adyndaky taryh inistitutynyñ Gündogary öwreniş
bölüminiñ alymy Serdar Ataýev 1990-njy ýylda çap
etdiren ”Gürgen radio stansiýasy we onuñ ideologiýasy”
atly kitapçasynda şeýle diýýär:
”2-nji jahan urşundan soñky
ýyllarda Amerikanlylaryñ Eýrana edýän
täsiri ýene-de güýçlenýärdi. 1950-nji
ýyllaryñ ahyrlarynda Eýranyñ Şasy Mämedreza
şah, sosýalyzm ideýasynyñ Eýrana
aralaşmagynda heder edip, Türkmenleriñ ýaşaýan
topraklarynda olaryñ dilinde Radio gepleşiklerini ýola
goýmak hakynda karar çykarýar. Munuñ gurulşyna
1956-njy ýyllarynda başlanýar we oña Amerikan
injinýerleri kömek berýär.”
1965-nji
ýyldan başlap M.R.Şa we onuñ Ak ynkylabynyñ has
mahabat-landyrylýan ýyllarynda Gürgen radiosynyñ täze
binasy Gürgen şäheriniñ şol wagtky «Şalykuby» köçesinde iki gat
jaýa göçrüldi.
Pählevi rejiminiñ ähli propaganda hereketlerine
garamazdan, Gürgen radiosynyñ Türkmen bölüminiñ
işgärleri Latyp Güli, hanym Huma Lor, Annagurban Gylyçtagany,
Çarşemguly Meherju, Hajymuhammet Gylyçy, Huşeng
Gülmähemmedi, Ännebibi Güli, Musa Jürjany we Hydyry dagy
Türkmenleriñ medeni añ-düşünjelerini ösdürmekde
gaýrat edýärdiler.
Gürgen
radiosy her gün Eýranyñ milli gimni, (srudy) bilen
başlaýardy, onda patyşa mahabatlandyrylýardy.
Gürgen radiosynda hökümetiñ
syýasatyny propaganda etmegiñ ýany bilen
Türkmensähranyñ habarlary, daýhanlar we maldarlar, Nazdurdy
Nuşyn we Nurberdi Jürjäniñ tagallalary bilen anna günleri Maşatguly
Gyzyl, Muhammet Berazende Gojuk we Settar Sowgy ýaly
şahyrlaryñ gatnaşmagynda ”Goşgular” gepleşigi,
çagalar hakynda ýörite gepleşikler berilýärdi.
Radionyñ Gürgen şäherinden Türkmenleriñ
köplük bolup oturýan Kümmetgowuz şäherine geçirilmegi ugrunda
köp alada edilse-de ol häzir bu güne çenli amala aşman
gelýär.
Patyşa rejimi agdarylndan soñra Gürgen radiosynyñ
müdüri edilip, Hasan Beýkini bellendi. Şol döwürde
Türkmensährada avtonomiýa gazanmak ugrundaky göreşler gün
saýyñ möwç alýardy. Hökümet bilen
Türkmenleriñ syýasy ýolbaşçylarynyñ arasy
açylyp ugrady. Türkmenler Gürgen radiosyna onçakly kontrol edip bilmeýärdi.
Şol sebäpden olaryñ hereketleriniñ radiodan berilmegi,
dura-barada kesilip başlandy. 1980-nji ýylyñ ahyrlarynda
bolsa Türkmensähraly syýasy liderleriñ atylyp
öldürilmegi we Sährada höküm süren terror atmosfera zerarly
Gürgen radiosynda hatta Türkmenleriñ hereketlerini ýazgaryan
gepleşikler berildi
1983-nji
ýyllarynda Gürgen radiosynyñ başlygyna Yslamy hökümete
wepadarlygyny doly subut eden Halymberdi Adel diýen Türkmen getirildi,
ol şol bir wagtyñ özünde baş weziriñ sünni
musulmalar boýunça geñeşçisidi. Onuñ döwründe
orta okuwuny tamamlan birnäçe Türkmen ýigidi işe alyndy,
olardan köpüsi soñra işden kowulan ýa-da özleri
giden hem bolsa, işläp ýörenleri-de bar.
Yslamy
hökümet şol ýyllardan başlap, anna günlerinde
ýarym sagatlap Türkmen dilinde televizýon gepleşiklerini-de
ýola goýdy. Eýran radio we Televizýon merkezinde,
Yslamy ynkylaby goñşy döwletlere ýaýmak maksady
bilen ”Serhetden daşary” bölümi açyldy. Onda araçäkde
ýaşaýan ozalky Soviet jemhuriýetleriñ
halkalrynyñ dillerinde Radiodan gepleşikler berilip başlandy,
şol esasda Ermeni, Azeri dillerinde gepleşikler efire berilse,
Türkmenlere gezek gelende, Rus dilinde gepleşikler
taýýarlanyp, Gürgen we Maşat şäherleriniñ
radio merkezlerinden Türkmenistana niýetlenen gepleşikler
goýberilýärdi. Onuñ näme üçin Türkmençe
bermeýändigi, kader ýetmezçiliginden däldi, Gürgen
radiosynda işleýän Türkmen işgärleriñ
eneçemesini Tehrana alyp gidipdiler.
Häzir
Eýran radiosynyñ dürli dillerde beýän
gepleşiklerini internet arkaly diñläp bolýar. Onda
Bluç, Kürt ýaly dillerdäki gepleşikleri diñläp
bolsa-da, Türkmen dilindäki gepleşikler internetiñ sahypasynda
ýerleşdirilmändir. Gürgen radiosynyñ
Türkmensähradan berýän habarlary Türkmençe däl-de, pars
dilinde. Bu bolsa okap-ýazýanlary az bolan ýaşuly we
ýaş enelerimizdir, käbir orta gatlakalryñ, öz
daş-töwereginde bolýan zatlardan habarsyz galmagyna alyp
gelýär.
Gyýsgaça edip aýtsak, ideologik
propagandalara daýanyp iş alyp barýan radio
stansiýalarynyñ işini, obýektiv hem
tarapgöýsüzlik habardyr maglumat berýän radio
stansiýalar bilen deñeşdirilende, olar ýaly
radiolarda berilýän gepleşikler adamlaryñ pikirlerini
belli bir tarapa çekip, öz syýasy bähbitlerine gulluk
edilmegini maksat edinýär, bu bolsa Jeneva
konvensiýasynyñ adamlaryñ erkin informatsiýa
alyş-çalyş hakyna degişli maddasyna düýbünden gabat
gelýär.